0 we 10

10.23.2010

Bu ne tä­sin dün­ýä, onuň ag­la­ba bö­le­gi di­ňe iki sa­ny bel­gi­niň kö­me­gi bi­len tes­wir edil­me­gi müm­kin. Bu gün­ki komp­ýu­ter­le­riň hö­dür­le­ýän äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri we tä­sin­lik­le­ri üçin bol­sa, geçen ýyl­lar­da en­jam­lar bi­len adam­zadyň ara­synda ter­ji­me­çi­lik işi bi­len meş­gul­la­nyp, il­kin­ji ädim­le­ri ät­mä­ge uly go­şant go­şan be­ýik alym­la­ra min­net­dar­ly­gy­my­zy bil­dir­mek we ola­ry hor­mat bi­len ýat­la­mak bor­ju­myz bo­lup dur­ýar. 

Adam­zat dö­rä­li bä­ri bu giň säh­ra­ny göz­den ge­çir­me­giň, tä­ze açyş­la­ryň we oý­lap ta­pyş­la­ryň ug­run­da bo­lup­dyr. Bi­ziň dur­mu­şy­my­zy bir ta­rap­dan ýe­ňil­leş­di­rip bil­jek, beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa baý­laş­dy­ryp bil­jek pi­kir­le­riň sa­ny he­mi­şe çäk­siz bo­lup­dyr. Her ädim­de, müm­kin bol­du­gyn­dan wagt utu­şyn­da bol­mak, um­ma­syz wagt sarp edi­lip, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň do­wa­ma­ty­ny gys­galt­mak her döw­rüň esa­sy mak­sat­na­ma­sy­dyr.

Teh­no­lo­gi­ki öz­gert­me­ler asy­ry­nyň gel­me­gi bi­len adam­zat elekt­ro­ni­ka­nyň tä­sin­lik­le­ri bi­len has hem gy­zyk­la­nyp baş­lap­dyr. Bel­li bir wag­tyň geç­me­gi bi­len bu gy­zyk­lan­ma gün­de­lik ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň, öň­ki wagt­lar­da müm­kin bol­ma­dyk iş­le­riň aň­sat­lyk bi­len hem-de gys­ga wag­tyň için­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rip­dir.

Elekt­ro­ni­ki en­jam­la­ryň çuň­ňur öw­re­ni­lip we önüm­çi­li­ge çy­kyp baş­la­ny bä­ri ta­kyk ylym­la­ryň ösü­şi­niň tä­ze döw­ri baş­lan­dy diý­sek ýal­ňyş bol­ma­sa ge­rek. Üns be­rip pi­kir­len­se­ňiz, elekt­ro­ni­ka­nyň düýp dü­şün­je­si şeý­le bir ýag­da­ýa da­ýan­ýar: sig­nal bar ýa-da ýok. Bu bol­sa älem-ja­ha­nyň ýa­ra­dy­ly­şynyň giz­lin sy­ry bo­lan­ly­gy äh­li­mi­ze mä­lim, ýa bar, ýa-da ýok, di­ňe iki ýag­day, üçün­ji ýag­da­ýyň bol­ma­gy müm­kin hem däl. Uil­li­am Şeks­pi­riň: “Ham­let” ese­rin­de iň mö­hüm so­wal hök­mün­de so­ral­ýan so­wal hem ýö­ne ýe­re bol­ma­sa ge­rek: “To be or not to be” (“Bol­mak ýa-da bol­maz­lyk.”)

Dür­li iş­le­re ni­ýet­le­nip ön­dü­ril­ýän bu en­jam­la­ryň ula­nyş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has hem gi­ňelt­mek üçin biz bu­la­ra ýu­muş ber­me­gi öw­ren­me­li bol­duk. Bi­ziň we ola­ryň dü­şü­nip bi­läý­jek bir di­li­niň oý­lap ta­pyl­ma­gy ge­rek bol­dy. Es­li wagt­dan soň bu ugur­da yl­my iş alyp bar­ýan alym­la­ryň her­si­niň öz tek­li­bi ýü­ze çyk­dy, ýö­ne bu­la­ryň kö­pü­si­niň iş­le­ri­niň asyl maz­mu­ny, elekt­ro­ni­ka­nyň düýp dü­şün­je­si diýlip ka­bul edil­ýän “Sig­nal bar, sig­nal ýok” di­ýen pi­ki­re da­ýan­ýar­dy. Elekt­ro­ni­ki en­jam­la­ryň hem bu dil­den baş­ga­sy­na dü­şün­me­je­gi­ne göz ýe­ti­ri­lip oý­lap ta­py­lan teo­ri­ýa­lar ýo­kar­da ag­za­lyp ge­çi­len düýp dü­şün­je bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar­dy. In­di­ki ädim­de bu iki ýag­da­ýy bi­ziň di­li­miz­de haý­sy bel­gi­le­riň üs­ti bi­len tes­wir edil­me­li­di­gi ba­ra­da so­rag ýü­ze çyk­dy. “Sig­nal ýok” ýa-da “Sig­na­lyň iň pes de­re­je­si” ýag­da­ýy­ny tes­wir et­jek bel­gi hök­mün­de boş­lu­gy, ýok­lu­gy, iň pes de­re­jä­ni aň­lad­ýan “0” bel­gi­ni al­mak amat­ly bol­jak­dy. “Sig­nal bar”, “Sig­nal güýç­li” ýag­daý­la­ry­ny tes­wir et­jek bel­gi hök­mün­de bol­sa “0”-dan ta­pa­wut­ly haý­sy da bol­sa bir sa­ny, ylaý­ta­da ula­nyş­da aň­sat bo­lar ýa­ly na­tu­ral san­la­ryň iň pe­si bo­lan “1”-i al­mak amat­ly bol­jak­dy. Şeý­le­likde, alym­lar saý­la­nan bu bel­gi­ler bi­len yla­la­şyp­dyr­lar.

