«Merkezi Garagum – Ýylanly» täze gaz geçirijisi Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrar0

04.18.2010

«Itera» halkara kompaniýalar toparynyň düzümine girýän Russiýanyň «MRK-Inżiniring» kompaniýasynyň hünärmenleri «Merkezi Garagum -Ýylanly gaz gysyjy stansiýa» gaz geçirijisiniň ulgamlaýyn böleginiň gurluşygyny tamamladylar.

Bu gaz ulgamy türkmen sährasynyň merkezinde ýerleşen ýataklardan alynýan gazy Türkmenistan – Ýewropa magistral gaz geçirijisine ugratmagy üpjün ýetmäge niýetlenendir. Bu ugur türkmen gazynyň eksportunyň irki we ilkinji marşrutlarynyň biridir.

Täze infrastrukturalaýyn gaz magistraly Merkezi Garagumdaky Zäkli – Derweze ýataklar toparyndan alynýan gazy bökdençsiz ugratmagy üpjün eder. Onuň döwrebaplaşdyrmak işlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmenleri alyp barýarlar. Biri-birinden we hereket edýän magistral turbageçirijiler ulgamyndan uzakda ýerleşýän bu ýataklary işläp taýýarlamak düşewüntsiz hasaplanýardy. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda biziň ýurdumyzda önümçilige ornaşdyrylýan häzirkizaman netijeli tehnologiýalar, Merkezi Garagumdaky gaz ýataklarynyň taýýarlanylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy olaryň düşewüntliligini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu ýerden her ýylda üç milliard kub metre çenli gaz almak göz öňünde tutulýar.

Ýangyç-energetika toplumy «Itera» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu kompaniýa indi 16 ýyldan gowrak wagt bäri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryndaky birnäçe bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylyň sentýabrynda «Itera» kompaniýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentligi bilen Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 21-nji blogunyň önümini paýlaşmak babatdaky şertnama gol çekdi. Şu ýylyň dowamynda bu ýerde şertnamalaýyn çäkdäki ýerlerde nebitiň we gazyň gorlaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen gözleg işleri ýaýbaňlandyryldy. Häzirki döwürde kompaniýa ekologiýa monitoringini geçirýär. Bu işler tamamlanandan soň taslama resminamalaryny işläp taýýarlamaga girişiler. Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, taslamany durmuşa geçirmekde ABŞ-niň 5 milliard dollaryna golaý maýa goýmak meýilleşdirilýär.

Ýazan: Batyr BATYROW

Çeşme: www.turkmenistan.gov.tm


Jogap ýaz