Baş sahypa INŽENERENERGETIKA Microsoft-yň batareýasynda plýuslar we minuslar ýok

Microsoft-yň batareýasynda plýuslar we minuslar ýok

ýazan Batyr

Microsoft şereketiniň wekilleri gyzykly tehnologiýany – InstaLoad döredendikleri hakynda mälim etdiler. Bu täzelik batareýalaryň polýarlygy ýaly düşünjäni ýatdan çykarma rugsat berýär. Ýönekeý ulanyjylar indi batareýany enjamyň içine nädip dogry goýmalydygy hakynda oýlanmak gerek däl. Buwagt Microsoft bu tehnologiýany kommersiýalaşdyrmagyň üstünde işleýär.

InstaLoad tehnologiýasyny ulanmakda Duracell, AE Light we beýleki iýmitlendiriji çeşmeleri öndürijiler gyzyklandylar. Bu tehnologiýany ulanmak üçin öndürijiler tölemeli bolarlar, emma munuň bahasy örän pes, şonuň üçin InstaLoad tehnologiýasynyň ýaýramagyna päsgelçilik bolmaz. Mundan başga, ýönekeý ulanyjylar bateraýanyň ýerleşen ýerine ýörite konnektor oturtmaly bolarlar.

Microsoftdakylaryň aýtmagyna görä, InstaLoad tehnologiýasy AA, AAA, С, D we CR123görnüşli batareýalar bilen işleýär.

Ýazan: Batyr BATYROW

Gyzykly makalalar

Teswir ýaz

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.