Kompýuterde programirlemäni kimler öwrenmeli?0

01.23.2016

Dünýäniň iň meşhurlaryndan Steve Jobs, Mark Zuckerberg, Bill Gates ýalylaryň ählisi kiçi ýaşdan başlap programirlemäni öwrenip başladylar. Dünýäde inženerlik ugrundan okadýan okuw jaýlarynyň köpüsinde programirleme öwredilýär. Aslynda kompýuterde programma ýazylanda öňümizde duran enjamlara näme etmelidigini aýdýarys we şol bir wagtda biz sistematik pikirlenmäni, problemalara gysga we dogry ýoldan nähili çözgüt getirmelidigini öwrenýäris.

Kod ýazmak ýada algoritma düzmek adamyň durmuşdaky problemalaryna çenli çözgüt tapma ukybyny özgertýär. Dünýäniň uly firmalarynyň gurujylary we iň meşhur programmaçylar ähli adamlaryň kiçi ýaşdan başlap kod ýazmany we algoritma düzmäni öwrenmelerini maslahat berýär.

Steve Jobs bir ýerde şeýle diýýär: “Meniň pikirimçe bu ýurtda ähli adamlar kompýuterde kod ýazmany öwrenmeli. Sebäbi bu adama nähili pikir etmelidigini öwredýär. Kompýuter bilimine sosial bilim diýip garaýaryn. Hemme kişiniň öwrenmeli zady”

Dünýäniň iň köp ulanylýan sosial tory Facebookyň döredijisi Zuckerberg 9 ýaşynda öwrenipdir, Bill Gatesiň ilkinji ýazan programmasy 3daş programmasy 13 ýaşynda ýazýar, 15 ýaşynda bolsa BASIC diliniň täze wersiýasyny işläp taýýarlady.

Programma ýazmany öwrenmek adama, sistematiki pikirlenmäni, problema çözmäni, wakalaryň arasyndaky baglary görüp bilmäni, dörediji pikir etmek ýaly ukyplary öwredýär. Programma ýazmany bilýän adam bir enjamyň ýada haýsy hem bolsa bir sistemanyň işleýişini has aňsat we tiz düşünýär, şonuň üçin problemalara gysga ýoldan çözgüt tapyp bilýär. Hemme çaga kiçilikden ilki öwrenmeli zatlaryndan biri hem programirleme bolmaly diýip pikir edýärin. Mekdeplerde-de öwredilmegi jemgyýetimiz üçin has peýdaly boljakdyr.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz