Power Point programmasyna giriş1

05.06.2011

Power Point programmasynda prezentasiýalary resminamalaşdyrmak, formatirlemek we  guramaçylyk diogrammasy.

Mazmuny.

  1. Giriş
  2. Prezentasiýalary resminamalaşdyrmak
  3. Başga görnüşli formatlara öwürmek
  4. Geçişleri kesgitlemek
  5. Slaỳd-film
  6. Netije
  7. Edebiýatlar

Giriş.

Ylym bilmek ýolunyň çürbaşydyr, kämilligidir. Ylym diňe iliňkini almak däl, özýňkini hem aýan etmekdir. Ylym bilmekligiň göni durmuşa çykýan, bilmekligiň durmuş bilen ýüzbe-ýüz boýan pursatydyr. Hormatly Prezidentimiz “güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidirs”  diýen sözlerinden ugur alyp bize diňe okamak galýar. Hormatly Prazidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdymyzyň ähli pudaklarynda uly-uly üstunlikler gazanylýar. Şol sanda bilim ulgamynda örän uly ösüşler , özgerişler amala aşyrylýar.

Döwlet baştutanymyzyň ilkinji işe geçen güninden başlap ylma-bilime uly üns berip birnäçe Permanlardyr, Kararlary kabul etdi. Milli lidermiz “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýip belläp geçýär. Dogrydan hem islendik ösen güçli döwletde ylym-bilim esasy orny eýeleýändir. Ylym jemgiýet bilen aýrylmaz baglanşklydyr. Adam ylym-bilim bilen özüniň arzuw eden beýik bagtyna ýetýändir. Hormatly Prezidentimiz her çykyşynda, duşuşygynda bize talyp ýaşlara uly ünis berip ýokary derejede bilim almagymyz üçin döwlet tarapyndan ähli şertleri döretýär.

Talyplaryň talyp haklarynyň, mugallymlaryň zähmet haklarynyň köpeldilmegi, orta mekdepleriň on ýyla, ýokary okuw mekdepleriň 5-6-gy, ýagny ýyla getirilmagi bizi diseň begendirýär, guwandyrýar. Ýurtbaştutanymyz her bir talybyň gowy şertlerde okamagy üçin ähli ýokary okuw mekdeplerinde internet we multimediýa merkezlerini, ösen kompiýuter tehnikasyny ornaşdyryp berdi. Şeýle ösen kämil tehnalogiýalara erk edip bilmegimiziň biziň arzuw eden hünärimiziň hakyky eýeleri bolmagymyza getirýär.  2008-nji ýylda biziň durmuşymyzda ýene bir begendirji waka ol hem Türkmen Politehniki Inistutymyzyň täze binasynyň gurylmagy, ýagny Ýanwar aýynyň 14-ne Hormatly Prezdentimiz    “Dar.M.Handasa”  halkara inženerçilik taslama kompanýasynyň baş arhitektory Habib El-Masri bilen duşuşyp   Türkmen  Politehniki Inistutymyzyň  gurluşygynyň taslamasyny makullady.

Bu bolsa biziň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdeplerinde has-da ýokary derejede bilim alyp öz hünärimize ökde hünärmenler bolup ýetişmegimize getirer. Ýene bir bellemeli zat Milli lidermiz “Türkmenistanyň  zähmet hakynda Kanunlar kodeksine üýtgeme girizmek hakynda ”  Týrkmenistanyň kanunyna gol çekdi. Ol kanun esasynda her ýylyň Sentýabir aýynyň 1-i bilim we talyp ýaşlar güni diýip bellenildi. Bu bolsa biz talyp ýaşlary diýseň begendirdi. Biz talyp ýaşlar hem döwrebap goşantgoşup özümiz üçin şeýle atalyk aladalaryny edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli alyp barýan işlerniň rowaç almagyny talyp ýüregmizden arzuw edýäris.

Prezentasiýalary resminamalaşdyrmak.

Bu işde prezentasyýanyň slaýdlaryny resminamalaşdyrmagyň birnäçe usullaryna seredip geçeris. Indiki temalara serediler:

–         markirlenen ýazgylar;

–         tekst obýektler;

–         grafiki obýektler;

–         slaýdyň nusgasy;

–         diagramma.

Prezentasyýalary resminamalaşdyrmak üçin ýeterlikli wagt bolmadyk ýagdaýynda dizaýnyň taýyn şablonlaryndan peýdalanyp bolýar. Ýöne has owadan prezentasyýalary döretmek üçin suratlary goşmaly  bolýar, zerur punktlary bellemeli bolýar.

Slaýdy formatirlemek.

PowerPoint-iň slaýdalarynyň şifrleri  we abzaslary Word-daky ýaly formatirlenýär. Islendik teksti belgiläp olaryň interwallaryny, aralyklaryny dogurlap bolýar. Bu parametrleri gorizontal we wertikal çyzgyçlaryň kömegi bilen regulirläp bolýar. Tabulýatorlaryň kömegi bilen uly bolmadyk tablisalary döredip bolýar. Формат > Шрифт (Format > Font) komandany ulanyp sriftiň  ölçegini we ýazylşyny üýtgedip bolýar.

Şrift, markerler we abzaslar.

Prezentasyýanyň esasy tekst elementleri ýazgylar bolup durýar. Word-dan tapawutlylykda PowerPoint-iň ýazgylary köp derejelidir.

. Prezentasyýalaryň ýazgylaryny bezemeklik üçin indiki ädimleri ýerine ýetirmeli:

  • prezentasyýany açmaly;
  • adaty režimden slaýd režimine geçmeli;
  • aşakdaky suratda görkezilen sekizinji slaýda geçmeli. Bu slaýdda iki derejeli ýazgylar ýerleşdirlen.
  • ekrana çyzgyçlary çykarmak üçin Вид > Линейка (View > Ruler) komandany ýerine ýetirmeli;
  • ýazgynyň daşynda alty markerli ramka döreýär, çyzgyçlarda bolsa konteýneriň araçäkleri ýüze çykýar. PowerPoint-iň ýazgylary punktlaryň alty derejesini saklaýar. Dürli derejeleriň punktlary markerler bilen tapawutlanýarlar.

  • çep tarapdaky süýşüjini sag tarapa 4 sm süýşürmeli. Bu süýşüji markerleri şeýle hem ýazgylaryň punktlaryny süýşürýär.
  • markerleriň aralygyny 1 sm çenli süýşürmeli. Ikinji derejeli markerler çepe süýşýär. Punktyň ýazgylary bolsa ýerinde galýar.
  • punkty belgilemeli.
  • Shift düwmesini basmaly we punkty saýlamaly.
  • saýlanan tekstde syçanyň sag düwmesini basmaly we kontekst menýuda Список (Bullets And Numbering) komandany saýlamaly.
  • açylan dialog penjirede Маркированный список (Bulleted) wkladkasyny saýlamaly.
  • bu penjiräniň kömegi bilen markerleriň hödürlenýän görnüşleriniň birini saýlap bolýar. Настройка (Customize) düwmesine basmaly. Символ (Symbol) dialog penjiräniň Шрифт (Font) ýazgy tertibinden Wingdings punkty saýlamaly.
  • belgileri ulaldylan görnüşde görüp bolýar. gerek bolan markeri saýlap almaly.
  • Ok düwmesine basmaly.

Marker hökmünde islendik şriftli ýagyny ýa-da suraty ulanyp bolýar. Suraty goýmak üçin Рисунок (Picture) düwmesine basmaly we hödürlenýän grafiki markerleriň birini saýlamaly.

  • Shift düwmesiniň kömegi bilen soňky üç punkty belgilemeli.
  • Увеличить размер шрифта (Increase Font Size) düwmesiniň kömegi bilen fragmentiň şriftini ulaltmaly.
  • soňky üç punkt kursiw görnüşinde etmek üçin Курсив (Italic) düwmesini ulanmaly.

  • Нумерация (Numbering) düwmesine basmaly. Slaýdyň soňky markerleri yzygiderli sanlara eýe bolýar.

Tekst obýektler.

PowerPoint-de diagramma, tablisam surat ýaly islendik tekst hem aýratyn figura bolup durýar. Ony goýamaklyga, süýşürmeklige we ulaltmaga mümkinçilikler bar. Şeýle obýektleri formatirlemek üçin indikileri ýerine ýetirmeli:

  • Содержание доклада atly üçünji slaýda geçmeli;
  • şu slaýdyň tekst ýazgysynyň üstünde syçanyň sag düwmesini basyp, açylan kontekst menýudan Формат прототипа (Format Placeholder) komandany saýlamaly. Tekst obýekt saýlanylýar we ekranda Формат автофигры (Format AutoShape) dialog penjire peýda bolar. aşakdaky suratda görkezilen Надпись (Text Box) wkladkasy tekstiň ýerleşişini görkezýär. Bu wkladka diňe tekstli awtofiguralar üçin elýeterlidir.

 

  • Размещение текста (Text Anchor Point) tertip ýazgydan Сверху по центру (Top Centered) punktyny saýlamaly. Onuň kömegi bilen konteýneriň içindäki teksti merkezleşdirip bolýar.
  • Resize AutoShape To Fit Text baýdajygy goýmaly. Bu režim awtomatiki konteýneri wertikal boýunça tekstiň ölçeglerine çenli gysýar.
  • Цвета и линии (Colors And Lines) wkladkany açmaly, ol obýektlere ramka goýýar we fonuň reňkini saýlamaga mümkinçilik berýär.
  • Заливка (Fill) bölümiň цвет (Color)   palitrasynda sary reňki saýlamaly.
  • palitranyň Линии (Line) bölüminde gök reňki görkezmeli.
  • açylýan  шаблон (Dashed) ýazgylardan punktir çyzyklary saýlamaly.
  • счетчика толщина (Weight) kömegi bilen 6 punkt galyňlygy görkezmeli.
  • Ok düwmesine basmaly. Slaýd aşakdaky suratda görkezilendir.

Obýektleriň geçirilmegi we olaryň ölçegleriniň üýtgedilmegi.

PowerPoint-de tekst obýektlerini suratlar ýaly geçirip we ölçeglerini üýtgedip bolýar.

  • Рисование (Drawing) gurallar panelinde obýekti belgiläp Действие (Draw) düwmäniň menýusyndan Повернуть/отразить > Свободное вращение (Rotate or Flip > Free Rotate) komandany saýlamaly.
  • görkezijini şeýle şekilleriň birinde ýerleşdirmeli, syçanyň çep düwmesini basyp saklap teksti 450 aýlamaly.
  • Рисование (Drawing) gurallar panelinde Выбор объектов (Select Object) düwmesine basmaly we aýlanma režimini öçürmeli.
  • ortadaky markeri syçan bilen tutup ony aşak süýşürmeli.

Tekst obýektler bellemekligiň iki režimine eýedirler. Eger aýlanýan tekste basylsa awtofigura tekstiň redaktirleme režimine geçýär. Bu ýagdaýda ol gorizontal ýagdaýa eýe bolýar. Teksti redaktirläp bolandan soň awtofiguranyň daşynda syçanyň çep düwmesini basmaly. Ol adaty režime geçýär.

  • çep tarapyň ortadaky markerini ýokarky çekmeli.

Markirlenen tekstiň figurasy ini boýunça kiçeldi we ol dolulygyna slaýda ýerleşýär. PowerPoint-de ähli figuralar belli bir tertipde biri-biriniň üstüne goýulýar. Bu ýagdaýda slaýdyň sözbaşy ýazgydan aşakda durýar. Sözbaşyda fon bolmany üçin ony ýazgynyň üstüne goýup bolýar. Obýektleriň ýerleşişiniň tertibini üýtgetmek üçin  indiki hereketleri ýerine ýetirmeli:

  • sözbaşynyň üstünde syçanyň çep düwmesini basyp, ony belgilemeli.
  • Рисование (Drawing) gurallar paneliniň menýusyndan Порядок > На передний план (Order > Bring To Front) komandany saýlamaly.
  • sözbaşynyň daşyndan syçanyň çep düwmesini  basmaly.

Slaýdyň görnüşlerini redaktirlemek.

