“iPad” alaryn diýseňiz…1

11.06.2010

“Apple” şereketiniň “iPhone” hem-de “iPad” enjamlaryna niýetlenen programmalary ýaý­ratmak üçin açan “AppStore” saýtyndan 200 müňden gowrak programma tapmak bol­ýar. Gys­ga wagt­da tab­let­ ky­sym­ly komp­ýu­ter­le­riň sim­wo­ly­na öw­rü­len “iPad” köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bi­ler­men­ler bol­sa “iPadiň” şeý­le meş­hur bol­ma­gy­nyň üç se­bä­bi­niň bar­dy­gy­ny nyg­ta­ýar­lar: olar “App­le” şe­re­ke­ti­niň ma­ha­bat­da­ky ba­şar­nyk­ly­gy, şe­re­ke­tiň brend bol­ma­gy hem-de en­jam­da ula­ny­lan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­dyr. 2010-njy ýy­lyň ahy­ry­na çen­li dün­ýä­de “iPadle­riň” 7 mil­lio­ny­nyň sa­tyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan bol­sa, 2011-nji ýyl üçin çak­la­ma 14 mil­li­on­dyr. Biz hem “iPad” bi­len gy­zyk­lan­ýan, ýö­ne ol ba­ra­da kän­bir mag­lu­ma­ta eýe bol­ma­dyk oky­jy­la­ry­myz üçin en­jam ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ry  çap et­me­gi ma­kul bil­dik.

“iPadi” nä­me üçin ula­nyp bo­lar?

“iPad” “akyl­ly” te­le­fon­lar (smart­fon­lar) hem-de not­buk­la­ryň ara­syn­da­ky or­na eýe bo­lan en­jam­dyr. Onuň öl­çeg­le­ri stan­dart “A4” ka­gy­zy­nyň öl­çeg­le­ri­ne ba­ra­bar. Duý­gur ek­ra­ny bar. Öň “iP­ho­ne” smart­fon­la­ry­ny ula­nyp gö­ren­ler “iPadi” gö­ren­le­rin­de des­si­ne onuň “iP­ho­neniň” ulal­dy­lan gör­nü­şi­di­gi­ni aň­ýar­lar. “iPad” ar­ka­ly ki­tap ýa-da ga­zet oka­mak, e-poç­ta­la­ry­ňy­zy bar­la­mak, In­ter­net­de sy­ýa­hat et­mek, wi­deo gör­mek, oýun oý­na­mak, aý­dym-saz diň­le­mek, ses ýaz­dyr­mak hem-de 200 müň­den gow­rak prog­ram­ma­ny ­iş­let­mek bol­ýar. Gys­ga­ça aýt­sak “iPad” ar­ka­ly ada­ty komp­ýu­ter­de edil­ýän is­len­dik işi et­mek bol­ýar.

“iPadiň” nä­çe gör­nü­şi bar?

Hä­zir­lik­çe bu en­ja­myň “Wi-Fi” hem-de “3G” di­ýen iki gör­nü­şi bar. At­la­ryn­dan hem bel­li bol­şy ýa­ly, “Wi-Fi” gör­nüş­li “iPadi” sim­siz net­wor­kyň bar ýe­rin­de, “3G” gör­nüş­li “iPadi” bol­sa “3G” In­ter­net hyz­ma­ty­nyň bar bo­lan ýe­rin­de ulan­mak bol­ýar.“3G” ky­sym­ly en­jam­da “GPS” teh­no­lo­gi­ýa­sy hem bar. Üs­te­si­ne-de “iPad” 16, 32 hem-de 64 GB bo­lan üç gör­nüş­li ýat bi­len sa­tyl­ýar. Ula­ny­jy­la­ryň kö­pü­si üçin 16 ýa-da 32 GB do­ly ýe­ter­lik bol­ýar. Ýö­ne fo­to, wi­deo ýa-da do­ku­ment ar­hiw­le­ri­ňi­ziň uly bö­le­gi­ni bu en­jam­da sak­la­mak ni­ýe­ti­ňiz bol­sa iň go­wu çöz­güt “iPadiň” 64 GB-lik gör­nü­şi al­mak­dyr.

“iPadde” haý­sy prog­ram­ma­lar bar?

“App­le” şe­re­ke­ti­niň “iP­ho­ne” hem-de “iPad” en­jam­la­ry­na ni­ýet­le­nen prog­ram­ma­la­ry ýaý­rat­mak üçin açan “AppS­to­re” saý­tyn­dan 200 müň­den gow­rak prog­ram­ma tap­mak bol­ýar. Bu prog­ram­ma­la­ryň bir bö­le­gi mug­tu­na be­ril­ýän bol­sa, kö­pü­si­ni 99 sent (1 dol­lar­da 100 sent bar) ýa­ly “ujyp­syz­ja” nyr­ha sa­tyn al­mak bol­ýar. Saýt­da ge­rek bo­lup bi­läý­jek prog­ram­ma­la­ryň kö­pü­si bar hem-de her gün bir­nä­çe tä­ze prog­ram­ma peý­da bol­ýar. Bu saýt­dan peý­da­lan­mak üçin bol­sa “iTu­nes” abo­nent­li­gi (mug­tu­na al­mak bol­ýar) hem-de kre­dit kar­toç­ka­sy (Türk­me­nis­tan­da bu hyz­ma­ty Da­şa­ry Yk­dy­sa­dy Bank ber­ýär) ge­rek.

“iPadde” wi­deo­la­ryň haý­sy for­mat­la­ry­ny gör­mek bol­ýar?

As­lyn­da ada­ty ýag­daý­da “iPadde” di­ňe “MPEG-4”, “mp4” hem-de “mov” for­mat­ly wi­deo­la­ra to­ma­şa et­mek bol­ýar, ýö­ne is­len­dik wi­deo­ny ag­za­lan bu üç for­ma­ta öwür­ýän bir­nä­çe mugt prog­ram­ma tap­mak ýa-da “DivX” for­mat­la­ry gör­kez­ýän bir­nä­çe mugt prog­ram­ma­nyň bi­rin­den peý­da­lan­mak bol­ýar. En­jam ba­ra­da aý­dyp bol­jak bir oňaý­syz ýag­daý bol­sa “Flash” teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň bol­maz­ly­gy­dyr, ýag­ny “Flash” teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly taý­ýar­la­nan wi­deoa­lar­dan, prog­ram­ma­lar­dan hem-de web sa­hy­pa­la­ryn­dan peý­da­la­nyp bol­ma­ýar.

“iPadde” “Word”, “Excel” hem-de “PDF” do­ku­ment­le­ri­ni ula­nyp bol­ýar­my?

Ha­wa, “iPad” üçin ni­ýet­le­nen bir­nä­çe mugt prog­ram­ma ar­ka­ly “Word”, “Excel” hem-de “PDF” do­ku­ment­le­ri­ni oka­mak hat-da üýt­get­mek hem bol­ýar.

“iPadde” “USB” por­ty ýok, faýl­la­ry­ en­ja­ma nä­dip ge­çi­rip bo­lar?

“iPadiň” iň köp taň­kyt edil­ýän ta­ra­py “USB” por­tu­nyň bol­maz­ly­gy­dyr. Ýö­ne as­lyn­da bu ýag­daý sä­hel­çe “oňaý­syz­lyk­dan” ýo­ka­ry däl­dir. En­ja­ma faýl ge­çir­mek is­le­se­ňiz “iTu­nes” prog­ram­ma­sy­ny iş­le­dip “iPadi” komp­ýu­te­ri­ňi­ze çat­ýar­sy­ňyz, soň­ra bu prog­ram­ma ar­ka­ly en­ja­ma is­len­dik faý­ly ge­çir­ýär­si­ňiz.

“iPadiň” ba­ta­re­ýa­sy nä­çe wag­ta ýet­ýär?

Do­ly zar­ýad ber­len “iPad Wi-Fi-niň” ba­ta­re­ýa­sy 10 sa­gat iş­le­mek üçin, “iPad 3G-niň” ba­ta­re­ýa­sy bol­sa 9 sa­gat iş­le­mek üçin ýet­ýär. Eger-de ed­ýän işi­ňiz ki­tap ýa-da do­ku­ment oka­mak bol­sa iki en­ja­myň hem ba­ta­re­ýa­sy 11-12 sa­ga­da ýet­ýär.

“iPadiň” ag­ra­my nä­çe?

En­ja­myň ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 700 gram tö­we­re­gi­dir.

“iPadiň” güýç­li ta­rap­la­ry

Da­şa­mak hem-de ulan­mak ra­hat­ly­gy:

“iPadiň” ag­ra­my, eger-de, ony ýa­ny­ňy­za al­sa­ňyz, si­ze “ar­tyk­mak ýük” bol­ma­jak de­re­je­de ujyp­sy­zy­dyr. Ada­ty not­buk­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da is­len­dik wag­ty 1-2 se­kunt­da sön­dü­ri­lip-açyl­ma­gy bol­sa ula­ny­lan­da uly ra­hat­lyk dö­red­ýär.

Ulan­ma­gyň sa­da­ly­gy:

Gör­mek hem-de deg­mek (el­le­mek) is­len­dik ada­my­nyň ra­hat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri­dir. Şeý­le­lik­de duý­gur ek­ra­na eýe bo­lan “iPadi” her bir adam ula­nyp bi­ler.

Uly ek­ran:

“iPadiň” ek­ra­ny­nyň­ dia­go­na­ly­nyň ulu­ly­gy 9,7 dýuým (24,6 sm) du­ru­ly­gy bol­sa 1024×768. Ýag­ny şeý­le ek­ran­da In­ter­net­de sy­ýa­hat et­mek, wi­deo­la­ra to­ma­şa et­mek, fo­to­su­rat­­la­ry gör­mek hem-de kar­ta­la­ry göz­den ge­çir­mek örän oňaý­ly bol­ýar.

“AppS­to­re”

“iPad” üçin ni­ýet­le­nen ýö­ri­te prog­ram­ma­la­ryň sa­ny gün­sa­ýyn art­ýar. Is­len­dik her bir iş üçin prog­ram­ma tap­dyr­ýar diý­mek bo­lar. Iň oňaý­ly ta­ra­py bol­sa bu prog­ram­ma­la­ryň äh­li­si­niň bir saýt­da jem­le­nenli­gi­dir.

“Güýç­li”

En­ja­myň 1 Ghz-lik pro­ses­so­ry onuň örän “güýç­li” bol­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Örän go­wy tiz­lik bi­len “agyr” prog­ram­ma­la­ry hem iş­let­mä­ge ýe­ter­lik­ bol­ýar.

Ba­ta­re­ýa­sy­nyň güý­ji

“iPadde” ula­nyl­ýan ýö­ri­te ba­ta­re­ýa onuň 9-12 sa­gat­lap iş­le­dil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu bol­sa hä­zir­ki wagt­da ön­dü­ril­ýän not­buk­la­ryň hiç bi­rin­de bol­ma­dyk aý­ra­tyn­lyk­dyr.

“iPadiň” ejiz ta­rap­la­ry

“Flash” teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň bol­maz­ly­gy:

“iPad” “Flash” teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edil­män­dir. Bu teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly taý­ýar­lanan In­ter­net sa­hy­pa­la­ry­ny gör­mek müm­kin bol­ma­ýar, mug­tu­na paý­lan­ýan mil­li­on­lar­ça oý­ny oý­nap bil­me­ýär­si­ňiz.My­sal üçin, “Facebookda”“Farmvil­le” oý­na­mak müm­kin bol­ma­ýar.

Ka­me­ra­sy ýok:

Baş­ga­lar bi­len şe­kil­li gep­leş­mek ýa-da bir za­dy su­ra­ta dü­şür­mek müm­kin bol­ma­ýar.

“USB” ýok:

“iPade” “USB” ky­sym­ly ýat­la­ry ýa-da “USB” ar­ka­ly iş­le­ýän baş­ga en­jam­la­ry dak­mak bol­ma­ýar. Hat­da en­ja­ma faýl ge­çir­mek üçin ýö­ri­te “iTu­nes” prog­ram­ma­sy­ny ulan­ma­ly bol­ýar. Ýat kar­toç­ka­la­ry­ny okat­mak üçin bol­sa ýö­ri­te en­jam ge­rek bol­ýar.

“iTu­nese” mä­täçligi:

“iPadi” ulan­mak üçin “iTu­nes” abo­nen­ti bol­mak hök­ma­ny­dyr. Abo­nent bol­ma­gy üçin bol­sa kre­dit kar­toç­ka­sy ze­rur­dyr.

“iPad” üçin “hök­ma­ny” 10 mugt prog­ram­ma

1.”USB Disk”:

“iPadde” “USB” por­ty ýok. Ýö­ne “USB Disk” prog­ram­ma­sy ar­ka­ly bu ýag­da­ýyň üs­te­sin­den gel­mek bol­ýar. Prog­ram­ma­ny “iPadiňi­ze” ala­ny­ňyz­dan soň­ra, ony sim ar­ka­ly komp­ýu­te­ri­ňi­ze ça­tyň. “iTu­nes” prog­ram­ma­sy­ny açyp, “Apps” bö­lü­min­den “USB Disk” prog­ram­ma­sy­ny saý­laň. In­di is­len­dik faý­ly “iPadiňi­ze” ge­çi­rip bi­ler­si­ňiz. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/usb-disk-for-ipad/id385275533?mt=8#

2. “VLC me­dia player”:

“VLC me­dia player” bar bo­lan wi­deo for­mat­la­ry­nyň 99 gö­te­ri­mi­ni gör­kez­mä­ge ukyp­ly “open so­urce” prog­ram­ma. Bu prog­ram­ma ar­ka­ly “iPadiňi­zi” ha­ky­ky “Me­dia” mer­ke­zi­ne öw­rüp bi­ler­si­ňiz. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/vlc-me­dia-player/id390885556?mt=8

3.”iRead PDF”:

e-poç­ta­ňy­za ge­len “PDF” ky­sym­ly faýl­la­ry bu prog­ram­ma ar­ka­ly aç­mak bol­ýar. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/iread-pdf/id378450857?mt=8

4.”AppS­hop­per”:

“AppS­hop­per” ar­ka­ly iň tä­ze, meş­hur, ar­zan ýa-da mugt prog­ram­ma­lar­dan ha­bar­dar bo­lup bol­ýar. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/apps­hop­per/id387037496?mt=8

5.”Watt­pad”:

“Watt­pad” e-ki­tap­la­ry oka­mak üçin ni­ýet­le­nen meş­hur prog­ram­ma­dyr. Prog­ram­ma ar­ka­ly köp ki­tap­la­ry mug­tu­na oka­mak bol­ýar. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/100-000-free-books-watt­pad/id306310789?mt=8

6.”Backgrounds HD”:

“Backgrounds HD” ar­ka­ly10 müň­den gow­rak ýo­ka­ry du­ru­lyk­ly fon su­rat­la­ry­ny In­ter­net­den al­mak bol­ýar. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/backgrounds-hd/id363670292?mt=8

7.”Documents 2 (Free Edi­ti­on)”:

Bu prog­ram­ma­lar top­lu­my­ar­ka­ly­sa­da “Word”, “Excel” faýl­la­ry­ny eme­le ge­tir­mek bol­ýar, “PDF” faýl­la­ry hem-de bir­nä­çe fo­to for­mat­la­ry bi­len iş­leş­mek bol­ýar. Hat­da bu top­lum­da “Win­dows­da­ky” “Paint” prog­ram­ma­sy­na meň­ze­ýän çy­zuw prog­ram­ma­sy hem bar. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/documents-2-free-spreads­he­et/id314894105?mt=8#

8.”Sound­Hound”:

“Sound­Hound” prog­ram­ma­sy ar­ka­ly diň­le­ýän aý­dy­my­ňy­zy In­ter­netden göz­läp tap­mak, is­le­ndik aý­dym­çy­nyň wi­deo klip­le­ri­ni göz­le­mek hatda aý­dym­la­ryň söz­le­ri­ni tap­mak müm­kin bol­ýar. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/sound­hound/id355554941?mt=8

9.”Ever­no­te”:

”Ever­no­te” prog­ram­ma­sy ar­ka­ly hat­ly, ses­li hat­da şe­kil­li bel­lik­leri eme­le ge­tir­mek müm­kin bol­ýar. Üs­te­si­ne-de, eme­le ge­tir­ilen bel­lik­le­re, ola­ryň ni­re­de eme­le ge­ti­ri­len­di­gi ba­ra­da­ky mag­lu­ma­ty hem bi­rik­dir­mek bol­ýar. Iň “süý­ji” ta­ra­py bol­sa bel­lik­le­ri­ňi­zi In­ter­ne­te aw­to­ma­ti­ki usul­da ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi­niň bol­ma­gy­dyr. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/ever­no­te/id281796108?mt=8

10.”iBooks”:

“iBooks” ar­ka­ly “iPadiňi­zi” ki­tap­ha­na öwür­mek müm­kin bol­ýar. Prog­ram­ma­nyň iň meş­hur aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa “iBooks­to­re” saý­tyn­dan ar­zan nyrh­dan müň­ler­çe ki­ta­byň sa­tyn al­nyp bi­lin­me­gi­dir. Prog­ram­ma­nyň ýe­ne-de bir ta­pa­wut­ly ta­ra­py “PDF” faýl­la­ry­ny e-ki­tap for­ma­ty­na öwür­mä­ge ukyp­ly bol­ma­gy­dyr. Sal­gy­sy: http://itu­nes.app­le.com/us/app/ibooks/id364709193?mt=8

Zaman – Türkmenistan

  1. jumayev

    05.12.2016

    Kamerasy ba

    Jogap ber

Jogap ýaz