Printerden çykan kagyzlary täzeden ulanyp bolar0

09.28.2011

Kembrij uniwersitetiniň bilermenleri printerden çykarylan kagyzlary arassalap, täzeden ulanmagyň ýoluny oýlap tapdylar. Bu tehnologiýa arkaly edaralardaky kagyza bolan çykdajylary örän azaltjakdygy aýdylýar. Ýene bir oňyn tarapy: kagyz önümçiliginiň azalmagy bilen ekologiýa berilýän zyýanyň hem azaljakdygydyr.

Tomas Kounsil hem-de Julian Ollwudyň 2006-njy ýyldan bäri geçirýän synaglarynyň soňkularynda örän gowy netijeler alyndy. Olar kagyzyň ýüzündäki hatdyr- suratlary kagyza kän zyýan bermän pozmagy başardylar. Olaryň oýlap tapan maddasy bilen islendik kagyzy täzeden ulanyp bolýar. Kagyzyň arassaçylykdan geçendigini bolsa, sähelçe çalymtyk reňki bildirýär.

Agzalan bilermenler kagyzy has tygşytly ulanmak ugrunda işleýän ýeke- täk topar däl. Ýakynda “Xerox” şereketiniň bu ugurda iş alyp barýandygy hem mälim boldy. Ýöne şereketiň açyşyny ulanmak üçin ýörite öndürilen kagyz hem-de toner ulanmaly bolýar. Kembrijiň bilermenleri bolsa şu wagt ulanylýan kagyzlary gaýtadan  ulanmagyň ýolunytapdylar.

Synaglarda adaty ak-gara toner bilen işleýän “HP 4200 DTN”  printeri hem-de “Canon” şereketiniň öndüren adaty A4 formatyndaky kagyz ulanyldy. Ençeme synagdan soň, iň oňyn netijäni 60% dimetilsulfoksidiň hem-de 40% hloroformyň garyndysy bilen işlenen kagyzyň ultrases bilen işlenmeginiň berýändigi belli boldy.

Bilermenler tonerleriň hem-de kagyzyň başga görnüşlerini hem synagdan geçirmegi meýilleşdirýärler. Üstesine- de, kagyzyň has köp wagtlap ulanylmagynyň ýoly hem agtarylýar. Sebäbi şu wagtky usul bilen arassalanan kagyz 5-10 gezekden soň gaty zaýalanýar.

Bilermenleriň ýene bir teklibi bolsa, kagyzy gaýtadan işleýän fabrikleriň açylmagydyr. Şeýle fabrikalaryň töweregindäki  ýerlerden kagyzlar ýygnalyp, gaýtadan işlener. Ýöne bu usulyň çykdajysynyň köp boljakdygy çaklanylýar. Şu sebäpli kagyz arassalamagy täze çykýan printerdir- fotokopiýalaryň özleri edip bilse, has az çykdajyly bolmagyna garaşylýar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz