Öýe komp­ýu­ter al­mak12

04.28.2010

Eger-de, kom­pýu­te­ri di­ňe In­ter­ne­te gir­mek, e-poç­ta oka­mak ýa-da hat ýaz­mak ýa­ly “agyr” bol­ma­dyk iş­ler üçin ulan­mak is­le­ýän bol­sa­ňyz, 300-350 dol­lar­lyk komp­ýu­ter ýe­ter­lik­li bol­ýar. Ýö­ne öýü­ňi­ze al­mak is­le­ýän komp­ýu­te­ri­ňi­ze has “ag­ram­ly” iş­le­ri et­dir­mek ýa-da on­da soň­ky çy­kan oýun­la­ry oý­na­mak is­le­se­ňiz, üns be­ril­me­li bir­nä­çe zat bar. Yn­ha, www.ehow.com saý­tyn­da güýç­li komp­ýu­ter al­mak is­le­ýän­le­re be­ril­ýän mas­la­hat­lar:

Ge­rek­li zat­lar:

1)Pro­ses­sor hem-de so­wa­dy­jy

2)Wi­deo kar­toç­ka

3)Ses kar­toç­ka

4)RAM (wagt­la­ýyn ýat)

5)Esa­sy kar­ta (mot­her­board)

6)Ga­ty disk (2 sa­ny)

7)Komp­ýu­te­riň da­şy (kas­sa)

8)“Win­dows XP”, “Win­dows Vis­ta” ýa-da “Win­dows 7” dis­ki

Il­ki bi­len güýç­li pro­ses­sor al­jak bo­luň, “In­te­liň” “E8500” ýa­ly 200 dol­lar­dan ar­zan pro­ses­sor bo­lup bi­ler. Wi­deo kar­ta ala­ny­ňyz­da, onuň ýa­dy­nyň 1 GB-den az bo­la­ny­ny al­ma­jak bo­luň. Ses kar­toç­ka­sy­ny bol­sa “7+1” bo­la­ny­ny saý­la­jak bo­luň. Komp­ýu­te­ri­ňi­ze oturt­jak RAM-yňyz 3 GB-den köp bol­sun. Esa­sy kar­ta­ny saý­la­ny­ňyz­da, 16 GB ýa-da 3 GB çen­li RAM-le­ri iş­le­dip bil­ýän­le­ri­ni al­jak bo­luň.

Ga­ty disk­ler­den 2 sa­ny­sy­ny alyň. Bi­ri 80 ýa-da 120 GB, beý­le­ki­si bol­sa 500 GB – 2 TB ara­syn­da bo­la­nyn­da, al­jak bo­luň. Se­bä­bi “Win­dows” ope­ra­si­on ul­ga­my­na  aý­ra­tyn ga­ty disk ber­se­ňiz hem komp­ýu­te­ri­ňiz tiz iş­lär hem-de “Win­dows” çö­kä­ýen ýag­da­ýyn­da hem mag­lu­mat­la­ry­ňyz ýit­mez. Ikin­ji ga­ty dis­kiň 500 GB – 2 TB ara­syn­da saý­la­nyl­ma­ly­gy­nyň se­bä­bi bol­sa, bu dis­ki mag­lu­mat­la­ry­ňy­zy sak­la­mak üçin ula­nar­sy­ňyz we bu göw­rüm si­ze ar­ka­ýyn 3 ýy­la go­laý do­ly ýe­ter­lik­li bo­lar.

Komp­ýu­te­re daş ala­ny­ňyz­da, ulu­ra­gyn­dan al­jak bo­luň. Soň komp­ýu­te­ri­ňi­ze baş­ga ap­pa­rat­la­ry hem oturt­mak is­le­se­ňiz, ýer ýet­män dur­ma­syn.

Ba­şar­sa­ňyz, “Win­dows XP” ýa-da “Win­dows Vis­ta” ul­gam­la­ry­ny ulan­ma­jak bo­luň. Se­bä­bi, bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, “Win­dows 7” ope­ra­si­on ul­ga­my “Micro­soft” şe­re­ke­ti­niň hä­zi­re çen­li iş­läp ýa­san iň kä­mil hem-de “ra­hat” ope­ra­si­on ul­ga­my bo­lup dur­ýar.

Soň­lu­gy bi­len aýt­sak, tä­ze komp­ýu­ter ala­ny­ňyz­da, ony haý­sy mak­sat bi­len al­ýa­ny­ňy­zy öňün­den kes­git­le­jek bo­luň. Komp­ýu­te­re et­dir­jek iş­le­ri­ňi­ziň “agyr­ly­gy­na” gö­rä komp­ýu­ter alyň. El­betde, di­ňe “Micro­soft Of­fice” prog­ram­ma­lar top­lu­my­ny iş­let­mä­ge ni­ýet­le­nen komp­ýu­ter bi­len “Ado­be Pre­mie­re” hem-de “AutoCAD” prog­ram­ma­la­ry­ny iş­let­mä­ge ni­ýet­le­nen komp­ýu­ter meň­zeş däl­dir.

