Kompýuterimdäki näsazlyklar we BIOS dili – II0

04.14.2011

Siz pikir hem edýän dälsiňiz, siz kompýuteriňizi elektrik toguna ýagny elektrik çeşmesine ötüreniňizde we soň ony işe goýbereniňizde bir kiçijik mikroshema öz işine başlaýar. Ýagny onuň işi esasylaryň biri bolup durýar.  Kompýuterler biziň gündelik durmuşymyza üstünlikli ornaşdyrylyp we üstsnlikli peýdalanylýar. Gürrüňsiz her kim öz kompýuteriniň tiz we oňaýly işlemegini isleýär. 

BIOS (Basic Input/Output System – Базовая система ввода/вывода – Ýönekeý Giriş Çykys Sistemasy(ulgamy)) bu programma siziň kompýuteriňizi ilkinji işe goýberýär. Ýagny komýuteriňizi elektrik togyna ötürüp onyň POWER düwmesine basyp işe goýbereniňizden BIOS öz işini ýerine ýetirip başlaýar eger-de siziň kompýuteriňizde tehniki näsazlyk ýok bolsa, meselem sizin ulanýan kompýuteriňizde hemme enjamlaryňyz ýagny wagtlaýyn ýat(RAM), gaty disk (ýagny winçester – HARD DISK) we ş.m.,  şolaryň işe ýaramlylygyny barlaýar, eger-de näsazlyk bar bolsa onda ol işini dowam etmesini bes edýärde şol ýüze çykan näsazlyga görä hat ýa-da ses duýduryşy bilen duýdyrýar, eger-de şol agzalan enjamlarda (oborudowaniyalarda) näsazlyk ýagny kemçilik ýok bolsa onda ol işi operasion sistema geçirýär. Biziň bilişimiz ýaly operasion sistemamyz gaty disge gurnalýar.

Şeýlelikde, BIOS-yň edýän işine seredip geçip bileris olar şu aşakdakylardyr:

–          kompýuterdäky enjamlaryň barlygynyň başlangyç tesdy;

–          enjam(apparat) serişdelerini we ulgam (sistema) resurslaryny (çeşmelerini?) sazlama;

–          ulgam resurslaryny paýlamak;

–          programma ýüzlenmeleriniň esasy funksiýalaryny işläp taýýarlama;

–          giriş/çykyşyň esasy funksiýasy we enjamlaryň özara baglanyşykly gatnaşygyny;

–          kompýuteryň energiýa sarp edijiligine goldaw ýagny ideg, awtomatiki usulda açylma, özme we ş.m.

Ýokarky aýdylanlardan netije çykarsak, biziň BIOS-y sazlamak köp derejede biziň kompýuterymyzyň üstünlikli işlemegine täsiri bar.

BIOS-yň programmasyny biz kompýuterymyzyň ekrany açylynda ýagny ýüzüne ýazgy çykanyndan soň DEL ýa-da F2 düwmesine basyp girip bileris. Ýagny ýaňky agzalan düwmeleri öz wagtynda basmak gerek we ýene-de bir belläp geçmeli zatlaryň esasylarynyň biri hem siz kompýuterde kän bir ökde bolmasaňyz size BIOS-a girmegiň peýdasy ýok sebäbi oňa düşünmeseňiz siz öz operasion sistamaňyzy açylmaz ýaly hem edip bilersiňiz ýöne siz öz edýän hereketleriňizi ünsli okap etmegiňizi maslahat berýäris.

 

Taýýarlan: Serdar Öräýew – Ukraina

Milli Azyk Tehnologiýa Uniwersiteti talyby

Jogap ýaz