Bu açyş­da fi­zik­ler bi­len bi­le­lik­de ma­te­ma­tik­le­riň hem uly go­şan­dy bar. San sis­te­ma­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len di­ňe iki ýag­daý­dan yba­rat bo­lan “0” ýa “1” yzy­gi­der­lili­gi­ni, 2-lik san sis­te­ma­sy­ny bi­ziň dü­şü­nip bil­jek bel­gi­le­ri­mi­ze, ýag­ny 10-luk san sis­te­ma­sy­na öwür­mek müm­kin. Şeý­le­lik­de elekt­ro­nik en­jam­lar bi­len adam­zadyň ara­syn­da­ky dil gat­na­şy­gy­nyň il­kin­ji ädim­le­ri ädi­lip­di. Bi­ziň di­li­miz­de ula­nyl­ýan bel­gi­le­ri bel­li bir ter­tip­de ýer­leş­di­rip, her bi­ri­ne ter­tip sa­ny be­ril­me­gi bi­len dü­zü­len ASCII (Ame­rican Stan­dard Code for In­for­ma­ti­on In­terchan­ge) tab­li­sa­sy elekt­ro­nik en­jam­lar­da ula­ny­lyp bil­jek bel­gi­ler ýy­gyn­dy­sy­ny ta­ryp ed­ýär­di. Ýö­ne bu tab­li­sa­nyň bel­li bir de­re­je­de çäk­le­ri bar­dy, olam öňün­den bel­li edi­len di­ňe 256 gör­nüş­li bel­gi­le­riň ula­nyl­ma­gy­dy. 8 sa­ny öý­jük­de ýer­leş­di­ri­len “0” we “1” san­la­ry­nyň yzy­gi­der­li­gi bi­len iki­li san sis­te­ma­syn­da 0 (00000000) we 256 (11111111) ara­syndaky san­la­ry eme­le ge­tir­mek müm­kin­di, bu bol­sa ASCII tab­li­sa­syn­da­ky bel­gi­le­riň ter­tip sa­ny­ny aň­lad­ýar­dy. Bu çäk­le­ri aş­mak üçin soň­ky ýyl­lar­da “Unicode” tab­li­sa­sy eme­le ge­ti­ril­di. Bu tab­li­sa­da her bir bel­gi­niň ter­tip sa­ny 16 öý­jük­li “0” we “1” san­la­ry­nyň yzy­gi­der­lili­gi bi­len bel­li edil­ýär­di, şeý­le­lik bi­len hem 65536 gör­nüş­li bel­gi­le­ri ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär­di. Bu tab­li­sa eý­ýäm äh­li ýurt­la­ryň di­lin­de ula­ny­lyp bil­jek bel­gi­ler, harp­lar, yk­dy­sa­dy­ýet­çi­ler üçin ge­rek­li bo­lan pul bir­lik­le­ri­niň bel­gi­le­ri, ta­kyk ylym­lar bi­len meş­gul­lan­ýan alym­lar üçin ge­rek­li bo­lan ýö­ri­te bel­gi­ler hem go­şul­dy.

Ara­çy­lyk et­jek kö­mek­çi en­jam­la­ryň gi­ri­zil­me­gi bi­len adam­zat we elekt­ro­ni­ki en­jam­laryň ara­syn­da iç­gin ara­gat­na­şyk ýo­la go­ýul­dy. Kö­mek­çi en­jam­lar bi­ziň dü­şü­nip bil­jek bel­gi­le­ri­mi­zi, şol bel­gi­ler ar­ka­ly en­jam­la­ra ber­ýän so­wal­la­ry­my­zy, ýu­muş­la­ry­my­zy di­ňe “0” we “1” yzy­gi­der­lili­gi­ne, ýag­ny, en­jam­la­ryň dü­şü­nip bil­jek di­li­ne ter­ji­me ed­ýär. En­jam­la­ra ýu­muş buýurmak iş­le­ri hä­zir­ki gün­de, komp­ýu­ter­ler­de ula­nyl­ýan prog­ram­mir­le­me dil­le­ri ar­ka­ly has hem ýe­ňil­leş­di, ýö­ne per­dä­niň ar­ka­syn­da giz­le­nen, gö­ze gö­rün­me­ýän iç­ki bö­lüm­le­rin­de bol­sa ýe­ne de şol bir düz­gün bo­ýun­ça, ýag­ny 2-lik san sis­te­ma­sy bi­len 10-luk san sis­te­ma­synyň ara­syn­da ter­ji­me işi ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Şu gün­ki komp­ýu­ter­le­riň iş­leý­şin­de ýer­leş­di­ri­len düýp dü­şün­je ýo­kar­da ag­za­lan­lar­dan yba­rat­dyr. Şun­luk bi­len şeý­le bir pi­kir dö­re­ýär: Bäş du­ýuş or­gan­la­ry­myz bi­len duý­ýan äh­li zat­la­ry­my­zy “0” we “1” bel­gi­le­ri­niň yzy­gi­der­li­ligi bi­len ta­ryp et­mek müm­kin­mi? Bu so­ra­ga: “Ha­wa” jo­ga­by­ny ber­sek ýal­ňyş­ma­sak ge­rek?! Gö­zü­miz bi­len gör­ýän äh­li şe­kil­le­ri­mi­zi, su­rat­la­ry­my­zy, gu­la­gy­myz bi­len eşid­ýän äh­li ses­le­ri­mi­zi, aý­dym-saz­la­ry­my­zy bu gün­ki döw­re­bap komp­ýu­ter­ler­de hem gör­mek hem eşit­mek müm­kin. Mun­dan baş­ga-da dün­ýä­niň teh­no­lo­gik taý­dan ösen ýurt­la­ryn­da süý­ji ta­ga­my, ajy ta­ga­my, tur­şy ta­ga­my bi­ri bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dy­ryp bil­ýän aş­pez ro­bot­lar, ýa­kym­ly ysy ýa­kym­syz ys­dan ta­pa­wut­lan­dy­ryp bil­ýän ro­bot­lar ýa-da elekt­ro­nik en­jam­lar hem bu gün­ler­de geň ga­la­sy zat däl.

Dün­ýä ba­za­ry­na çy­ka­ry­lan “Mat­ri­sa” fil­mi hem bi­raz hyýalylygyň go­şul­andygyna ga­ra­maz­dan, as­lyn­da elekt­ro­nik dün­ýä bi­len adam­zat dün­ýä­si­niň bag­la­ny­şy­gy­na bir my­sal bo­lup dur­ýar. Dün­ýä­de komp­ýu­ter oýun ba­za­ry­na çyk­ýan 3D-öl­çeg­li oýun­la­ry­ňyz hem bu pi­ki­riň şa­ýa­dy bo­lup dur­ýar. Oýun­lar­da dö­re­di­len (vir­tu­al) eme­li dün­ýä­ler, kar­ta­lar, için­dä­ki jan­ly-jan­dar­lar hem-de te­bi­gat gö­zel­lik­le­ri as­lyn­da pi­kir­len­se­ňiz “0” we “1” bel­gi­le­ri­niň yzy­gi­der­li­ligi­ni aň­lad­ýar.

Bu ne tä­sin dün­ýä, onuň ag­la­ba bö­le­gi di­ňe iki sa­ny bel­gi­niň kö­me­gi bi­len tes­wir edil­me­gi müm­kin. Bu gün­ki komp­ýu­ter­le­riň hö­dür­le­ýän äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri we tä­sin­lik­le­ri üçin bol­sa, geçen ýyl­lar­da en­jam­lar bi­len adam­zadyň ara­synda ter­ji­me­çi­lik işi bi­len meş­gul­la­nyp, il­kin­ji ädim­le­ri ät­mä­ge uly go­şant go­şan be­ýik alym­la­ra min­net­dar­ly­gy­my­zy bil­dir­mek we ola­ry hor­mat bi­len ýat­la­mak bor­ju­myz bo­lup dur­ýar.

Ýazan: Mer­dan Dur­dy­ýew – HTTU-nyň Komp­ýu­ter In­že­ner­li­gi bö­lü­mi­niň mu­gal­ly­my.

Jogap ýaz