Kompýuter programmalaryndan in gowularyndan saýlama2

05.10.2011

Islendik kompýuter ulanyjysyň gyzyklanýan we ilseýän zady programmalaryň (software) iň gowusynda işlemekdir. Geliň men size şolardan iň 5 gowusy (top 10) barada gysgaja maglumatlar bereýin.

1. Antivirus: 2011 ýylyň saýlawlaryna we barlaglaryna göra iň güýçli, in köp virus görnüşlerine garşy goranyşy bolan antiwus programmasy, BitDefender Antivirus Pro 2011. Bu programma esasan täsinligi kompýuteriňizde ähli ýerde öz barlag kömegini ýerine ýetirýär. Programma öz görnüşinde örän sada ulanyşa berilipdir, hiç hili agyr programmalaşdyrma bilmeklik zerur däl. Özüňize almak isleseňiz  TRIAL görnüşi bar we doly görnüşi 39$ dan bahasy başlaýar. Saýty: www.bitdefender.com/site/Downloads

2. Internet browser: 2011 ýylyň saýlawyna görä iň goragly, tiz we ýeňil işleýän internet browser bu Mozilla FireFox bolup bellenildi. Bu gezek täze görnüşi bilen 1000-lerçe pluginler, öran owadan görkli theme’lar, gözleg goranyş sistemasy we s.m. bilen ulanyjylaryna hüdürleýär. Başga browserler barada: Iň goragly browser Internet Explorer 9.  Iň tiz işleýän browser Google Chrome. Bahasy mugt. Özüňize almak üçin saýty: www.mozilla.com

3. Surat bezemek: 2011 ýylyň iň gowy surat bezeg (montaz) programmasy Adobe Photoshop Elements 9 bolup bellenildi. Öňki Photoshop programmalarynyň içinde iň köp funksiýaly we ýokary hili dizaýn hyzmatlaryny ýerine ýetirýär, onuň esasy täsin funksiýasy bolup 3D möçberde montaz edip bolýar. Başgada esaslardan biri bolan we iň köp ulanylyp peýdasy degip biljek funksiýasy bu telefonda düşürilen suratlara hakyky görk berip üstünde dürli täsin işleri ýerine ýetirip bolýar. Bahasy 80 $ dan başlaýar. Özüňize almak üçin saýty: www.adobe.com/products/photoshopel

4. Aýdym üstünde işlemek: 2011 ýylda aýdym düzmek programmalarynyň saýlamalarynyň arasyndan sahelçe tapawut bilen Cakewalk Audi Sonar öne ädim atdy. Bu programmada ähli görnüşdäki aýdymlaryň üstünde işläp bilersiňiz. Taýyn aýdymlardan remix ýasamak ýagny aýdymyň üstüne her dürli ritm sesler berip, isleseňiz öz sesiňizi ýazdyryp üstüne goşup bilersiňiz. Aýdymlaryň üstünde üýtgeşmeler girizmek üçin 2000-e golaý ritm sesleri ulanyp bilersiňiz. Programmada işlemek täzeler üçin kynrak gelip biler sebabi örän funksiýasy kop, öwrenmek üçin wideo kurslary bar. Täze öwrenijiler üçin maslahat berýän programmam FL Studio. Bu has sada, göze düşnükli we kömekçi maglumatlary ýerleşdirile. Cake walk Audi Sonar programmasyny[ bahasy 99$ dan başlaýar. Özüňize almak üçin: www.cakewalk.com

5. Wideo üstünde işlemek: 2011 ýylyň saýlamalaryna görä öňki ilkinji orunt eýelän Adobe Premiere’dan üstün çykan Cyberlink companiýasynyň täze önümi CyberLink Power Director 9 Deluxe ýeňiji boldy. Bu programma diňe wideo montaz funksiýalarynda işleýän däl eýsem özüniň ýorite wideo player programmasy bar, bu programmasy ähli formatdaky wideo we audi tanaýar. Bahasy 70$ dan başlaýar. Özüňize almak üçin saýty: http://www.cyberlink.com/downloads/trials/index_en_US.html

 

Bellik: Ýokarda görkezilen we başgada islendik programmalaryňyzy MUGT, DOLY GÖRNUŞ we GORAGLY ýükläp almak üçin www.isoftware.at.ua saýtyna myhman boluň. Sol saýtyň adminlerine islendik oýnuňyzy ýa-da programmaňyzy sargasaňyz hökmany 24 sagadyň içinde saýtynda ýerleşdirerler.

  1. Okyjy

    05.19.2011

    Photoshop Elements 9 photoshop cs 5-mi?
    3 d formatda nähili surat bolýaraý näme tapawudy bar adaty suratdan?

    Jogap ber
    • itech

      05.19.2011

      3d format bolanda hakykata has yakyn, has owadan suratlar bolya. Google’dan “3d photos” diyip gozle cykar.

      Jogap ber

Jogap ýaz