Epson kompaniýanyň täze proýektorlary0

04.23.2010

Epson kompaniýasy proýektorlar bazarynyň iň öňde baryjy liderleriň biri hasaplanylýar. Mysal üçin, ol şu önümleri çykarýar: göterilýän kinoteatr, örän oňat biznes-proýektorlary, şeýle hem mekdepler we uniwersitetler üçin niýetlenen gaty gowy proýektorlar. Soňkularyň hataryna şu bäş sany täze proýektorlar goşuldy: EB-460i, EB-450Wi, EB-440W, EB-460 we EB-450W.

Täze Epson proýektorlaryň esasy aýratynlygy – ekranyň ýüzünden 10 sm daşlykdanam fokusirlemäge ukyplylygy. Täze proýektorlaryň hemmesi aňsat baglanýandyrlar, olaryň ýagtylygy 3000 lýumene çenlidir, lampanyň durujylygy(resursy) 3500 sagada deňdir, oturdylan dinamikleriň kuwwatlylygy bolsa 10 watt-a deňdir.

Epson EB-460i we Epson EB-450Wi proýektorlary has kämilleşen – olar islendik bir zadyň ýüzünde interaktiw doskany döredip bilýärler. Şekil bilen işlemek we bellik etmek üçin interaktiw ruçka-manipulýator kömegi bilen edip bolýar.

Modelleriň hemmesi kompýutera aňsat baglanýarlar – bir kabeliň üstünden USB Display funksiýasy bilen. Şeýle hem, proýektorlar simsiz ulgamy(wireless) we Ethernet-baglamak funksiýalary goldaýarlar.

Proýektorlar berkitmesi bilen birlikde satylýarlar. Epson EB-440W-nyň bahasy 2700$ töwerek, Epson EB-450W – 2975$, Epson EB-450Wi – 3575$, Epson EB-460 – 3300$ töwerek, Epson EB-460i – 3900$ töwerek.

Ýazan: Nury Meläýew

Jogap ýaz