Kompýuteriň esasy düzümleri we olaryň funksiýalary0

03.08.2013

Computer Parts-1Kompýuter sözi iňlisçe computer – hasaplaýjy diýmekdir. Kompýuter programmirlenýän elektron gurluş bolup, maglumatlary işläp taýyarlamaga we hasaplamalar geçirmäge  hem-de simwollar bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge niýetlenilen. Häzirki zaman kompýuterleri sifr kompýuterlere we analog kompýuterlere bölüşdirilýär. Sifr kompýuterler ikilik sifrler 0 hem 1 görnüşündäki maglumatlary işläp taýyarlaýarlar. Durmuşda ulanylýan kompýuterleriň agramly bölegi sifr kompýuterleridir. Kompýuteriň özi çözmeli meseleleri 0 hem 1-e öwürýär, mesele çözülip bolandan soň bize düşünikli görnüşe geçirip berýär.

Analog kompýuterler üznüksiz fiziki ululyklary (elektrik togy, wagt we ş.m.) işläp taýýarlaýarlar.

Kompýuteriň esasyny elektron we elktromehaniki elementleri we gurluşlary peýdalanmak bilen ýasalan apparat (iňlisçe HardWare) emele getirýär. Kompýuteriň işleýişi öňünden berlen kesgitli arifmetik, logik we beýleki amallaryň yzygiderligini programmalaýyn (iňlisçe SoftWare)ýerine ýetirmäge esaslanýar. Islendik kompýuter programmasy aýratyn buýruklaryň (iňlisçe command) yzygiderliginden ybaratdyr. Buýruk kompýuteriň ýerine ýetirmeli amalynyň beýanydyr. Buýrugyň öz kody (şertli belgisi), deslapky maglumatlary (operandlary) we netijesi bolmaly. Kompýuteriň ýerine ýetirýän buýruklarynyň toplumyna kompýuteriň buýruklar sistemasy (ulgamy) diýilýär. Kompýuterler örän çalt cekuntda ýüzlerçe millon amallary ýerine ýetirýarler.

Kompýuter gurluş babatda ýatdan (ýatda saklaýan gurluş), prosessordan (dolandyryş gurluş (DG) we arifmetika-logiki gurluşlar (ALG)), giriş we çykyş gurluşlardan ybaratdyr. Kompýuterde bu gurluşlar aragatnaşyk kanaly birikdirilen.

Kompýuteriň esasy gurluşlary we olaryň arabaglanyşygy 5-nji suratda görkezilendir. Goýy peýkam bilen informasiýanyň hereketiniň ugry, ýönekeý peýkam bilen dolandyryjy signallaryň berilişiniň ugry we ýoly görkezilen.
umumy-gornus
Surat: Kompýuteriň umumy shemasy

Kompýuteriň ýady aşakdaky funksiýalary ýerine ýetirýär:

  • § başga gurluşlardan informasiýalary kabul edýär;
  • § informasiýalary ýatda saklaýar;
  • § kompýuteriň beýleki gurluşlaryň talaby boýunça informasiýalar berýär.

Kompýuteriň prosessory aşakdaky funksiýalary ýerine ýetirýär:

  • § berlen programma boýunça arifmetik we logiki amallary ýerine ýetirmek bilen maglumatlary işläp taýyarlaýar;
  • § kompýuteriň gurluşlarynyň işini programmalaýyn dolandyrýar.

Prosessoryň buýruklary ýerine ýetirýän bölegine arifmetika-logiki gurluş (ALG) diýilýär. Prosessoryň gurluşlaryny dolandyrýan bölegine dolandyryş gurluş (DG) diýilýär. Adatça bu iki gurluşa bölüşdirmek şertlidir, olar bitewülikde ýasalýar. Prosessoryň düzüminde sanlary ýa-da buýruklary gysgamöhletli ýatda saklamak üçin ýöriteleşdiril ýadyň öýjügi bar, oňa registr diýilýär. Registriň esasy elementine trigger diýilýär, ol bir sany ikilik ýatda saklamaga ukyply. Regist triggerleriň toplumy bolup, olar biri-biri bilen umumy dolandyryş sistemasy esasda arabaglanyşyklydyr.  Registrleriň birnäçe görnüşleri bardyr:

  • § jemleýji, ol ALG registr bolup her bir amaly ýerine ýetirmäge gatnaşýar;
  • § buýruk sanaýjysy, ol DG registri bolup, ondaky maglumat nobatdaky ýerine ýetirilýän buýrugyň salgysyna gabat gelýär hem-de ýadyň yzygiderli öýjüklerinden programmany awtomatik saýlamak üçin hyzmat edýär;
  • § buýruk registri, ol DG registri bolup, onda buýruk ýerine ýetirilýän döwürde buýrugyň kodyny ýatda saklamak üçin niýetlenilen. Onuň ülüşleriniň böleginde amalyň kody ýatda saklanýar, beýleki böleklerinde operandlaryň (sanlaryň ýa-da simwollaryň) salgysynyň kody ýatda saklanýar.

