Komp­ýu­te­re gö­zü­ňiz bi­len buý­ruk be­riň0

03.19.2011

Mart aýy­nyň 1-5-i ara­syn­da Ger­ma­ni­ýa­da ge­çir­len “CeBIT 2011” teh­no­lo­gi­ýa ser­gi­sin­de ün­si çe­ken tä­ze­lik­le­riň bi­ri hem “To­bii” şe­re­ke­ti­niň göz ar­ka­ly komp­ýu­te­re buý­ruk ber­mek teh­no­lo­gi­ýa­sy bol­dy. “Le­novo” hem-de “To­bii” şe­re­ket­le­ri­niň ser­gi­de gör­ke­zen lap­top komp­ýu­ter­le­rin­de göz ar­ka­ly kar­ta­dyr su­rat­la­ry ulal­dyp-ki­çel­dip (zo­om), pen­ji­re­den pen­ji­rä ge­çip, e-poç­ta­dyr do­ku­ment­le­ri açyp oka­mak bol­ýar. Sal­gy­sy www.to­bii.com ­bo­lan şe­re­ke­tiň saý­tyn­da ener­gi­ýa­ny has tyg­şyt­ly ulan­mak üçin bol­sa ek­ra­na se­red­ýän adam bol­ma­sa, ek­ran aw­to­ma­ti­ki ýag­daý­da ga­raň­ky­ra­ýar hem-de oňa se­re­di­len­de, öz-özün­den ýag­tyl­ýar.

“To­bii” şe­re­ke­ti­niň we­ki­li Sa­ra Haý­lin öz be­ýa­na­tyn­da: “Gö­zü­ňi­zi komp­ýu­ter­dä­ki bir za­dy gör­kez­mek, saý­la­mak hem-de do­ku­ment­le­riň sa­hy­pa­la­ry­nyň ara­syn­da geç­mek üçin ulan­mak örän in­tui­tiw­dir (ada­myň öw­re­dil­me­se-de, öz-özün­den bil­ýän za­dy). Şeý­le­lik­de, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa sy­çan­jyk hem-de kla­wia­tu­ra ýa­ly ada­ty en­jam­la­ryň or­nu­ny eýe­läp bil­me­ýär, ýö­ne ola­ryň ýa­ny bi­len ula­ny­lan­da, ula­ny­jy­la­ra uly ýe­ňil­lik dö­red­ýär” diý­di.

Şe­re­ke­tiň baş­ly­gy Hen­rik Es­kils­son bol­sa öz be­ýa­na­tyn­da: “ Il­ki bi­len bi­ziň gör­ke­zen lap­to­py­my­zyň pro­to­tip­di­gi­ni aýt­mak is­le­ýä­rin. Ýag­ny, biz bu lap­top ar­ka­ly göz ar­ka­ly buý­ruk ber­mek teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ada­ty komp­ýu­ter­ler­de ula­nyl­jak de­re­je­de kä­mil­li­ge ýe­ten­di­gi­ni gör­kez­mek is­le­dik. El­bet­de, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­nyň ada­ty komp­ýu­ter­le­riň ada­ty­la­şan bö­le­gi bo­lup bil­me­gi üçin onuň ki­çi hem-de ar­zan bol­ma­ly­dy­gy­na gö­zü­miz ýet­ýär. Şu se­bäp­li hem 1-2 ýyl­da bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň ar­zan ba­ha­dan dün­ýä­niň is­len­dik ýe­rin­de ta­py­lyp bi­lin­me­gi üçin iş alyp bar­ýa­rys hem-de uly şe­re­ket­ler bi­len gep­le­şik­ler alyp bar­ýa­rys” diý­di.

Zaman Türkmenistan

 

Jogap ýaz