Prezentasyýanyň şablonynyň dizaýnynyň düzümine reňkli shemadan başga slaýdyň görnüşleri girýär. Görnüşleri üýtgetmek arkaly prezentasyýanyň ähli slaýdlaryny modifisirläp bolýar. slaýdlaryň görnüşleri özünde indiki komponentleri saklaýarlar:

–         tonlaryny üýtgedip bilýän fonyň reňkleri;

–         markirlenen ýazgylary, sözbaşylary we şriftleri formatirlemegiň ulanylýan parametrleri;

–         slaýdyň arkasynda ýerleşýän goşmaça obýektler;

–         aşaky kolontitulyň tekstini, slaýdyň nomerini we senäni görkezýän ýörite meýdanlar.

Slaýdyň fonlaryny üýtgedeliň we ýokarky aýdylan meýdanlary goşalyň.

 

  • Вид > Образец >Образец слайдов (View > Master > Slide Master) komandany saýlamaly.

Slaýdyň görnüşi we birnäçe düwmeleri saklaýan Образец (Master) gurallar paneli peýda bolar. Bu täze görnüşleri goşmaklyga, ýok etmeklige , olary saklamaklyga we adyny üýtgetmeklige mümkinçilik döredýär. Ýokarda aýdylan hereketleriň kömegi bilen slaýdyň ölçeglerini reňkini, şriftini üýtgedip bolýar. Formatirlenme tituldan başga slaýdlara täsir edýär.

  • Формат > Фон (Format > Background) komandany ýerine ýetiriň. Açylýan dialog penjiräniň kömegi bilen belli bie slaýdyň fonuny redaktirläp bolýar.
  • Фон (Background) dialog penjirede Способы заливки (Fill Effects) punkty saýlamaly.

Способы заливки (Fill Effects) dialog penjiräniň Градиентная (Gradient) wkladkasynda два цвета (Two Colors) geçirijide goýmaly.

  • из угла (From Corner) ýagdaýy saýlamaly.
  • Варианты (Variants) bölüminde sag tarapdaky kwadraty saýlamaly.
  • soňra Ok düwmesine basmaly.
  • Фон (Background) dialog penjiresinde Применить ко всем (Apply То All) düwmesine basmaly, ondan soň saýlanan reňk ähli slaýdlara degişli bolýar.
  • üç goşmaça obýektleri işe goýbermek üçin Вид > Колонтитулы (View > Header And Footer) komandany saýlamaly.
  • geçirijini Автообновление (Update Automatically)  ýagdaýa geçirmeli.
  • Язык (Language) ýazgy tertibinden Русский (Russian) punkty saýlamaly.
  • slaýda nomer goýmak üçin Номер слайда baýdajygy ýerleşdirmeli.
  • Нижний колонтитул meýdanynda Средства связи teksti girizmeli, bu ýazgy her slaýda ýerleşýär.

  • Применить ко всем (Apply To All) düwmesine basmaly.
  • gurallar paneliniň Закрыть (Close) düwmesi arkaly slaýdlary görmeklige geçmeli.

Текстура (Texture), Узор (Pattern) и Рисунок (Picture) wkladkalary tekstur reňkleri slaýdlaryň fony üçin ulanmaga mümkinçilik döredýär. Geometriki çyzyklary ýa-da dürli formatdaky suratlary goýmaklyga mümkinçiligi bar. Titul slaýdy bezemekligi modifisirlemek üçin sözbaşyny formatirlemeli bolýar. sözbaşy ikinji hatarda ýerleşýär. Slaýdan sözbaşa geçmek üçin PageDown düwmesini ulanmaly.

Başga görnüşli formatlara öwürmek

PowerPoint-iň gurallary slaỳdlary electron poçtada, Word dokumentlere, Internede geçimäge mümkinçilik hödürleỳär.

Файл > Отправить (File > Send To) komandasy  PowerPoint slaỳtlary aşakdaky ỳerlere geçirdip bilỳär:

  • Сообщение (на рецензию) (Mail Recipient (for Review)) — slaỳdy electron hat hökmünde hödürleỳär ;
  • По маршруту— degişli salgylar boỳunça ibermek;
  • Участнику собрания по сети (Online Meeting Participant) — tora geçirip bolỳär;
  • в Microsoft Word (Microsoft Word) — Word dokumentinde ỳerleşdirilỳär.

Microsoft Word faỳla prezentasiỳany ỳerleşdirmek üçin aşakdaky hereketleri ỳerine ỳetirmeli:

  • sss-ppt. Prezentasiỳany açmaly
  • Файл > Отправить > Microsoft Word (File > Send To > Microsoft Word) komandany saỳlamaly. Degişli penjire açylỳär.

Soňky döwürde slaỳd filmler köp ulanylỳär. Slaỳd- filmler slaỳdlaryň we olara degişli effektleriň yzygiderligini öz içine alỳär. Bu iş üçin PowerPoint-iň degişli mümkinçiliklerini ulanmaly bolỳär.

Geçişleri kesgitlemek

Slaỳtlaryň arasyndaky geçişler kesgitlense, olaryň görkeziliş prossesi owadan görüner.

  • Degişli faỳly açmaly
  • Показ слайдов > Смена слайдов (Slide Show > Slide Transition) komandany saaly.
  • Применить к выделенному слайду (Apply to selected slide) atly ỳerde degişli effekti saỳlamaly. Mysal üçin punkt  Наплыв вправо-вниз (Cover Right-Down).
  • Скорость (Speed) atly ỳerde  slaỳdyň görkeziliş tizligi kesgitlenỳär
  • Смена слайда (Advance Slide)  atly ỳerde (Automatically After) awtomatiki belligini kesgitlemeli

mysal üçin 3 diỳip girizilse, onda her slaỳd 3 sekundyň dowamynda görkezier.

 

  • Sesi kesgitlemek üçin Звук (Sound) atly ỳerde sesi kesgitlemeli.

Hemme zat kesgitlenenden soňra  Показ слайдов > Начать показ (Slide Show > View Show)  komandany saỳlamaly.

Sesi ỳazmak

Prezentasiỳa sesi ỳazdyrmak üçin kompỳuterde mikrofon bolmaly. Ses ỳazylandan soňra ony ses poliklar hökmünde ulanyp bolỳär. Sesini ỳerine ỳetirmek üçin   Показ слайдов > Звукозапись komandany saỳlamaly.

  • Açylan penjirede  Громкость микрофона (Set Microphone Level) sesiň badyny kesgitlemeli.

  • Mikrofona sesi geçirmeli
  • ОК basmaly.

Slaỳd-film

Slaỳd filmi işe göỳbermek üçin  Показ слайдов > Начать показ (Slide Show > View Show) komandasyny ỳada  F5 düwmäni basmaly. Belli bir yzyguderligi saklamaly

  • Показ слайдов > Настройка презентации (Slide Show > Set Up Show) komandany saỳlamaly.

Показ слайдов (Show Type) atly açylan penjiräniň aşakdaky rejimleri bar:

  • управляемый докладчиком (Presented By A Speaker) — demonstrasiỳanyň doly rejim görnüşi;
  • управляемый пользователем (Browsed By An Individual) — penjirede demonstrasiỳa;
  • с полосой прокрутки (Show Scrollbar) —görmek rejiminde prokrutka çyzgyny goşmak;
  • автоматический (Browsed At A Kiosk) — doly demonstrasiỳa awtomatiki tükeniksiz gaỳtalanyp durỳär;
  • непрерывный цикл до нажатия клавиши “Esc” (Loop Continuously Until “Esc”) — soňky görkezilişden birinji slaỳda geçmek;
  • без речевого сопровождения (Show Without Narration) — ähli söz ỳazgylary aỳyrmak;
  • без анимации (Show Without Animation) — slaỳd obỳektleriň animasiỳasyny aỳyrmak.

  1. Diňe käbir slaỳdlary görmek üçin olaryň yzygiderligini sçetçikde  (From) we  (То) ỳerde kesgitlemeli.
  2. Slaỳdlaryň çalyşygynyň awtomatiki ỳagdaỳyny aỳyrmak üçin  (Manually) ỳadaỳyna göỳmaly.
  3. ОК basmaly.
  4. F5 basmaly.

Slaỳd film kontekst menỳusynyň düwmesi bilen dolandyrylỳär.

  1. Menỳuny çagyrmak üçin islendik ỳerde syçanyň düwmedini basmaly.

Menỳu düwmesi demonstrasiỳa döwründe görünmez ỳaly  Сервис > Параметры (Tools > Options) komandada Вид (View) ỳerinde baỳdajygy aỳyrmaly.

Klawişa Operasiỳa
Probel,saga Indiki slaỳda geçmek
Backspace, çepe, ỳokaryk, Page Up ỳada  Р Öňki slaỳda barmak
Slaỳd nomeri 

+Enter

Nomeri görkezilen slaỳda geçmek
В ỳada nokat Gara ekran/slaỳdy gaỳtarmak
W ỳda nikatly otur ak ekran/slaỳdy gaỳtarmak
Ctrl+P Galam rejimi, demonsrasiỳa wagty çyzyp bolỳär
Ctrl+H Syçan görkezijisini aỳyrmak
Ctrl+A Syçan görkezijisini görkezmek
S Saklamak/awtomatiki demonstrasiỳany dikeltmek
Н Gizlenen slaỳdy görkezmek
Esc Demonstrasiỳany tamamlamak

Tablisa. 1. Prezentasiỳany görmekde ulanylỳan düwmeler

Netije.

Men bu ýerne ýetiren ýyllyk işmde Microsoft Power Point programmasynda Prezentasiýalary resminamalaşdyrmak, Başga görnüşli formatlara öwürmek, Gçişleri kesgitlemek we Slaýd- filmleri ýaly ugurlary özleşdirdim.

Power Point programmasynda  prezentasyýalary resminamalaşdyrmak üçin ýeterlikli wagt bolmadyk ýagdaýynda dizaýnyň taýyn şablonlaryndan peýdalanyp bolýar. Ýöne has owadan prezentasyýalary döretmek üçin suratlary goşmaly  bolýar, zerur punktlary bellemeli bolýar. Prezentasyýanyň şablonynyň dizaýnynyň düzümine reňkli shemadan başga slaýdyň görnüşleri girýär. Görnüşleri üýtgetmek arkaly prezentasyýanyň ähli slaýdlaryny modifisirläp we  slaýdyň ölçeglerini reňkini, şriftini üýtgedip bolýar.  Power Point programmasynda döreden Slaỳd filmi işe göỳbermek üçin  Показ слайдов > Начать показ (Slide Show > View Show) komandasyny ỳa-da  F5 düwmäni basmak bilen görip bileris. Microsoft Power Point programmanyň mümkinçiliklerini  ulanyp  prezentasiýalary  we guramaçylyk diogrammalarny döredip bolýar.

Edebiýatlar.

  1. Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhnama. Aşgabat 2001 ý.
  2. Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhnama. Ikinji kitap. Aşgabat, 2004 ý.
  3. Gurbanguly Berdimuhammedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. Aşgabat. 2007 ý
  4. Türkmenistanyň Prazidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň we Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň nobatdan daşary V gurultaýlarynyň bilelikdäki mejlisinde sözlän sözi. Aşgabat 2007 ý
  5. Gurbanguly  Berdimuhamedow. Eserler ýygyndysy. 1-nji tom. Aşgabat, 2007
  6. Türkmenistanyň Prazidentiniň “Obalaryň, şäherleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatyň durmyş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-    nji ýyla çenli döwür üçin” Milli maksatnamasy, Aşgabat, 2007 ý
  7. Kompỳuterde işlemek. Çärjew.2003 ỳ.
  8. MS Office. Електронный учебник.
  9. MICROSOFT OFFICE для WINDOWS 95 в бюро. А. Колесников, В. Пасько. Киев “BHV” 1996 г.
  10. MICROSOFT OFFICE для WINDOWS 95 без проблем. Под редакцией       С. Молявко. “Бином” Москва 1996 г.
  1. Okyjy

    05.06.2011

    Okamak üçin komp sohranit etdim. Sagja bol şeýle işler köp bolsun!

    Jogap ber

Jogap ýaz