Kompýuteriň ýady bitlerden ybarat, 8 bit topara birleşdirilip baýt diýilýär. Şeýle bolanda ýadyň ölçeg birligi bilen informasiýanyň ölçeg birligi gabat gelýär. Ähli baýtlar nomerlenen. Baýtyň nomerine, onuň salgysy diýilýär. Kompýuteriň ýady içki  we daşky ýada bölünýär.

Kompýuteriň içki ýadyna operatiw ýat, keş ýat we ýörite ýat girýär. Operatiw ýada RAM (iňlisçe Random Access Memory) diýilip, ol örän uly bolmadyk maglumatlary çalt ýatda saklamak üçin niýetlenilen hem-de gönüden-göni prosessor bilen arabaglanyşykly. Kompýuter tok çeşmesinden kesilende operatiw ýatdaky informasiýalar ýitýär. Operatiw ýadyň möçberi 128, 256, 512, 1024 ýa-da 2048 Mbaýt we ondanam uly bolup bilýarler.

Kompýuteriň keş (iňlisçe cache) ýat, ýokaryoperatiw ýatdyr, ol uly bolmadyk ýatda saklaýyş gurluşdyr. Ol kompýuteriň mikroprosessory bilen operatiw ýadynyň arasynda maglumat alyş çalyşygy üçin peýdalanylýar. Keş ýady kontroller atly ýörite gurluş dolandyrýar.

Kompýuteriň ýörite ýadyna hemişelik ýat (iňlisçe Read Only Memory (ROM)), täzeden programmilenýän hemişelik ýat (iňlisçe Flash Memory), batereýadan iýmitlenýän CMOS RAM ýat, wideoýat we käbir beýleki ýatlar degişlidir. Hemişelik  ýat tok çeşmesine bagly bolmadyk ýatdyr, onda hiç-haçan üýtgedilmeýän maglumatlar ýatda saklanýar, olary diňe okap bolýar. Flash Memory ýat hem tok çeşmesine bagly bolmadyk ýat bolup, onuň mazmunyny täzeden ýazyp ýatda saklanyp bilner, oňa BIOS (iňlisçe Basic Input/Output System) hem diýilýär. BIOS-a kompýuteri toga birikdireniňde, onuň gurluşlaryny awtomatiki testirleýän hem-de operatiw huşa operasion sistemany ýükleýän programmalar degişli edilýär.

Hemişelik ýadyň CMOS RAM görnüşinde kompýuteriň enjamlarynyň düzümi hem-de olaryň konfigurasyýasy baradaky informasiýalary ýatda saklamak üçin peýdalanylýar.

Kompýuterde grafiki informasiýalary ýatda saklamak üçin wideoýat (iňlisçe VRAM) ulanylýar, ol operatuw ýatda saklaýyş gurluşlaryň görnüşidir, onda kodlanan şekiller ýatda saklanýar, ondaky şekiller birbada prosessora we monitora elýeterdir.

Kompýuteriň daşky ýadyna uzakdowamly ýat hem diýilýär. Kompýuteriň daşky ýady prosessor bilen gönüden-göni arabaglanyşmaýar, ol şeýleräkdir:

Daşky ýat, Operatiw ýat, Keş ýat, Prosessor

Kompýuteriň daşky ýadyna aşakdaky gurluşlar we enjamlar degişlidir:

  • § gaty magnit disklerde toplaýjylar;
  • § çeýe magnit disklerde toplaýjylar;
  • § ykjam-disklerde toplaýjylar;
  • § magnit-optiki ykjam-disklerde toplaýjylar;
  • § magnit lentalarda toplaýjylar (strimmerler);
  • § fleş disk – USB gurluşlar.

Informasiýalary ýatda saklamak üçin ulanylýan çeýe disk (iňlisçe floppy disk) plastikadan edilen, uly bolmadyk informasiýalar we programmalar üçin niýetlenilen.

disk-1

Surat. Çeýe magnit diskler

Çeýe magnit diske informasiýa sektorlara bölünen töwerek görnüşli ýodajyklara (treklere) ýazylýar. Ýodajyklaryň we sektorlaryň sany disketiň formatyna we görnüşüne bagly. Sektor diske ýazyp ýa-da okap bolýan iň az informasiýany ýatda saklaýar. Sektoryň sygymy hemişelik bolup, ol 512 baýta deňdir. Häzirki wagtda 3.5 dýumly, sygymy 1.44 mbaýt, ýodajyklarynyň sany 80, ýodajyklarda sektorlaryň mukdary 18-e deň bolan disketler giňden ýaýrandyr. Soňky ýyllarda üçdýumli möçberde 3 Gbaýt informasiýany ýatda saklaýan disketler peýda bolup başlady.

Kompýuteriň informasiýa saklaýan ammaryna gaty magnit disklerde toplaýjy (iňlisçe Hard Disk Drive (HDD)) ýa-da winçester diýilýär. Ol germetik ýapylan gurluşdyr.

winçester-disk Surat. Gapagy aýrylan winçester disk

Kompýuterdäki winçester diskde 10 Gbaýtdan 100 Gbaýta hat-da ondan hem köp informasiýalary ýatda saklap bolýar.

Ykjam-disklere CD-ROM (Сompact Disk Read-Only Memory) diýilýär, olara informasiýalar bir sapar ýazylýar, soňra diňe okalyp bilnýär. Oňa 780 M baýt informasiýa ýazyp bolýar. Häzirki wagta şeýle disklere derek DVD diskler ulanylyp başlandy, olara 17 Gbaýta çenli informasiýalar ýerlsdirilip bolýar.

 ykjam-disk

Surat: Ykjam-disk

Magnit-optiki ykjam-disklerde toplaýjylara CD-R (Compact Disk Recordable) we СD-MO (Compact Disk — Magneto Optical) lazer disklere informasiýa ýazyjylar degişli. Ol lazer disklere informasiýalar ýazylyp, täzeden ýalylyp biliner, häzirki wagtda has köp ulanylýan toplaýjydyr.

 cd-motoplayjy

Surat. СD-MO toplaýjy

Magnit lentalarda toplaýjylar (strimmerler) uly möçberli informasiýalary ätiýaçlyk üçin nusgalap saklamaga niýetlenilendir. Olaryň informasiýa göterijileri magnit lentalardyr, ýazyp bolýan informasiýanyň möçberi 2 Gbaýta barabardyr.

Häzirki wagtda fleş diskler – USB gurluşlar informasiýalary ýatda saklamak, bir kompýuterden informasiýalary geçirmek işinde giňden peýdalanylýar hem-de olaryň peýdalanmagynyň gerimi giňeýar. Fleş disklere birnäçe Gbaýt informasiýalary ýazyp ýatda saklap, ýenede täzeden oňa informasiýa ýazyp bolýar.

Kompýutere informasiýalary girizýän gurluşa klawiatura diýilýär. Klawiatura harplary, sifrlary we beýleki simwollary hem-de dolandyryş signallaryny girizýän düwmelerden (klawişlerden) durýar. Klawiaturada basan düwmäňe degişli simwol ýa-da buýruk kompýuteriň monitorynda, kursoryň duran ýerinde peýda bolýar. Kompýuterleriň klawiaturasynda harplaryň ýerleşişi dürli-dürli biolmagy münmkindir. Häzirki wagtda latyn harplarynyň we sifrlaryň ýerleşişi QWERTY görnüşi giňden ýaýrandyr.

klawiatura Surat. Kompýuteriň klawiaturasy

Klawiaturanyň iň ýokarky hatarynda 12 sany funksional düwmeler ýerleşdirilen, olaryň köpüsi ulanylýan programmalarda ýörite ýumuşlar üçin programmirlenen. F1 düwmäni basyp kompýuterde ýerine ýetirilýan programma boýunça anyklama alyp bolar. Işlenýän programmadan F10 düwmäni basyp çykyp bolar. Klawiaturada düwmäniň depesine hat ýazylan işi dolandyrýan düwmeler bar:

