Dünýädäki maglumatlar nirede saklanýar?!1

10.08.2011

Kompýuter enjamynyň ulanylmagynyň ýaýbaňlanmagy bilen birlikde adamlar islän maglumatlaryny örän çalt we aňsatlyk bilen tapyp bilyärler.

Ýeri, geçen ýyllarda bar bolan maglumatlaryň hemmesi bir ýerde jemlenip saklanmasa, näme bolardy? Amerikaly alymlar bu soraga şeýle jogap berýärler: ähli maglumatlary alyp, kitap edip çykaran bolsadyk, onda Amerika ýa-da Hytaýyň tutýan meýdanyny 13 gat kitap bilen örülen ýaly derejede örän köp kitaplary çap etmeli bolardy. Bütin dünýäde tanalýan “Science” žurnalynyň gözlegleriniň netijesine görä, 1986-njy ýyldan 2007-nji ýyla çenli dünýä möçberinde ýygnalyp saklanan maglumatlaryň mukdary 295 milliard gigabaýtdyr. 1990-njy ýyla çenli ähli maglumatlar kasseta ýaly formatlarda saklanýardy. 2000-nji ýylda bolsa maglumatlary digitalgörnüşde saklamak ýüze çykdy. Şeýlelik bilen, 2005-2007-nji ýyllar aralygyndaky maglumatlaryň 94 göterimi sanlaýyn formatlarda saklanýardy. Maglumat ýygnalyp saklanýan ýeriň giňligi her üç ýylda takmynan üç esse artýar. 2007-nji ýylda ýygnalan maglumatlaryň 295 milliard gigabaýt bolandygyny aýdan amerikan alymlary 2010-njy ýylyň ýygnalan maglumatlary 600 milliard gigabaýt bolandyr diýip çaklaýarlar.

Zaman – Türkmenistan

  1. yzganttm

    09.16.2012

    Bahhhh dogry dogry

    Jogap ber

Jogap ýaz