Noutbukda batareýiň çalt çökýärmi? Ine käbir tilsimler…0

12.08.2013

noutbuk-batarey

Hemmelere mälim bolşy ýaly batareýiň çalt çökmegi hem telefonlarda, hem noutbuklarymyzda uly problema. Bir ýere syýahata çykanyňyzda 10 minut hem bolsa kopýuterimizi köp ulanmak isleýäris. Bugün siziň bilen syýahata çykalyň we ýolda kompýuterimizi batareýi çökertmän maksimum wagt ulanalyň. Bu syýahaty, tok öçeninde, tok berilýäni(Charger) ýatdan çykaranyňyzda ýaly ýagdaýlar bilen üýtgedip bilersiňiz.1. Ekran ýagtylygyny azaldalyň.

Kompýuteri ulanýan ýeriňiziň ýagtylygyna görä ekran ýagtylygyny hem düzmek gerek. Eger noutbugyňyz LED ekranly däl bolsa ekran ýagtylygyny azaltmak batareýden az ulanmaga getirer. Elbetde gündiz ýolagçy bolsaňyz ýagtylygy peseldip gözümizi zaýalamalyň. Ekranyň bahasy: ortaça 300$, gözüň bahasy: bütin dünýä baýlygy. Bill Gates ähli baýlygyny size bagyşlamaz. :)

2. Dakylan enjamlary aýyralyň.

Kompýuter bilen işläp otyrkaňyz USB ýat ulanmaly bolmagy mümkin, ýada DVD, CD we ş.m. Ulanyp bolanymyzdan soň aýyrmak gerek. Hasam CD ýada DVD dakyp uzak işläp bolmaz. Sebäbi batareýi aglatýan enjamlar bular. Hää ýöne sen diýýän bolsaň: “Dost men ähli işim şolar bilen, ýolda diňe DVD ulanmaly”. Seniň göwnüňe degip bolmaz, öýden çykmankaň, Deamon Tools ýaly wirtual disk döretýän programmanyň üsti bilen diskiň ISO formatyny alýaň we ýolda disk dakman ulanýaň. :)

3. Arka tarapdaky programmalary azaltmaly

Ýene windowsdan söz açylsa agym tutýar, şeýle bir gereksiz, dereksiz, işleýämikäm diýip işe ýaramaýan programmalar bar arka tarapda, bize görünmän batareýiň janyna kast edýärler. Ýöne olar şuwagt uly tema aýratyn gürrüň bererin, şuwagtlykça arkada işleýän käbir bilýän programmalarymyzy ýapalyň. Windowslaryň soňkylarynda (Win 95, 98 ulanýan ýokdurla aramyzda??)  Ctrl+Alt+Del basanymyzda “Task Manager” çykýar. Şol ýerde işläp duran programmalary görüp bilersiňiz. Haýsyny aýyrmak isleseňiz üstüne gelip syçanjygyň sagyna basyp “End Task” basmaly. Bu ýerden aýyranlaryňyz kompýuterden doly pozulanok diňe işini togtatýar. Bilýänje programmalarymyzy aýyralyň, bilmeýänlerimizi aýyrsak kompýuteriň işleýişine zepel ýetip biler. Ýenede belläp geçmeli zat kompýuteriňizde wirus bar bolsa arka tarapda köp programma işleder we batareýiň çalt çökmesine sebäp bolar.

4. “Hibernate” ýerine “Standby” ulanmaly

Işläp otyrkak dynç almakçy bolanymyzda kompýuteri açyk goýup bolmaz, ýapsaňam aladasy köp, “Save(Sakla)” etmeli, birtopar programma açyk dur, ählisi ýapylmaly we.ş.m. Iň gowusy “Standby” etmek, “garaşyga almak”, ýagny doly öçürenok ýöne edip oturan işiňe hiç hili päsgel bermän kompýuteriň toguny kesýär. Şuňa meňzeş “Hibernate” hem bar, uky mody hem diýilýär, ýöne hibernate edileninde doly tokdan kesilenok arkada ýene programmalar işläp durýar we batareý çökmäge dowam edýär.

5. Grafikany peseltmeli

Ýolda gidip barýarkak oýun oýnasymyz geldi. Etmeli zadymyz oýunyň grafikasyny iň pesine getirip oýnamak. Sebäbi grafikasy näçe beýik bolsa şonçada batareýe duşman.

6. Sesi Peseltmeli

Ýolda gidip barýarkak sesi daşyna çykaryp gygyrdyp saz diňlemek hökman diýýän bolsaňyz, batareý bilen çalt hoşlaşarsyňyz. Şonuň üçin akylly bolupjyk gulaklyk dakyp ulanybermeli.

7. WiFi we Bluetooth ulanylmaýan bolsa ýapyk saklamaly

WiFi we Bluetooth hem batareýe duşman. Ulanjak bolsaň ulanyp soň ýapmak gerek.

8. Gizli Tilsim

Şu ýere çenli ýaltanman okan bolsaňyz size üýtgeşik tilsim bereýin. Kompýuter gyzan wagty prosessoryň perwanasy tiz işleýär we batareý üçin ölüm. Mümkin bolsa sowuk ýerde ulanjak bolmaly. Eger awtoulagda ýada ş.m ulagda dowamly syýahat edýän bolsaňyz, USB giriş bar bolsa (täzelerde bar) özüňize bir noutbuk sowadyjy alyň we şul USB girişine dakyp noutbugyňyzyň aşagyna goýup ulanyň. Batareýiň has uzak wagt çökmedigini görersiňiz. :)

Ine ýola çykanymyzda etmeli zatlar.

Ýöne bulardan başgada belläp geçmeli 3 zat bar.

  1. Hard Diski (Gaty Diski) her 3 aýdan defragmentden geçirip durmaly. Windowsyň özünde “Defragment” programmasy (zowodskoý) gelýär. :)
  2. Batareýiň uzak ömürli bolmasy üçin, kompýuteri uzak wagt zarýatda goýmaly däl, ýada zarýatda durka uzak wagt işletmeli däl. Elbetde köplenç bu mümkin bolanok, ýöne ýardan çykarmaly däl: Kompýuter bolsada, telefon bolsada zarýada duran wagty işletseň batareýiň gündelik ömri azalýar.
  3. Egerde togyň ýygy-ýygydan öçmeýän we akymyň aýnap durmaýan ýerinde ýaşaýan bolsaňyz onda öýde batareýi aýyryp ulanyp bilersiňiz. Eger toga degişli problema bar bolsa onda beýle EDÄÝMÄŇ. Esasy Plata (Mainboard) ýanmasyna sebäp bolup biler. Noutbuk bahasy takmynan Esasy Plata bahasyna deňdir. :)

Serdar R

Çeşme: http://on.fb.me/1boin7c

Jogap ýaz