Informasiýa0

08.03.2010

Informatika we informasiýa tehnologiýalary dersi informasiýalar, olaryň ýygnalyşy, ýatda saklanylyşy, işlenip taýýarlanylyşy hem-de kompýuter tehnikalarynyň kömegi bilen aňlatmak baradaky ylymdyr. Informatika kompýuterler hem-de informasion sistemalar bilen iş salyşýar. Informatikada maglumatlar, informasiýalar we bilimler esasy düşünjeler bolup durýar. Maglumat düşünjesi data diýen latyn sözünden gelip çykyp fakt – bolan zady aňladýar. Informasiýa düşünjesi information diýen latyn sözünden gelip çykyp düşündirmäni, beýan etmäni aňladýar.

Informatikada maglumatlar kesgitli maglumat göterijide bellige alynan, ýatda saklamaga, ibermäge we işläp taýyarlamaga ýaramly habarlaryň toplumy bolup durýar.  Informasiýa bolsa maglumatlaryň özgerdilişiniň we derňelişiniň netijesidir. Maglumatlardan tapawutlylykda informasiýa anyk meseleler cözülende maglumatlary işläp taýýarlamagyň netijesidir. Informasiýany adamzady daşky gurşawyndaky obýektler we hadysalar baradaky kesgitsizligiň derejesini azaldýan ululyk hökmünde hem seretmek mümkin. Informasiýa bilen obýektleriň we hadysalaryň parametrleri, häsiýetleri we ýagdaýlary beýan edilýär.

Informatikada bilim düşünjesi işläp taýyarlananyp bellige alynan hem-de tejribede barlanyp görülen informasiýa bolup durýar. Bilim durmuşda çözgüdi kabul etmek üçin zerurlykdyr. Bilim akyla degişli gymmatlylykdyr. Bilim kitaplar, gazet-žurnallar, radio-teleýaýlymlar, okatmak üsti bilen köpçülige ýetirilýär. Edara, kärhanalarda we guramalarda işleýän hünärmenler bilimiň anyk ugurlaryndan hünärmendirler, olaryň bilimi we toplan tejribesi gündelik ýüze çykýan meseleleri dogry çözmekde zerurdyr. Bar bolan informasiýalara daýanyp mümkin bolan çözgütleri saýlamaga durmuşda çözgüdi kabul etmek diýilýär.

Durmuşdaky çözgütler kabul edilende maglumatlaryň, informasiýanyň we bilimiň özara arabaglanyşygy 1-nji suratda getirilendir. (1-nji surat. Bilimiň, informasiýanyň we maglumatlaryň özara arabaglanyşygy)

Adamzadyň durmuşynda informasiýa maddy resurslar bilen birlikde ruhy resurs bolup geldi hem-de tituşlugyna ynsanlaryň ýaşaýyş durmuşyny kesgitleýär. Informasiýa bolmak üçin informasiýanyň çeşmesi, informasiýany sarp ediji hem-de çeşmeden sarp edijä informasiýany geçirýän material göteriji bolmaly. Mekdebiň okuwçylary üçin informasiýanyň çeşmesi kitapdyr. Kitapdaky informasiýalar sarp edijiler okuwçylardyr. Okuw kitabyndaky informasiýalar ilkibaşda kagyzda okuwçylara geçende, okuwçylaryň huşunda bolýar.  Informasiýany sarp ediji onuň hiline birnäçe talaplar bildirip biler. Informasiýa öwrenilýän hadysa barada mazmunly, doly, ýeterlik, elýeter, takyk we ynamdar maglumatlardan durmaly.

Ýazan: A. Ýazgylyjow – Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Jogap ýaz