  • § Enter — informasiýany, buýrugy girizýandüwme;
  • § Esc (Escape — çykmak) düwme işi ret etmek, programmadan menýudan çykmak üçin niýetlenilen;
  • § Ctrl we Alt — özbaşdak hiç-hili ýumuşy ýerine ýetirmeýär, başga düwmeler bilen bilelikde basylanda dolandyryş işleri ýerine ýetirýär;
  • § Shift (registr) — düwmeler bilen setir harp ýazylsa baş harpa çalýsýar ýa-da tersine;
  • § Insert (ýerine goýmak) — ýerine goýmak düzgünine geçirýar, kursor duran ýere täze simwollary girizýär);
  • § Delete (aýyrýar) — kursoryň duran ýerinden başlap, onuň yzyndaky simwollary aýyrýar;
  • § Back Space ýa-da — kursoryň duran ýerinden başlap, ondan öňki simwollary aýyrýar;
  • § Home we End — cursory degişlilikde setiriň başyna we yzyna geçirýär;
  • § Page Up we Page Down —kursoryň duran ýerinden, ony degişlilikde bir ekran yza we öňe geçirýar;
  • § Tab — tabulýasiýa düwmesi, kursory saga birnäçe ýere bökdürýär;
  • § Caps Lock — setir harplar ýazylýan bolsa baş harplar ýa-da tersine bolan ýagda registrde berkidýär;
  • § Print Screen — ekranda görünýän informasiýany çap edýär.
  • § Iň aşaky setirdai uzyn hiç-hili simwol ýazylmadyk uzyn düwme ekrana boş ýeri girizmek üçin niýetlenen:
  • § , , we  düwmeler kursoryň öň baran ýerinden degişlilikde bir setir ýokary, aşak hem-de setirde bir ýer saga, çepe geçirmek ücin niýetlenilen;

Kompýutere maglumatlary şekiller görnüşünde skanerler bilen girizip bolar. Skaner resminamanyň şekilini kompýuter girizýär. Kompýuteriň ýadyna girizilen informasiýalar ýörite programmalaryň kömegi bilen tekstlere, tablisalara öwrülip adaty ýazgy ýaly okap bolýar.

 skanner

Surat. Skaner

Klawiaturanyň sagynda ýerleşen düwmeler sanlary girizmek ýa-da kursory dolandyrmak işinde peýdalanylýar, ol düzgünlere Num Lock düwmesini basyp geçip bolar.

Kompýuterden maglumatlary çykarýan gurluşlara displeýler we printerler, plotterler degişli. Kompýuterdäki informasiýalary görkezmegi wideosistema üpjün edýar. Kompýuteriň wideosistemasy üç düzümden ybarat:

  • § monitor, oňa display hem diýilýär;
  • § wideoadapter;
  • § widesitemanyň draýwerleri bolan programma üpjünçilik.

Wideoadapter monitora dolandyryş signaly goýberýar. Monitor ol signallary görer ýaly ýagdaýa öwürýär. Draýwerler wideoşekilleri işläp taýyarlaýarlar.

Monitor kompýuterdäki tekstleri, tablisalary, suratlary, çyzgylary we ş.m. görüp bolar şekillendirýan gurluşdyr.

kompyuterin-monitory Surat. Kompýuteriň monitory

Kompýuteriň monitorlary edil öý telewizorlar ýalydyr. Ilkibaşda monitorlar elektron-şöhle turbasy görnüşinde ýasaldy. Häzirki wagtda kompýuterleriň monitory hökmünde suwuk kristallara esaslanlary köpçülikleýin ulanylyp başlandy. Bahasy has gymmat kompýuterlerde plazma monitorlary ulanylýar. Kompýuterlerde sensor ekranly monitorlar hem ulaylýar. Şeýle kompýuterleriň monitorlaryna eliň barmagyny degişli ýerine degirip, klawiaturasyz işläp bolýar.

Kompýuterlerden informasiýalary kagyza geçirmek üçin çap edýan gurluşlar-printerler ulanylýar. Dünýäde müňden hem gowurak atlandyrylýan printerler bar, olaryň hemmesi üç topara bölüşdirilýär:

  • § matrisa;
  • § lazer;
  • § akymly.

Matrisa printerlerde her bir simwol kagyza 9, 18 ýa-da 24 sany iňňäniň topary bilen çap edilýär. Lazer printerleriniň işleýişi edil informasiýany nusgalaýjynyň işi ýaly ekrandaky simwollary lazer şöhläniň kömegi bilen kagyza geçirýär.

lazer-printer Surat. Lazer printeri

Akymly printerler kagyza simwollary syýa nokatlaryň yzygiderligi görnüşünde çap edýär. Her bir kompýuteriň öz draýweri bolmaly, ol operasion ulgamda goýulan.

Kompýuterden grafik informasiýalar grafik guryjylara – plotterlere çykarylýar, ol gurluş kompýuteriň dolandyrmagynda grafikleri çyzýar, suratlary çekýär ýa-da diagrammalary gurýar.

 plotter

Surat. Plotter

Plotterler bilen çylşyrymly çyzgylary, binalaryň arhitekturalaryny, geografik we meterologik kartalar çap edilýar. Plotter şekili ýörite galamyň kömegi bilen çyzýar.

 

Ýazan: A. Ýazgylyjow – Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Jogap ýaz