Ada­ty komp­ýu­ter­mi ýa-da nout­buk?1

03.28.2011

Ba­zar­dyr-dü­kan­la­ra aý­la­na­ny­ňyz­da, özü­ňi­ze şu so­wa­ly en­çe­me ge­zek be­ren bol­ma­gy­ňyz müm­kin. Komp­ýu­ter­mi ýa-da noutbuk? Haý­sy­sy amat­ly? Bel­ki, şu ma­ka­la­nyň üs­ti bi­len bu so­ra­ga jo­gap ta­par­sy­ňyz.

1. Iş­le­ýiş tiz­li­gi

Teh­ni­ka­nyň soň­ky 3-4 ýyl­da bu ugur­da has-da ös­me­gi ar­ka­ly noutbuk hem-de ada­ty komp­ýu­ter­le­riň iş­le­ýiş tiz­lik­le­ri­niň ara­syn­da kän bir ta­pa­wut gal­ma­dy. Se­bä­bi, komp­ýu­ter­le­riň iki gör­nü­şin­de hem şol­bir pro­ses­sor­lar ula­nyl­ýar. Bel­läp geç­me­li ýe­ke ta­pa­wut bar. Ol hem noutbuk elekt­rik to­gu­na da­kyl­ma­dyk bol­sa, ba­ta­re­ýa­nyň zar­ýa­dy­ny az­rak harç­la­mak üçin aw­to­ma­ti­ki ýag­daý­da ha­ýal­rak iş­le­ýiş mo­du­na geç­ýär.

2. Sim­siz net­work (Wi-Fi)

Soň­ky noutbuk­la­ryň hem­me­si sim­siz net­work müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bol­ýar. Ýag­ny, öýü­ňiz­de sim­siz net­work otur­dy­lan bol­sa, bir­to­par ge­rek­me­jek sim­le­ri ulan­maz­dan, oýü­ňi­ziň is­len­dik ýe­rin­den in­ter­ne­te gi­rip bi­ler­si­ňiz.

Ada­ty komp­ýu­ter­ler bol­sa, köp­lenç sim­siz net­work teh­no­lo­gi­ýa­sy­na eýe bol­ma­ýar­lar. Ýö­ne ada­ty komp­ýu­te­ri­ňi­zi hem sim­siz net­wor­ka bi­rik­dir­mek is­le­ýän bol­sa­ňyz, “USB” ky­sym­ly ýö­ri­te net­work en­jam­la­ry­ny sa­tyn al­mak ar­ka­ly bu me­se­lä­ni aň­sat­lyk bi­len çöz­mek bol­ýar.

3. Wagt­la­ýyn ýat (RAM)

Noutbuk­lar­da­ky wagt­la­ýyn ýat­la­ryň ba­ha­la­ry ada­ty komp­ýu­ter­le­riň­kä gö­rä gym­mad­rak­dyr. Ýag­ny, noutbuk saý­la­nan­da, köp­räk wagt­la­ýyn ýat­ly­sy­ny al­jak bol­ma­ly (4-6 GB-lik­le­ri­ni). Se­bä­bi hä­zir­ki prog­ram­ma­dyr  oýun­la­ry iş­let­mek üçin uly wagt­la­ýyn ýat ge­rek bo­lup bil­ýär.

Bu ýag­daý ada­ty komp­ýu­ter­ler üçin hem şeý­le­räk. Ýö­ne ada­ty komp­ýu­te­riň ýa­dy ýet­me­ýän bol­sa, tä­ze­si­ni alyp, öň­ki ýa­dyň ýa­ny­na goş­mak aň­sat hem-de ar­zan bol­ýar. Em­ma, noutbuky­ňy­zyň ýa­dy ýet­me­ýän bol­sa, il­ki bi­len şol mar­ka wagt­la­ýyn ýa­dyň tap­dyr­ja­gy gü­ma­na, ta­py­lan­dan soň­ra bol­sa onuň ba­ha­sy ala­da bol­ýar.

