250 GB-lik USB ýat0

05.17.2010

“Kingston” şereketiniň täze USB ýady “DataTraveler 300-iň” 250 GB-lyk göwrümi bar. Bu ýat uly öçberli ýat gerek bolan, ýöne ýany bilen uly bolan gaty diskleri daşamaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar üçin öndürilendir. Şereket bu önümi üçin 5 ýyllyk kepillik berýär. Ýat “Windows 7”, “Windows Vista”, “Windows XP” hem-de “Windows 2000” operasion ulgamlarynda işleýär. Enjamyň işleýşi hem örän tiz: maglumatlar okalanda, 20MB/s tizlikde, maglumatlar ýazylanda bolsa, 10MB/s tizlikde işleýär. Ölçegleri bolsa 70,68mm x 22,37 mm x 16,45mm. Üstesinede, minus 20° C – plýus 85° C gyzgynlyk aralygynda işläp bilýär. Bu ýatda belläp geçmeli ýene bir gyzykly aýratynlyk, ol hem onuň içindäki islendik papka parol berip bolýanlygydyr. Mysal üçin, “Dokumentlerim” diýen papkaňyz bar bolsa, oňa hem parol beren bolsaňyz, şol parol girizilýänçä papkanyň içindäki maglumatlary görmek mümkin bolmaýar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz