Gelejegiň batareýasy ‘’litiý-howa batareýleri’’0

02.07.2016

Energiýanyň öndürilmegi we onun saklanmagy, şu wagtky durmuşda bütin ulanýan elektronika enjamlarymyzda (telefon, kompýuter we şoňa meňzeşler) iň zerur zatdyr. Bütin adamlar öndürilen bu energiýany, iň kiçi batareýalarda we has köp mukdarda talap edýär. Adamlaryň bu talaplary üçin birtopar firmalar, labaratoriýalar ep-esli pul çykaryp bu batareýany öndürmek üçin alada etseler hem şonda-da doly bir çözgüt tapyp bilenoklar.

Hem agyrlygy hem-de ululygy göz öňüne tutulanda şu wagta çenli iň köp mukdarly energiýany berip biljek batareýa litiý-iondur. Täze dünýäniň köp mukdarly energiýa talabyna çözgüt tapmak üçin iş alyp barýan ‘’Massachusetts Tehnologiýa İnstituty ‘’, ABŞ’nyň goşun barlag laboratoriýalarynyň we uly barlag-ösüş býutçetli kompaniýalaryň alyp barýan işleri bize gelejekde täze bir energiýa tehnologiýasynyň boljakdygyny habar berýär. Bu täze tehnologiýanyň ady bolsa ‘‘litiý-howa batareýalarydyr’’. Bir başga ady bolsa ‘’dem alýan batareýa’’.

Litiý-iýon batareýalarynda energiýanyň saklanmagy üçin gerekli bolan katod materiýalynyň ýerine täze tehnologiýada howa ulanylar. Bu ýagdaýda bolsa şu wagt batareýalardaky energiýanyň möçberi 10 esse köpeler.

Batareýanyň göwrüminde saklap biläýjegi elektrik energiýasynyň mukdary hökmünde atlandyrylan ‘’Energiýa dykyzlygy’’ litiý-howa batareýalarynda has köp bolup, benziniň (ýanyjyň) energiýa dykyzlygyna deňdir hem diýilse bolar. Bu bolsa täze tehnologiýada bize nähili uly peýdasynyň boljakdygyny görkezýär.

Bu tehnologiýa ýagny litiý-howa batareýalaryň bize köp tehnologiýa enjamlarymyzda uly peýdasy bolar hat-da edil şu wagt köp ulanylmasada elektrik bilen işleýän ulaglarda hem ulanylmagy planlaşdyrylýar.
Elektrikli ulaglaryň iň esasy meselesi bolsa, belli mukdardaky elektrik energiýasy bilen uzak ýola gidip bilmezligidir. Bu meseläni çözmek üçin ady belli kompaniýalar herekede geçdi we ‘’IBM’’ kompaniýasy ‘’ Batareýa 500’’ proýekdi bilen 2009-njy ýýlda ilkinji esasy ädimi ätdi. Bu proýekt bilen litiý-howa batareýa tehnologiýasynyň iň esasy maksatlaryndan biri amala aşyryldy we elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar bilen has uzak ýollara gitmek mümkin boldy. Käbir alymlar, öňümizdäki 10 ýylyň içinde, litiý-iýon tehnologiýasynyň dowamy hökmünde görülýän litiý-howa we.ş.m ýaly tehnologiýalar bilen batareýalaryň içinde saklap boljak energiýanyň 2-3 esse köpeljekdigini, batareýalaryň iň az 30 göterim ýeňilleşjekdigini we bahalarynyň arzanlajakdygyny aýdýarlar.

Bütin bu aýdylan zatlara garamazdan bir zady belläp geçmek gerek, bu tehnologiýa bilen energiýada täze döwür boljakdygy teoriýa bilen subut edilsede edil şu wagt doly islendik derejede amala aşyrylmady. Durmuşumuzda energiýanyň gerekliliği barada pikir edemizde, bu barada alynyp baryljak täze gözleglere nähili mätäçdigimiz aýan. Bu alynyp barylýan işler oňyn dowam etsede edil şu wagt bu tehnologiýany alyp bilmek mümkin däl we iň azyndan 10 ýylyň geçmelidigini ýatdan çykarmaly däl.

Jogap ýaz