Wiruslar, Troýanlar, Gurçuklar, Içaly we Malware-leriň deňeşdirmesi.0

12.10.2013

malwareWiruslar, Troýanlar, Gurçuklar, Içaly we Malware-leriň deňeşdirmesi.

1.Malware näme?

Malware iňlisçe (malicious software) ýagny “erbet niýetli programma” gysgaça aýdylyşy. Bu bolsa aslynda kompýuterimize zyýan berýän ähli wiruslar, troýanlar, gurçuklar, içaly programmalar we ş.m ählisine berilýän umumy at.

2.Wiruslar – Faýllaryňyzda näsazlyklar döreder

Kompýuter wirusy aslynda köplenç Malware bilen çalyşylýar, ýöne ikisi bir zat däl. Wirusyň doly edýän işi, ol bir programma we özüni dowamly kopýalap kompýuterimize zyýan berýär, bir faýldan beýlekisine geçýär, bir kompýuterden beýlekisine kopýalama we paýlaşma arkaly geçýär.

Köp wiruslar özlerini zip faýllarynyň içine saklaýar, köpüsi bolsa sistema faýllaryny zaýalaýar, awtomatik başlatma(autorun) faýllaryna, Ofis programmalrynyň makrolaryna, käwagt bolsa keýpine görä islän faýlyna girýär. Käbir wiruslar doly ýagdaýda kompýuterimiziň sistemasyny doly zaýalamak üçin üçin döredilen. Haýallatýar we işläp bolmajak derjesine ýetirýär.

Bu wiruslardan goranmak üçin dowamly internetden täzelenip(update) duran antiwirus programmasy ulanmak gerek. Ýene üns berilmeli zat, käbir wiruslar özüni ýönekeý mp3 faýl ýaly görkezip özüni açdyryp kompýuteriňize ýaýrap bilýär. Meselem SuwhanOrazberdiyew–SabaBoldy.mp3 diýip aýdymymyz bar bolsa wirus eline alyp SuwhanOrazberdiyew–SabaBoldy.mp3.exe diýip üýtgetýär, bizem keýp edip Suwhan diňläli diýip arka ýaslanyp açýas we “wirus hoş geldiň”.

3. Içaly (Spyware)– Maglumat ogurlaýar, şpiýon :)

Bu bir programmanyň içinde gelýän ýada özi aýratyn programma bolan malware görnüşi. Wiruslar ýaly bimaza edenok, akyllyja bolup sesini çykarman seniň maglumatlaryňy üýşürip paketläp programmanyň eýesine ugratýar. Kredit kart maglumatlary, açarsözler, gözleg magumatlary, brouzeriň baş sahypasyny üýtgetýär we ş.m maglumatlary ogurlaýar we bikanun ulanyp bilýär. Aslyna seredeniňde bu programma arkada işläp durka kän bir bildirmez. Ýöne birnäçesi işläp başlasa kompýuterimizi ýuwaşladyp biler. Kompýuteriňize programma guran wagtyňyz bilinýän tanymal firma bolmasyna üns bermek gerek.

4. Troýan atlary – arkadan gapy aç

Troýan atlary hiçzat etmeýan ýaly kompýuteriňizde durar ýöne gizlinlik bilen siziň kompýuteriňize tor (network) üstünden ýada internet üsti bilen baglanmaga we kompýuteriňizi dolandyrmaga rugsat berer. Wirus bilen Troýan atynyň tapawudy, troýanlar özlerini kopýalanok, bir ýere girip bilse şol ýerde özüne beriljek işe garaşyp ýatýarlar. Eger siziň kompýuteriňizde troýan bar bolsa onda başka adamlar siziň üstüňiz bilen spam iberip, siber çozuş edip biler. Kompýuteriňizde antiwirus programmasy goýmagy ýatdan çykarmaň we dowamly täzeläp(update) duruň. E-poçtaňyzdan gelen nätanyş seplere basmaň, nätanyş adamlardan gelen faýllary açmaň. Esasan hem käbir pully programmalaryň crack-lerini hem torýan ýerleşdirmek üçin ulanýarlar. Crack ulanmaň diýip maslahat bererdim welin şuwagt Türkmenistanda ulanmak kanuna ters bolmandygy üçin ulansaňyz bolarla, men maslahat bermäýin ýenede J

5. Gurçuklar (Worms) – Tor (Network) üstünden zaýaçylyk

Adyndan belli boluşy ýaly gurçuklar kompýuter torlarynyň, internet ulgamynyň üsti bilen öz kopiýalaryny beýleki kompýuterlere ýada serwerlere iberip dowamly bölünip köpelýärler. Esasan hem howpsuzlyk deşiklerini tapyp şol ýerden içeri girýärler. Gurçuklar köp bilinýän Malware görnüşlerinden, ýöne köp adamlar bulara hem wirus diýýär. Bular wiruslardan tapawutly, sebäbi köplenç tor sistemalaryny çökermek üçin ulanylýar. Goranmak üçin ýenede antiwirus we ot diwaryňyzy(Firewall) açyk saklamak gerek.

Serdar R

Çeşme: http://on.fb.me/1bqQPii

Jogap ýaz