“ASUS-yň” täsin kompýuteri0

11.09.2010

“ASUS” şereketiniň öndüren kompýuteri “Eee Keyboard PC” haýran galdyrýar. Bu kompýuteriň haýsy synpa degişlidigi baradaky jedel bolsa henizem dowam edýär. Sebäbi, bu kompýuter notbuk, netbuk ýa-da “desktop” kompýuterlerine meňzemeýär. “Eee Keyboard PC” (Eee klawiatura kompýuteri) adyndan hem belli bolşy ýaly,  klawiatura meňzedilip ýasalandyr. Daşy alýuminiýden ýasalan kompýuteriň düwmeleri “Apple” şereketiniň önümlerindäki düwmelere öran meňzeşdir. Bu kompýuteriň ekrany bolsa, adaty klawiaturada sanlaryň ýerleşýän ýerine goýlupdyr. Kompýuter “Intel Atom” prosessor, 1 gigabaýt RAM, 23 gigabaýtlyk SSD gaty disk hem-de simsiz network mümkinçilikleri bilen üpjün edilendir.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz