“UEFI” “BIOS-yň” ýerini alar5

10.19.2010

Ada­ty ýag­daý­da komp­ýu­ter ula­ny­jy­la­ry “BI­OS” sö­zü­ni eşit­mez­ler. Ýö­ne ol hä­zir­ki wagt­da ula­nyl­ýan komp­ýu­ter­le­re 1979-njy ýyl­dan ga­lan mi­ras­dyr. Şol ýyl “IBM” klon­la­ry­nyň bi­ri-bi­ri bi­len iş­läp bil­me­gi üçin dö­re­di­len “BI­OS” hä­zir­ki wagt­da komp­ýu­ter­le­riň  tiz açyl­ma­gy­nyň öňün­dä­ki iň uly päs­gel ha­sap­lan­ýar.

“BI­OS-yň” möw­rü­ti­niň do­lan­dy­gy “USB” ky­sym­ly en­jam­lar ön­dü­ri­lip baş­lan wag­tyn­da bel­li bo­lup­dy. Se­bä­bi 1979-njy ýy­lyň hem-de 1990-njy ýyl­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny bi­le­lik­de iş­let­mek örän kyn bol­ýar. Üs­te­si­ne-de, di­ňe “BI­OS-yň” “gü­nä­kär” bo­lan ýe­ne bir me­se­le­si bar. Ýag­ny, hä­zir­ki wagt­da komp­ýu­ter­ler il­kin­ji ge­zek açy­lan­da, iş­le­nip baş­lan­ma­ga taý­ýar bol­mak­la­ry üçin 1-2 mi­nut wagt ge­rek bo­lup bil­ýär. Bu ýag­da­ýyň ýe­ke­je se­bäp­kä­ri bol­sa “BI­OS” bo­lup dur­ýar.

In­di bol­sa “Micro­soft” hem-de “In­tel” şe­re­ket­le­ri 2011-nji ýyl­dan baş­lap “BI­OS-yň” ýe­ri­ne “UEFI” ula­nyp baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler.

“UEFI Fo­rum” gu­ra­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Mark Do­ran bol­sa öz be­ýa­na­tyn­da “El­bet­de, biz müş­de­ri­le­ri­mi­ze komp­ýu­te­riň 1 se­kunt­da açyl­jak­dy­gy ba­ra­da söz ber­me­ýä­ris, ýö­ne komp­ýu­te­riň açyl­ma­gy üçin 5 se­kunt­dan köp wagt ge­rek bol­ma­jak­dy­gy­ny ynam bi­len aýd­ýa­rys” diý­di.
Zaman – Türkmenistan

  1. Merdan

    10.21.2010

    BIOS degişli maglumat beripsiniz saytda http://www.tilsimat.net/e-sapak/kompyuterimdaki-nasazlyklar-we-bios-dili.html aslypnda gereksiz hakykatdanam.

    Jogap ber
  2. nassatanly

    11.23.2010

    bios uefı achyklamasy name?

    Jogap ber
  3. Admin

    11.24.2010

    BIOS – (Basic Input Output System – Ýönekeý Giris Çykys Sistemasy)
    UEFI – (Unified
    Extensible Firmware Interface – Birlesik Giñeldilýän Firmware Interface)
    Ýakyn wagtda giñisleýin maglumat beriler.

    Jogap ber
  4. nassatanly

    11.25.2010

    sagja bol admin!

    Jogap ber
  5. MERDAN

    07.13.2012

    EDİL MENKİ YALI

    Jogap ber

Jogap ýaz