Baş sahypa KOMPÝUTER Iki “duýgur” ekranly noutbuk

Iki “duýgur” ekranly noutbuk

ýazan Admin

“Toshiba” şereketi Internet syýahatçylygy, e-poçtalar bilen işlemek hem-de sosial networklara girmäge niýetlenen iki “duýgur” ekranly “Libretto W100” noutbugyny satyp başlady. Şereketiň wekilleri nobtukyň “Microsoft Windows 7” operasion ulgamy, iki sany 7 dýuýmlyk ( 17,64 sm.) ekranly hem-de örän ykjam bolan bu enjamyň müşderileriň göwünlerine ýarajakdygyna ynanýandyklaryny aýtdylar.

Şereketiň saýtynda täze noutbuklarynyň ulanyjylarynyň bir ekranda web-saýtlaryny görüp, beýlekisinde bolsa, “Word” dokumentleri bilen işläp biljekdikleri bellenip geçilýär. Nobtuky bu kysymly enjamlardan bolsa, iki aýratynlygy tapawutlandyrýarlar: Ilkinjisi, bu enjam özüniň dik ýa-da kese durandygyny “bilip”, ekrandaky şekilleri şoňa görä görkezýär, beýlekisi bolsa, wirtual klawiaturanyň klawişalarynyň ulanyjynyň basmagyna “jogap” bermegidir. Ýagny, wirtual klawiaturalarda ekranyň ýüzünde klawişalar bolýar, ulanyjy şol klawişa basanda bolsa, oňa basanyny ýa-da basmanyny duýup bilmeýär. Täze enjamda bolsa, adaty wirtual klawiaturlaradaky ýaly klawişalar ekranyň ýüzünde bolýar, ýöne ulanyjy klawişa basanynda, adaty klawişalarda bolşy ýaly, ony duýup bilýär.

Nobtukda “Intel” şereketiniň prosessory, 62 GB-lik gaty disk, “Wi-Fi” hem-de “Bluetooth” simsiz network ulgamy hem-de “3G” mobil internet tehnologiýalary bar.
Zaman Türkmenistan

Gyzykly makalalar

2 teswir

Turkmenka 18.10.2010 - 18:55

gowja ekenay,sagja bolun yazyan maglumatlarynyz un, shundan birini alyp sonam goni Ankara nirdesin Azat diyip gidaymesek :D

jogap
Admin 19.10.2010 - 05:48

Elindakini alyp özüni yzyna ugradyp goybererin mena :D

jogap

Teswir ýaz

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.