Ýerli torlaryň topologýalary1

05.13.2011

Ýerli torda kompýuterleri özara birikdirmegiň umumy shemasyna toruň topologiýasy diýilýär. Toruň topologiýasy, onuň ygtybarlygyny, iş öndirjiligini, nyrhyny, goragyny we ş.m. görkezjiler kesgitleýärler.

Ýerli torlaryň topologiýasy, easasnam iki topara bölünýär. Birinji toparda tordaky bir kompýuterden iberilen  informasiýalar tordaky kompýuterleriň ählisine elýeterli bolýar.Kompýuteriň tora birikdirilişiniň buntoparyna “umumy(çyzykly) şina” we “ýyldyz” görnüşlerini degişli edip bolar.

Kompýuterleri tora birikdirmegiň topologiýasynyň ikinji toparynda bolsa tordaky bir kompýuter diňe bir kompýutere informasiýa

berip bilýär. Oňa birikdirilişiň “Halaka” görnüşini mysal getirse bolar.

Kompýuterler tora bir kabeli peýdalanmak bilen birikdirilmesine “Umumy şina”  topologiýasy diýilýär.

Informasiýa kompýuterlere yzly-yzyna iberilýär. Bu topologiýada ulanylýan kabeliň uzynlygy azdyr, işleýiş ygtybarlygy ýokarydyr. Bir kompýuteriň hatardan çykmagy toruň işine täsir etmeýär. Bu ýerde merkezi kabeliň sandan çykmagy bilen tor boýunça iş bes edilýär. Tor boýunça bir kompýuterden beýleki aýratyn kompýutere iberilýän informasiýa beýleki kompýuterlere-de elýeterdir.

Kompýuterleriň her birine aýratyn kabel bilen merkezi birleşmä ýöriteleşdirilen adapter arkaly birikdirilip guralan ýerli tora “ýyldyz” topologiýasy diýilýär.Bu ýerde, adatça merkezi birleşme hökmünde kuwwatly kompýuter ulanylýar. Toruň şeýly görnüşiniň ygtybarlygy pesdir. Merkezi kompýuteriň hatardan çykmagy bilen tor boýunça iş bes edilýär. Ulanylýan kabeliň möçberi köpräkdir.

Kompýuterler tora “halka” topologiýadan maglumatlar bir kompýuterden beýleki kompýutere geçirmek arkaly maglumat alyja ýetirilýär. Maglumat alyjy alan maglumatyny hiç ýere bermeýär.

Bu topologiýanyň artykmaç tarapy onuň ýokary ygtybarlygydyr. Birikdiriji  kabel üzülse hem her kompýutere barmagyň iki ýoly bardyr. Topologiýada köpräk kabel ulanylýar hem-de informasiýalaryň goragy pesdir.

Adatyça , ýerli torlar gurlanda ýokarky topologiýalaryň bir ýa-da olaryň utgaşdyrylanlary peýdalanylýar. Toruň düzümi onda birikdirilýän kompýuterleriň mukdary we informasiýa alyş-çalşygynyň ygtybarlygy bilen kesgitlenýär.

Ýerli tordaky kompýuteriň resurslaryny beýleki kompýuterlere elýeter etmeklik torda ulanylýan operasion sistemasynyň mümkinçiligi bilen amal edilýär.Mysal üçin, Windows operasiýa sistemasynda tora birikdirilen kompýuterde işleýän islendik ulanyjy öz disklerini, bukjalaryny ýa-da faýyllaryny beýlekilere elýeter edip biler. Tordaky beýleki ulanyjylar, ol ulanyjynyň kompýuterine girip, elýeter edilen resurslardan peýdalanyp biler.

 

Toýly Rozyýew-Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň okuwçysy

  1. owez

    08.01.2012

    shu tor barada ginishleyin yazyp bolarmyka ??????/

    Jogap ber

Jogap ýaz