Tablisadaky hasaplamalar we elektron tablisalar0

08.09.2010

Elektron tablisa – bu tablisalaýyn hasaplamalary kompýuterde geçirmek üçin ulanylýan guraldyr. Elektron tablisa bilen işlemegi üpjün edýän amaly maksatnamalara tablisalaýyn prosessorlar diýilýär. Tablisalaýyn prosessorlara häzirki döwürde giňden ulanylýan Eksel, Quatropro, Lotus we ş.m. programmalar degişlidirler.

Elektron tablisa gönüburçly öýjüklerden ybaratdyr.

Öýjükleriň kese hatarlary elektron tablisanyň setirlerini, dik hatarlary bolsa,  onuň sütünlerini düzýärler.

Setiriň we sütüniň kesişmesine öýjük diýilýär. Öýjüge dürli görnüşli maglumat girizip bilner.

Setirler san bilen, sütünler harplar bilen belgilenilýär.

A B C D E F ….
1
2
3
4

Sütünleri bellemek üçin latyn elipbiýiniň harplary ulanylýar: A, B, C,   . . . ,  Z atly sütünden soň, olaryň atlary AA, AB, AC, . . , AZ, BA, BB we ş.m. bilen bellenilýär. Eger-de, tablisada 256 sütün bar bolsa, onda onuň soňkusynyň ady IV bolýar.

Elektron tablisanyň öýjükleriniň atlary sütünleriň we setirleriň atlaryndan düzülýär.

Öýjükleriň atlaryna mysal hökmünde A1, F7, M251, CA19 getirip bileris. Öýjügiň ady onuň tablisada ýerleşýän ýerini görkezýär, şonuň üçinem, ol öýjügiň tablisadaky salgysyny görkezýär.

Maglumatlar öýjüge klawiaturanyň kömegi bilen girizilýär. Öýjükde san, tekst, formula ýerleşip biler.

Tekst – bu elipbiýdäki (oňa harplar, sanlar, oturlar, ýaýlar, kese çyzyklar we ş.m. girýär) islendik elementleriň yzygiderligidir. Tekstlerde ýazgylar, düşündirişler, tablisalar we ş.m. bolup bilýar.

Formula – tablisalaýyn prosessoryň hasaplamalarynyň ýazgyda aňlatmasydyr. Formulalar köplenç matematiki hasaplamalary kesgitleýär.

Formula öýjükleriň atlaryny, amallaryň  belgilerini,  funksiýalary özünde  toplaýar.

Tablisalardaky öýjüklere maglumatlar toplumy girizilýär hem çykarylýar. Olara degişlilikde, girizilen we çykarylan maglumatlar diýilýär. Girizilen we çykarylan maglumatlar biri birlerine hemişe gabat gelenok. Hususanda, aşakdaky ýagdaýlaryň  ýüze çykmagy mümkin:

v    girizilen san: çykarylan san ;

v    girizilen tekst: çykarylan tekst (tekstiň belli bir bölegi öýjüge ýerleşmeýän ýagdaýynda çykarylyp bilner);

v    girizilen formula: çykarylan onuň hasaplanylan bahasy;

v    girizilen formula: çykarylan formula;

v    girizilen formula: çykarylan ýalňyşlyk göýberilen ýagdaýdaky maglumat.

Aşakdaky tablisalary  formulaly öýjükleriň agzalyp geçirilen  ýagdaýlaryň mysaly hökmünde hödürleýäris.

A B C
1 Buzgaýmagyň biriniň bahasy (müň nanat) Buzgaýmagyň sany Jemi bahasy
2 3 6 18

Çykarma  ýagdaýda tablisa aşakdaky görnüşe eýe bolýar:

A B C
1 Buzgaýmagyň biriniň bahasy (müň nanat) Buzgaýmagyň sany Jemi bahasy
2 3 6 =A2*B2

Ýalňyşlyk goýberilen ýagdaýda tablisa aşakdaky görnüşe eýe bolýar:

A B C
1 Buzgaýmagyň biriniň bahasy (müň nanat) Buzgaýmagyň sany Jemi bahasy
2 3 müň manat 6 Error

 

Bellik: şu ýerde “Error” sözi ýalňyşlygy aňladýar. C2 öýjükdäki formulada tekst görnüşli A2 öýjügi san görnüşli B2 öýjüge köpeltmäge synanyşygyň barlygy sebäpli ýalňyşlyk ýüze çykýar we ol hakda maglumat C2 öýjüge çykýar.

Formula. Formula özünde san ýa-da tekst görnüşli maglumatlary saklaýan öýjükleriň  üstünde dürli amallary geçirmek üçin ulanylýar. Öýjükde formulanyň birinji belgisi  “=” simwol bolmaly. Ondan soň arifmetiki amallar ýazylýar. Meselem, goý, C2 öýjükde  =A2*B2 formula ýazylan bolsun. Eger-de, A2 we B2 öýjüklerdäki maglumatlar, degişlilikde,  3 we 6 bolsa, onda C2 öýjügiň hasaplanylan bahasy 18–e  deň bolar.

