Grafiki informasiýalary kodlamak0

01.18.2011

Surat cekmekligi hemmeleriň söýýändigini subut etmek hökman däldir. Käbirleri mekdep esbaplaryna ýa-da stenalara surat çekmekligi gowy görýärler. Hudožnikler surat döredenlerinde esasan çotka we reňk ulanmak bilen bir list kagyzyň ýüzüne ýa-da holsta çekýärler(kesgitli ölçegli list, meselem 640х480 piksel ýa-da listiň ölçegi bilen gabat gelýän kagyz).

Ähli suratkeşleri, hatda stena surat çekýänleri hem bir zat baglanyşdyrýar. Eger surat şowly ýerine ýetirilmese şekiliň käbir böleklerini reňklemeleri ýa-da hemmesini täze listden başlamaly bolýar.

Täzeden işlenende hem elmydama şowly bolup durmaýar. Akwarel reňkleri ýa-da flomasterler ulanylanda mümkin hem däl.

Tejribeli suratkeşler ilki galamyň kömegi bilen inçejik çyzyjaklaryň kömegi bilen şekiliň suduryny alýarlar. Wagtyň esli bölegini eskiz taýýarlamaklyga berýärler.

Grafiki redaktoryň kömegi bilen islendik taýýar suratlary düzedip bolýandyr. Diňe ak-gara däl eýsem reňkli suratlary hem düzetmek bolýandyr. Özi bu iş örän aňsatdyr. Diňe gurallaryň nähili ulanyşyny, suratyň bölegini saýlamany, gerekli reňki nähili saýlamalydygy ýeterlikdir.

Esasy reňk modelleri we režimleri

Eger biz reňk blen işleýän bolsak onda gerek reňkimizi almak üçin birnäçe reňkleri garyşdyryp alnan reňki kagyzyň ýüzünde barlap görýäris.

Kompýuter ulanylanda bolsa artykmaç “reňkleri” we “kagyzlary” zaýalamakdan dynýarys. Özümize gerek reňki şol wagtyň özünde kompýuteriň ekranynda görüp bileris.

Tekstler ýazylanda 16 reňk ýeterlik bolýan bolsa, şekiller,suratlar(fotografiýalar) bilen işlenilende ähli reňkleriň älemgoşarlaryny ulansaň gowy. Bu režim «True Color» atlandyrylýar. Haçanda bir nokady (beýle nokat piksel- pixel diýlip atladyrylýar) ekranda şekillendirmek üçin 24 sany nollyklar we birlikler ulanylýar. Monitoryň ekranynda ýa-da surat döredilende ulanylýan reňkleriň sanyny biz -16 Bit, True Color ýa-da 16 mln reňk-24 ýa-da 32 Bit diýip atlandyrjakdyrys.

Iň ýönekeý Ak-Gara režimidir. Ak-garany göz öňüne getirmek üçin bir nokada bary-ýogy 1 Bit gerekdir. Köne filmlerden we fotografiýalardan belli bolşy ýaly «Gray» režimi ýa-da mele reňk üçin 8 Bit gerekdir.

Öz gezeginde grafika bilen işleýän kompýuter programmasynyň kömegi bilen “reňkleri” garmaklygyň dürli usullary bardyr. Mekdep fizika kursundan bilşiňiz ýaly ak reňki esasy üç reňkleri goşmak arkaly alyp bolýandyr: gyzyl, ýaşyl we gök.

Şeýle model RGB diýlip atlandyrylýar. “Sazlamaklyk” diapazony 0-dan 255-e çen üýtgeýär. Meselem gök reňki almak üçin sazlamaklygy 0,0,255 ýagdaýda goýmaly.

Professionallar zapas (ätiýaç) bilen işleýärler. Olar reňkleri garmak üçin üç dälde dört reňk kanallaryny ulanýarlar. Bu tehnologiýa daýanýan model CMYK diýlip atlandyrylýar.

Razrýadlylyk näçe uly bolsa faýlyň razmeri (ölçegi) şonçada uly bolýandygyny ýatda saklamalydyr.

Internet setinde suratlary ýüklemekligiň wagtyny azaltmaklygy çalyşýarlar. Munuň üçin reňkleriň ýörite nabory ulanylýar. Ol WEB diýlip atlandyrylandyr.

Toýly Rozyýew-Ýolöten şäheriniň 40-njy orta mekdebiniň 10-njy “E” synp okuwçysy

Jogap ýaz