Baş sahypa INŽENER Yrak üç sany gaz ýataklaryny satlyga çykarýar

Yrak üç sany gaz ýataklaryny satlyga çykarýar

ýazan Muhammet

Yrak özüniň uglewodorod ätiýaçlyk gorlaryny satlyga çykardy. Bagdat 15 kompaniýa üç ýatagyň özleşdirilmeginiň tenderinde gatnaşmaga hödürledi.

«Biz – dünýäniň köp ýerinde öz taslamalary bilen gaz senagatynda işleýän tejribeli halkara kompaniýasyny saýlap aljak bolýarys, diýip emeldarlary belläp geçdi. Sanawnama Shel, Total hem-de KOGAS kompaniýalary girizilen, sebäbi olarda gaz senagatynda gazanylan tejribeleri bar», – diýip Nebit senagatynyň ministrliginiň Şertnamalary we Lisenzirleme bölüminiň başlygy Sabah Abdul Kadim belläp geçýär. Yrak geçen ýyl nebit ojaklaryny özleşdirmäge hukugyny gazanjak bolan kompaniýalary tendere çagyrmaga hyýallanýarlar. Gaz ojaklaryň üçüsinden ikisi – Akkas 2,1 trln kub fut gory bilen 3,3 trln kub fut gory bahalandyrylýän Mansuriýa – geçen ýylyň iýun aýynda tendere çykaryldy, ýöne Akkasa ýekeje arza berildi, Mansuriya bolsa hiç-hili arza bolmady. Üçünji ýatak – Siba geçen ýylyň dekabr aýynda, ýöne Nebit senagatynyň ministrligi özi özleşdirip biler diýip karara geldi.

Ýazan:Muhamet Batyrow

Gyzykly makalalar

Teswir ýaz

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.