Elektron tablisalarda formulalaryň ýazylyş düzgünleriniň sanawy aşakdakylardan ybarat:

v          formulalar “=”  belgi bilen başlaýar;

v          formulalar sanlary, öýjükleriň atlaryny, alamatlary, arifmetiki amallary, ýaýlary, öwürmeleriň atlaryny öz içinde saklaýar;

v          formulalarda ulanylýan arifmetiki amallar:

goşmak (+);

aýyrmak (-);

köpeltmek (*);

bölmek (/);

derejä götermek (^);

v          formuladaky belgiler bir-biriniň yzyndan yzygider bir setirde ýazylýar, amallar we ýaýlar zerur ýerlerde goýulýar.

Elektron tablisanyň esasy häsiýetini belläliň. Eger-de, öýjüge girizilen san üýtgedilse, onda şol öýjügiň adyny öz içine alýan formulaly öýjükleriň hemmesinde hasaplamalar gös-göni dessine amala aşyrylýar we olaryň bahalary çykýar.

Mysal 1.1. Elektron tablisada aşakdaky getirilen matematiki aňlatmalary ýazmaly. Formulalaryň hemmesinde üýtgeýän ululyklar tablisanyň berlen öýjüklerinde, ýagny, degişlilikde, x – A1; y – A2; z – A3 öýjüklerde ýerleşen diýip hasap etmeli.

Matematiki aňlatma      Elektron tablisadaky ýazylmaly formula

5 x2 +3,4 y2 =5*A1^2+3.4*A2^2

(x-y):(4-z)                                             =(A1-A2)/(4-A3)

x+y+z                                                    =A1+A2+A3

 

Soraglar we  gönükmeler

 

№ 1 Elektron tablisanyň formulany çykarma ýagdaýynda aşakdaky bir bölegi berlen bolsun.

A B
1 3 6
2 =B1-A1 =B1/A1

a)     A2 we B2 öýjüklere haýsy baha çykar?

b)    Eger-de, A1 we B1  öýjüklere, degişlilikde,  5 we 15 bahalar girizilse, onda A2 we B2  öýjüklere haýsy baha çykar?

c)     A1 öýjüge haýsy baha girizilende B2 öýjükde ýalňyşlyk barada maglumat çykar?

№ 2 Elektron tablisanyň bahalaryny çykarma ýagdaýynda aşakdaky bir bölegi berlen bolsun.

A B
1 1 6
2 2 1

Goý, birinji sütünde sanlar we ikinji sütünde formulalar bar bolsun.

a)     B1 we B2 öýjüklerde haýsy formula bolup biler?

b)    Eger-de, A2  öýjüge 1 san girizilen we B2 öýjükde ýalňyşlyk hakynda maglumat çykýandygy belli bolsa, onda  B2 öýjükdäki  formula mysal getirmeli.

№ 3 Elektron tablisanyň formulany çykarma ýagdaýynda aşakdaky bir bölegi berlen bolsun.

A B C
1 5 4 =(A1+A2)/B1
2 3 =(A1+A2)/B2

C1 we C2 öýjüklere haýsy maglumat çykar?

№ 4 Aşakdaky  elektron tablisanyň boş öýjükleriniň haýsysyna san ýa-da formula girizmelidigini kesgitlemeli. Formulany degişli öýjüge ýazmaly.

A B C
1 ýoluň uzynlygy tizlik ýola sarp edilen wagt
2

 

№ 5 Aşakdaky  elektron tablisanyň boş öýjükleriniň haýsysyna san ýa-da formula girizmelidigini kesgitlemeli. Formulany degişli öýjüge ýazmaly.

A B C D
1 A-üçburçlygyň tarapy B-üçburçlygyň tarapy C – üçburçlygyň tarapy üçburçlygyň meýdany
2

№ 6 Aşakdaky  elektron tablisanyň boş öýjükleriniň haýsysyna san ýa-da formula girizmelidigini kesgitlemeli. Formulany degişli öýjüge ýazmaly.

A B C D
1 A-gönüburçlygyň tarapy B- gönüburçlygyň tarapy gönüburçlygyň perimetri gönüburçlygyň meýdany
2

№ 7 Aşakdaky  elektron tablisanyň boş öýjükleriniň haýsysyna san ýa-da formula girizmelidigini kesgitlemeli. Formulany degişli öýjüge ýazmaly.

A B C D
1 A-trapesiýanyň esasy B- trapesiýanyň esasy C- trapesiýanyň beýikligi trapesiýanyň meýdany
2

№ 8 Aşakdaky  elektron tablisada, dükanda alnan haryt üçin tölenen pul we harydyň bahasy boýunça gaýtargyny hasaplaýan öýjüge formula ýazmaly.

A B C
1 A-haryda tölenen pul B- harydyň bahasy C- gaýtargy
2

Jogap ýaz