Elektrik Energiýasy2

02.08.2016

Adam durmuşynda iň esasy zatlardan biri elektrik energiýasydyr ýagny halk dilinde tok. Adam durmulynda iň esasy zat diýilse hem ýeridir. Meselem şeýle pikir edip görün, telefonuňyzdaky zarýat gutarsa derrew baryp toga dakýarys. Bolmasa dünýäden gopan ýaly duýýarys özümizi. Ýa-da agşam garaňkyda öýde otyran wagtymyz birden tok gitse garaňkylyk we gum-guklyk bolýar. Başga-da köp mysal getirilse bolar.

Şuwagt köp ýurtlar öz öndürýän elektrik energiýasy ýetmänligi üçin daşary ýurtdan elektrik satyn alýar. Bu bolsa ýurduň ekonomikasyna uly täsir edýär. Elektrik energiýasyny ulanmak gowy ýöne iň esasy mesele ony öndürmek. Biziň ýurdumyzda iň köp gazdan we suwa guruluna Gidroelektrik stansiýalaryndan öndürilýär. Biziň ýurdumyz dünýäde nebit we gaza iň baý yurtlardan biri. Emma şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň köp bölegine gün ýagtylygy düşýär we şolbir wagtyň özünde köp bölegimiz çöl bolanlygy sebäpli şemally howalar köp bolýar.

Biz bu gün ýagtylygyny we şemaly elektrik energiyasy üçin hem ulanyp bilersmi?

Beýleki yurtlara göz aýlanymyzda iň köp gün yşygyny we şemaldan elektrik öndürýän ýurtlaryň arasynda Germaniýa, Angliýa,Awstraliýa, Çehiýa, Fransiýa,Hytaý, ABŞ, İspaniýa, Ýaponiýa we İtaliýadyr. Başgada ýurtlar bar emma bu sanap geçen ýurtlarym elektrik energiýasynyň 50-90 göterimi arasyny tebigy ýollardan öndürýär. Şol bir wagtyň özünde bu görnüşde energiýany öndürilse tebigatymyz, daş-töweregimizi arassa bolar. Sebäbi gaz turbinalarynda gazyň ýakylmagy bilen elektrik energiýasy öndürilýär. Bu ýakylan gazyň netijesinde näçe sistema arassalasada, az hem bolsa zäherli gaz howamyza ýaýraýar.

Gün şöhlesini ulanylyp öndürilen energiýa ýollarda çyralarda, jaýlarda, sagatlarda we ş.m. ulanmak mümkin. Esasan hususy ýaşaýyş jaýlarynda ulanylmagy has amatly we peýdalydyr. Sebäbi jaýlarda gurnalan gün panellerinin netijesinde öndürilen elektrik energiyasyny ulanyp hem suwumyzy gyzdyrmak mümkin we şol bir wagtyň özünde sowadyjy, çyra, telewizor ýaly tok bilen işleýän enjamlarymyz üçin hem ulanmak mümkindir. Bu gün panellerinin gurnalmasy hem onca kyn däl.

Başda hem belläp geçişim ýaly bizin yurdumyza gün şöhlesi köp mukdarda we dik düşýär. Jaýymyzyň üstine bu panellerden gurnasak hem elektrik energiýasyny tygşytly ulanars. Köp ýerde ulanylýan sistemalardan biri hem, eger howlumyz bolsa gün şöhlesi bilen gyzýan gazanlary gurnap onda nahar hem bişirmek mümkin. Bu panellerin bir başga gowy tarapy bolsa tebigata zyýany ýokdyr we köp ýyllap ulanmak mümkin. Bu aýdanlarym bir hojalyk üçin. Birem şeýle sistema gurnalsa, çöllerde bu panellerden has ulylary gurnalsa we elektrik energiýasy öndürilse nähili bolar? Beýle uly sistemany gurnamak elbetde arzan däl emma bir gurnalanyndan soň peýdasy hem uly bolar.

Togy öndürmäniň bir başga ýoly bolsa şemal turbinalarydyr. Şemal turbinalaryndan elektrik energiýany öndürmek üçin gerekli zat güýçli şemaldyr. Köp ýurtlar bu sistemany deňizlerde we okeýanlarda gurnaýarlar. Sebäbi denizde we okeýanda şemal has güýçli bolýar ýa-da suwyň içinde hem gurnaýarlar. Sebäbi suwdaky tolkunlaryň netijesinde şemal turbinalary herekete geçýär we içindäki sistema netijesinde mehaniki energiýa elektrik energiýasyna öwrülýär. Biziň ýurdumyzyň hem köp bölegi şemally bolanlygy sebäpli bu sistemany gurmak uly peýdaly bolar. Şemal turbinalary hem dünýäde iň köp ulanylýan sistemalardan biridir. Biziň ýurdumyzyň tebigy ýagdaýy hem gün panellerine hem-de şemal turbinalary üçin gaty oňaýlydyr.

Her birimiz elektrigi ulanan wagtymyz tygşytly ulanjak bolmaly. Sebäbi köp daşary ýurtlarda ulanylan toga pul tölenýär. Adamlar hem şoňa görä tygşytly ulanýarlar. Bizde öňler mugtdy we adamlar kän tygşytly ulananokdylar. Giýje-gündiz bütin otaglaryndaky çyralar açyk durardy. İndi her hojalyga ‘’şýotçik’’ dakylyp başlanypdyr. Bu gaty gowy. Indi belkem adamlar togy tygşytly ulanyp başlarlar. Tygşytly ulanmak möhüm ýöne iň esasy zat bolsa elektrik energiýasyny öndürmek üçin köp çykdajylar edilýär we şol bir wagtyň özünde hiç wagt ýatdan çykarmalyň iň howply işlerden biri hem elektrik stansiýalarydyr. Köp adam bu işlerde işlände wepat bolýar ýa-da maýyp galýar. Muny hiç wagt ýatdan çykarmalyň we şoňa görä ulanjak bolalyň.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

  1. Ораз

    02.12.2016

    Şemally elektrik energiyasyny gurnasa bolar yone bizin rayonda yagny Marda Guyz,Gysh ayy şemaly gorse bolyar a tak demirgazykda Daloguzda hem Balkanyn deniz yakalarynda gurnalsa peydasy degermika diyyan.Çoldedem gun panellaryny gurnalsa elektrik yetmezciligi hic bolmazdy Yurdymyzda

    Jogap ber
  2. Nygman

    03.02.2016

    Gün panelleriniñ bahasy näçekä?

    Jogap ber

Jogap ýaz