Zaman – Türkmenistan

  1. nassatanly

    11.25.2010

    autacad üchin haysyny maslahat beryaniz!?

    Jogap ber
  2. Azat

    11.28.2010

    Auto cad üçin esasy wideo kartany we prosessory beyik tutsan bolya. galan zatlar ortaca. wideo kart azyndan 1 GB etsen in sonky AutoCad wersiyasyny gowja işleder.

    Jogap ber
  3. Okyjy

    12.26.2010

    Siziň sözüňize düşünmedik ýerim bar. Meselem:”Kompýuteriňize oturtjak RAM-yňyz 3 GB-den köp bolsun. Esasy kartany saýlanyňyzda, 16 GB ýa-da 3 GB çenli RAM-leri işledip bilýänlerini aljak boluň.” Esasy kart diýip nämäni göz öňüne tutýaňyz. Men toçno ýadyma düşenok 3 gb ram alsaň 62 bitli komp bolmaly dälmi?

    Jogap ber
  4. Okyjy

    12.26.2010

    “Adobe Premiere” nähilisi gerek?

    Jogap ber
  5. Admin

    12.27.2010

    Esasy karta diýip “Mainboard” üçin aýdylan. 64 bit ýada 32 bit prosessora degişli. Prosessoryn 64 bit bolsa Windows 64bit wersiýasyny ulanyp bilersin, ýagny Ram-e degişli ýeri ýok.
    Adobe Premiere iň soňky wersiýasy üçin Ram 4GB we wideo karty 512MB dan yokarda bolsa hiç hili problemasyz işlär.

    Jogap ber
  6. Okyjy

    12.29.2010

    Sag bol Admin Matplata diýseň düşündim. Tm enelik plata diýilýärmikä diýýän.
    Adobe Premiere Ram 4 Gb goýmaly bolsa ony 32 bitlik komplar götärmikä?
    Mende 2 GB Ram otyr ýönesi 1 GB geçse komp zawisat (doňup işleýär)işleýär. Kitaýskidir diýip bar progda barladym 2048 Mb görkezýär

    Jogap ber
    • Merdan

      12.29.2010

      Men ara gireyin belki peydam deger :) men bilyanim matplata kabul etse ram naçe goysan goyubermeli. Adobe premiere ulanjak bolsan 32 bit uçin ayratyn 64 bit uçin ayratyn wersiyasy bardyr ;)
      2GB ram ulanyan bolsan onun kop bolegini windows ozi ulanyar. sana poçti zat galanok :D ol donup ishlemesi “bus speed”(geçiriji tizligi) sebapli bolup biler. şol tizlik az bolsa ramler ishlani bilenem tapawut edenok. ;)

      Jogap ber
  7. Okyjy

    12.29.2010

    Admin temaňda daşa çykmagam bolýar. Bagyşlarsyňda temany nähili açmaly? Meselem men notebook i3 (aý tri) ýa-da i5 (aý pýat) men olaryň näçe ýadrolylygyna düşünemok. Olaryň güýji nähili? Bu zatlara düşünmeýän diňe men däldirinlaý? başga-da bardyr goý aljak adamlarada sapak bolsun!

    Jogap ber
    • Admin

      12.30.2010

      Bolar @Okyjy dost. Dogry aýtýaň, ol makalanam taýýarlaly ýakyn wagtda goýars. :)

      Jogap ber
  8. Okyjy

    12.31.2010

    Merdan sag bol. Mana name komek edip biler. Sony bilsemem bolyar. Su wagt taze yylda girip otyryn HEMMANIZI TAZE yyl bayramy bilen gutlayarn! Mashgala abatlygyny arzuw edyan. IN GOWY ARZUWLAR SIZE BOLSUN!
    ADMIN sag bol size sheyle gowy sayt uzagyndan bolsun! Taze yylda sizede uly guyc, ertirki gune ynam doretsin!
    Janynyz sag omruniz uzak bolsun!

    Jogap ber
  9. Okyjy

    12.31.2010

    Mana hazir office pakedin 2007-den 2010 versiyasynyn tapawudyny yazaysanyz has gowy boljak. Name uytgesikligi bar. Mumkincilikleri. Apparat talaby nahili?
    Gyssagly su soraglara jogap berayseniz caksiz minnetdar bolardym

    Jogap ber

Jogap ýaz