Windows 8 – Täze Dolandyryş Sistemasy7

09.30.2011

Ýakynda Microsoft Kompaniýasy özüniň täze öndüren dolandyryş sistemasy bolan Windows 8-i halk köpçüligine tanatdy.

Microsoft kompaniýasy Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň Anaheim şäherinde geçirilen BUILD konferensiýasynda täze öndüren dolandyryş sistemasy bolan Windows 8-i halk köpçüligine tanatdy. Microsoft Windowsyň jogapkär işgäri Stewen Sinofkynyň aýdanlaryna garanyňda bugüne çenli bar bolan Windows dolandyryş sistemasy düýpgöter täzelenjek. Täze Windows 8, Metro görnüşi, sensor ekran aýratynlygy, kämilleşdirilen hili we goşmaça programmalaryň ýerleşdirilmegi we islendik wagtda özgerdilmegi üçin ýörite döredien internet dükany bolan Windows Store ýaly birnäçe täzelikleri bilen bilelikde geldi.
Eger-de bu täzelikler hakda gyzyklanýan bolsaňyz, onda Windows 8-iň kompýuter ulanyjylaryna hödürlän iň esasy 4 aýratynlygy şulardan ybarat:
1) Windows 8 Noutbuk ,Tablet we Adaty Kompýuterlerde ulanylyp bilner.
Windows 8-iň, Microsoft kompaniýasynyň mundan öňki dolandyryş sistemasy bolan Windows 7-den iň uly tapawudy adaty we noutbuk kompýuterlerde işleýänligi bilen bir hatarda tablet kompýuterlerde hem ulanylyp bilinmegidir. Microsoft, Windows Phone platformasynda meşhurlyk gazanan Metro görnüşini Windows 8-de hem ulanýar. Ulanyjylar bu täze girizilen Metro görnüşi bilen biziň öňden bilýän iş stoly görnüşi arasynda ýekeje tyklamanyň kömegi arkaly geçme mümkinçiligine eýe.
Windows 8 sensor ekranly Tablet kompýuterlerde işläp biljek derejede taýýarlanan. Has öwgä laýyk tarapy bolsa Windows 8-iň ARM görnüşindäki prosessorlarda hem işlap bilýänligidir. ARM görnüşli prosessorlar häzirki wagtda akylly mobil telefonlary we tablet dünýäsindäki enjamlaryň ençemesiniň özeni bolup durýar. Sebäbi, ARM çipleri, energiýa üpjünçiligi babatynda kiçi göwrümli enjamlar üçin has amatlydyr. Apple kompaniýasynyň iPad 2 atly tablet kompýuterinde ulanan A5 çipiniň düzüminde hem goşa prosessorly ARM Cortex-A9CPU bar.
Bu özgertmeleriň netijesinde Windows 8 dolandyryş sistemasy, ýüklän enjamlaryňyzyň ählisinde diýen ýaly sazlaşykly işläp biler. Windows 8-de kompýutere hem klawiturada-syçanjyk hem-de sensor ekran arkaly buýruklar berlip bilner. Bu täze sistemany goldaýan siziň Intel, AMD ýa-da ARM prosessorlaryňyzyň ählisinde-de Windows 8 sazlaşygy bar. Hut şu aýratynlyk Windows 8-i diýseň köp taraply dolandyryş sistemasy bolmaklygyna getirdi.
2) Windows 8 – Ýokary tizlige eýe
Kompýuter tehnologiýalarynyň örän çalt depginler bilen ösýän asrymyza laýyk Windows 8 dolandyryş sistemasy hem, öňki dolandyryş sistemasy bolan Windows 7-ä garanyňda tapawutlanarly tizlige eýe.Disk ýadynda tutýan ýeri (1 GB RAM) we sistemanyň ýüklenmesi üçin sarp edilen wagty azaldylan Windows 8 bary-ýogy 8 sekuntda açylýar we Metro görnüşli ekran bilen degişli programmalar şol bada hyzmata taýýar ýagdaýa gelýär. Mundan başga-da Windows 8 USB 3.0 porty we Hyper- V tehnologiýalary bilen hem sazlaşykly işleýär.
Netijede Windows 8 , beýleki dolandyryş sistemalary bolan iOS ýa-da Mac OS X Lion ýaly esasy garşydaşlaryndan tizlik we yzgiderlilik babatda hem öňe geçmegi başardy. Windows 8-i ulananlaryň aglaba böleginiň dolandyryş sistemasynyň ýükleniş we içindäki programmalaryň açylyş tizliginden hoşal boljakdyklary konferansda agzalanlaryň üstüni ýetirýär.
3) Windowsyň Goşmaça Programmalar Dükanjygyna Hoş geldiniz?!.
Ulanyjylaryň isleglerini we talaplaryny ýerine getirmek maksady bilen ösýän XXI asyr tehnologiýasy täze ösüşleri başdan geçirýär.Indi Windows 8 dolandyryş sistemasynyň ýanynda goşmaça programmalary alar ýaly dükany hem bar. Bu ýagdaý aslynda o diýen geň galdyryjy hem däl. Çünki, Apple kompaniýasynyň meşhurlyk gazanan iOS App Store atly dükany ähli teknologiki ekosistemalarda programmalar dükanyny döretmegi başlap beripdi.
4) Metro Görnüşi we Sensor Ekran Aýratynlygy – Windows-yň Geljegi.
Wındows 8 dolandyryş sistemasy taýýarlanylanda sensor ekranlary hem göz öňünde tutuldy we olara mahsur programmalar kämilleşdirildi. Täze dolandyryş sistemasy klawitura we syçanjyk bilen diýseň sazlaşykly işeýändigine garamazdan Microsoft kompaniýasy, özüniň Metro görnüşine dolandyryş sistemasynyň geljegi hökmünde garaýar.
Hawa, Windows 8 biziň üçin tanyş bolan adaty kompýuterleriň ekran görnüşine-de eýe we ulanyjylar öz isleglerine baglylykda adaty iş stoly kompýuterlerinde ulanylýan programmany hem gurup bilerler. Emma dolandyryş sistemasynyň garaşylmadyk, geň galdyryjy aýratynlyklary sistemanyň içini gezdigiňçe, oýunlaryny oýnadykça, iň esasysy hem enjamda sensor ekranyň kömegi arkaly kompýuter bilen argatnaşyga geçdikçe ýüze çykmaga başlaýar.

Ýene-de Windows 8-de
Täzelenen Internet Explorer 10 web brawzeri multi-touch aýratynlygyna eýedir. Internet Explorer 10-da salgy taýajygy aşakda ýerleşýär.
NFC ( Ýakyn Ara-gatnaşyk) aýratynlygy bolan enjamlar arasynda aňsatlyk bilen faýl geçirmek we almak bolýar.
Retina Display ekranly bolar.
Öňden ýüklenen antiwirus sistemasy bolar.
*** 
Dünýä belli Microsoft kompaniýasy , garşydaş firmalaryndan yzda galmak isleýäne meňzänok. Microsoft kompaniýasy kompýuter dünýäsiniň geljeginiň mobil ulgamdadygyny we geljekde adamlaryň aglaba böleginiň adaty kompýuter sistemalaryny ulanmak ýerine tablet ýa-da ondan hem ýeňil we inçe, ykjam kompýuterleri ulanma islegleriniň artjakdygyna göz ýetirdiler.
Bu aslynda Microsoft kompaniýasynyň öňden amala aşyrmakçy bolyan işidi. Eger Apple kompaniýasy sensor ekran tehnologiýasynyň düýbini iOS dolandyryş sistemasynyň üsti bilen başlap beren bolsa, Microsoft kompaniýasy hem bu ulgamy kämilleşdirmek isleýär. Täze dolandyryş sistemasynyň öň-barlag wersiýasyny bütin dünýä mugt hödürlän Microsoft kompaniýasy özüniň abraýynyň dowamlylygyny Windows 8 arkaly goramaga çalyşýar.
Ýakyn wagtda ulanylmaga başlanjak bu sistema öňki Windows sistemalary üçin kämilleşdirilen programmalar bilen sazlaşykly işläp bilermi diýen sorag bolsa henize çenli jogapsyzlygyça galdy…

Begenç Ýazow

Ankara Üniwersiteti Kompýuter we Okuw Tehnologiýalary Mugallymçylygy 4-nji ýyl talyby.

  1. Okyjy

    10.09.2011

    Begenç sag bol joşup ýazypsyň. Indi gyzykly ýeri.
    1. Ankarada OS-yň bahasy näçe?
    2. Piratskiý wersiýalary çykyp başladymy?
    3. Dual-Core complarda işlärmi?

    Jogap ber
  2. Okyjy

    10.09.2011

    8 sekuntda açylsa telefon alan ýaly bolýar. Köne proglar has takygy näçenji ýyldan soňky döredilen proglar işlärkä?

    Jogap ber
  3. Okyjy

    10.09.2011

    Begenç gaýrat etde bilýän bolsaň set düzmäni ýazsa Vista, seven-de XP-li kompa çataňda XP-li komp olaryň ikisinem görenok olar bolsa içinden zat alyp otyr. Has anyk aýtsam Obşiý dostup berlen, ýöne kompyň özi beýleki kompa hiç zat açmaga mümkinçilik berenok

    Jogap ber
  4. Okyjy

    10.16.2011

    Ýene-de tema açyp bilmedim.
    Aý gowusy adminler iňlis dilini öwretmeseňiz. Durdyk bizä. Aý bilmedim welin geldik öýdýän!

    Jogap ber
  5. Abdy

    07.08.2012

    Turkmenistandada barmyka shul windows8

    Jogap ber
  6. begenyaz

    10.22.2013

    Uzak wagt aradan soň jogap ýazaýyn. Indi win8 hemme ulanýanlygy üçin bu tema o diýen täzeligem däl. Ýöne henizem 7 ulanýanlaram bar windows ulanyjylaryndan. Dogry 8-ňem özüne ýetik kemçilikleri bar. Windows üçin bu adaty ýagdaý :)

    Jogap ber

Jogap ýaz