Eýran Yslam Respublikasy 800000000000 kubmetr gaz tapdy0

07.08.2010

Eýranyň nebit ministri Massud Mirkazemi haýran galdyryjy arza bilen çykyş etdi. Ýurtda iki sany gaz ýataklary açylyp, olaryň umumy gory 800 milliard kubmetr gaz.

Ýataklaryň biri bolan Foruz, Kiş adasynyň ýanyndaky pars aýlagynyň ýanynda ýerleşýär. Şol ýatagyň gündelik alnyp biljek gazyň möçberi 70 mln kubmetr. Ikinji ýatak Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşip, onuň gündelik alnyp biljek gazyň moçberi 4 mln kubmetr.

Eýran,  subut edilen goryň möçberi boýunça Orsýetden soň 2 ýerde durýar. Geçen ýylyň başynda Eýranyň gory 29,6 trln kubmetr gazdan ybaratdy.

Jogap ýaz