4. Wi­deo kar­ta

Noutbuk­lar ki­çi göw­rüm­li bo­lan­dy­gy se­bäp­li ola­ryň kö­pü­sin­de in­teg­rir­le­nen, ýag­ny, kär­ha­na ta­ra­pyn­dan otur­dy­lan hem-de üýt­ge­dip bol­ma­ýan, goş­ma­ça gra­fi­ka ýa­dy­ny go­şup bol­ma­ýan we çäk­len­di­ri­len ýat­ly wi­deo kar­ta­lar bol­ýar. Bu nä­mä­ni aň­lad­ýar? Noutbuk­lar köp­lenç güýç­li gra­fi­ka­ly prog­ram­ma­la­ry hem-de ­üç öl­çeg­li oýun­la­ry iş­let­mä­ge ukyp­ly bol­ma­ýar­lar.

Ada­ty komp­ýu­ter­ler­de bol­sa köp­lenç gra­fi­ka me­se­le­si ýü­ze çyk­ma­ýar.Eger me­se­le ýü­ze çy­kaý­sa, prog­ram­ma­la­ryň 99 gö­te­ri­mi­ni iş­let­mä­ge ukyp­ly wi­deo kar­ta­ny 40-50 dol­la­ra sa­tyn al­mak bol­ýar.

5. Yk­jam­lyk

Noutbuk­la­ryň iň amat­ly ta­rap­la­ry­nyň bi­ri hem ýa­nyň bi­len gö­te­ri­lip bi­lin­me­gi­dir. Olar ki­çi göw­rüm­li hem-de ýe­ňil ag­ram­ly bol­ýar­lar. Üs­te­si­ne-de, noutbuk­la­ryň ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň zar­ýa­dy 2-5 sa­gat iş­le­mek üçin do­ly ýe­ter­lik­li bol­ýar.

6. Ek­ran

Noutbuk­la­ryň ek­ra­ny he­mi­şe­lik­dir. Ola­ry ulal­dyp ýa-da ki­çel­dip bol­ma­ýar. Ada­ty komp­ýu­ter­le­riň ek­ra­ny­ny bol­sa öz is­le­me­gi­mize gö­rä saý­lap bil­ýä­ris.

Şeý­le­lik­de, “Ada­ty komp­ýu­ter amat­ly­my ýa-da noutbuk?” di­ýen so­ra­ga anyk jo­gap be­rip bol­ma­ýar. Se­bä­bi, ola­ryň her bi­ri­niň öz güýç­li hem-de ejiz ta­rap­la­ry bar. Is­len­dik ýer­de ulan­jak hem-de he­mi­şe ýa­ny­ňyz bi­len gö­ter­jek bol­sa­ňyz, on­da si­ze noutbuk amat­ly. Eger-de, siz üç öl­çeg­li gra­fi­ka­lar, üç öl­çeg­li oýun­lar, güýç­li prog­ram­ma­lar bi­len iş­le­jek bol­sa­ňyz, on­da ada­ty komp­ýu­ter edin­mek amat­ly.

Umu­man, ada­ty komp­ýu­te­riň we not­bu­gyň go­wy ta­rap­la­ry­ny we kem­çi­lik­le­ri­ni de­ňeş­di­rip gö­rüň. Özü­ňi­ze amat­ly­sy­ny saý­laň.

Ata MAH­MU­DOW, HTTU-nyň ta­ly­by.

 

  1. nwo

    03.28.2011

    Hawa dogry aýdýaň käbir adamlar haýsysy amatly bolarka diýýär ýöne meniň pikirimçe eger-de sen hemişe işli bolsaň we kompýuteriň saňa gerekli bolsa onda sen noutbugy saýlarsyň tapawudy ýok oýun üçin bolsun iş üçin bolsyn dogry eger-de sen has güýçli wideo kartasyny talap edýän oýunlary oýnaýan bolsaň onda adaty komplary ullanmak gowy ýöne sen ony ýanyňda göterip bileňok hemişe ol diňe öýde durýar dogrymy aýtsam her kim ýagdaýyna görä zady satyn alýar. meniň üçin noutbuk gowy islän ýerime alyp gidip bilýän ;)

    Jogap ber

Jogap ýaz