Pýe­zo­ef­fekt şe­ma­ly elekt­ri­ge öwür­ýär0

06.18.2010

Hä­zir­ki wagt­da şe­ma­lyň ener­gi­ýa­sy­ny elekt­ri­ge öwür­mek üçin ýö­ri­te tur­bi­na­lar ula­nyl­ýar. Ýö­ne bu usu­lyň oňaý­syz ta­rap­la­ry hem bar. Tur­bi­na­la­ryň elekt­ro­me­ha­ni­ki en­jam bo­lan­dyk­la­ry se­bäp­li, ola­ryň önüm­çi­li­gi hem-de ola­ry  be­jer­mek diý­seň gym­ma­da düş­ýär, ola­ryň iş­le­ýän wag­tyn­da çyk­ýan ga­ty se­si bol­sa ola­ry adam­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­rin­den uzak­da ýer­leş­di­ril­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.

Eger-de, bu tur­bi­na­lar­dan bir ýer­de köp muk­da­ry ýer­leş­di­ri­len bol­sa, olar awia­si­on ra­dar­la­ryň iş­leý­şi­ne päs­gel dö­re­dip bil­ýär­ler.

www.ecof­riend.org saý­tyn­da­ky ha­ba­ra gö­rä, ABŞ-nyň Kor­nel uni­wer­si­te­tin­den bir­nä­çe bi­ler­men bol­sa, ada­ty tur­bi­na­la­ryň oňaý­syz ta­rap­la­ry­ny ýok et­me­giň üs­tün­de bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri iş­läp gel­ýär­ler. Ola­ryň dö­re­den en­ja­myn­da şe­ma­lyň tä­si­ri bi­len tit­re­ýän bir­nä­çe bö­lek bar. “Vib­ro-Wind Re­se­arch Group” to­pa­ry­nyň dö­re­den bu en­ja­my pýe­zo­ef­fekt­den peý­da­lan­ýar (“pýe­zo­ef­fekt”  di­ýip bir za­dyň he­re­ket eden­de ýa-da şek­li üýt­ge­di­len­de, elekt­rik to­gu­nyň ön­me­gi­ne aý­dyl­ýar).

Su­rat­da gör­nü­şi ýa­ly, en­ja­myň iş­le­ýiş usu­ly  örän sa­da­dyr. En­jam­da­ky tit­re­mä­ge ukyp­ly ker­piç­jik­ler gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan pe­no­be­ton­dan ýa­sal­ýar. Bu ker­piç­ler ýö­ri­te ke­ra­mi­ka­dan hem-de po­li­mer­ler­den ýa­sa­lan ma­ýyş­gak “aýak­la­ra” otur­dy­lyp, bu “aýa­jyk­lar” pýe­zo­ef­fekt­den peý­da­lan­ýan elekt­rik öw­rü­ji­le­r­dir.

El­bet­de, teh­no­lo­gi­ýa hä­zi­rlik­çe tä­ze bo­lan­ly­gy se­bäp­li, ada­ty tur­bi­na­la­ryň de­re­je­sin­de tä­sir­li däl­dir. Ýö­ne ag­zaý­şy­myz ýa­ly, on­da kö­ne teh­no­lo­gi­ýa­nyň oňaý­syz ta­rap­la­ry ýok­dur hem-de ol örän ar­zan­dyr. Bu ugur­da edil­jek tä­ze göz­leg­le­riň mak­sa­dy tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­nyň tä­sir­li­li­gi­ni kö­pelt­mek­dir. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, ae­ro­di­na­mi­ka­dan do­ly peý­da­lan­mak ar­ka­ly, ker­piç­jik­le­riň he­re­ke­ti­ni “aýak­la­ra” has do­ly ber­mek ba­şar­dar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz