2015-nji ýy­lyň komp­ýu­te­ri0

05.27.2010

Ada­ty komp­ýu­ter ula­ny­jy­la­ry­nyň pi­kir­le­ri­ne bi­ler­men­le­riň be­ren jo­ga­by bol­sa örän tä­sin: “Bol­ma­jak zat däl!”. Üs­te­si­ne-de eý­ýäm­den şeý­le tas­la­ma bar. www.tuvie.com saý­tyn­da ge­çir­len pi­kir so­ra­şy­gyn­da 2015-nji ýy­lyň ada­ty komp­ýu­te­ri­niň nä­hi­li bol­ja­k­dy­gy ba­ra­da so­ra­şyk ge­çi­ril­di. So­ra­şyk­da bu komp­ýu­te­riň örän ki­çi, jü­bi­de ýa­-da go­şar­da gö­te­ril­mä­ge ukyp­ly, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz ener­gi­ýa çeş­me­sin­den “iý­mit­len­me­li­di­gi”, go­log­ra­fi­ki ek­ra­na eýe bol­ma­ly­dy­gy hem-de 24 sa­gat in­ter­ne­te ça­ty­lan bol­ma­ly­dy­gy anyk­lan­dy. Ada­ty komp­ýu­ter ula­ny­jy­la­ry­nyň pi­kir­le­ri­ne bi­ler­men­le­riň be­ren jo­ga­by bol­sa örän tä­sin: “Bol­ma­jak zat däl!”. Üs­te­si­ne-de eý­ýäm­den şeý­le tas­la­ma bar. Onuň ady “HO­LO 2.0”.

Bu komp­ýu­ter go­şar­da gö­te­ri­ler hem-de ge­rek bo­lan ýag­da­ýyn­da onuň şek­li­ni üýt­get­me­gem diý­seň aň­sat bo­lar. “HO­LO 2.0” komp­ýu­te­ri­niň ba­ta­re­ýa­sy­na zar­ýad ber­mek üçin ýö­re­mek do­ly ýet­er­lik­li bo­lar, se­bä­bi bu en­jam adam ýö­rä­nin­de eme­le ge­len ki­ne­ti­ki ener­gi­ýa­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na öwür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Komp­ýu­ter duý­gur go­log­ra­fi­ki ek­ran bi­len üp­jün edi­ler hem-de kom­ýu­te­riň özü­niň uzyn­ly­gy 140 mm., ini 25 mm. ga­lyň­ly­gy bol­sa 2,5-10 mm. ara­ly­gyn­da bo­lar.

Komp­ýu­te­riň ýa­ny bi­len sa­tyl­jak dok-be­ke­di ( “Dock-sta­ti­on”) ar­ka­ly bol­sa ony giň ek­ran­ly, do­ly funk­si­ýa­ly komp­ýu­te­re öwür­mek bo­lar. Ýö­ne haý­ran gal­dyr­ýan ta­ra­py ag­za­lan dok-be­ke­di bol­ma­sa­da onuň hä­zir­ki wagt­da ula­nyl­ýan not­buk­la­ryň funk­si­ýa­la­ry do­ly eýe bol­jak­dy­gy­dyr.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz