Baş sahypa KOMPÝUTERYKJAM KOMPÝUTER Ýygnalýan klawiatura – Thanko-dan transformer

Ýygnalýan klawiatura – Thanko-dan transformer

ýazan Nury

Adaty bolmadyk USB enjamlary çykarýan ýapon kompaniýasy Thanko ýene bir täze täsin enjamy hödürledi: 4(!) gezek eplenilýän doly ölçegli USB-klawiatura. Şeýlelik bilen, ýygnalan ýagdaýda bu enjam kiçijik, orta ölçegli jübilere sygyp biljek gutujyga meňzeýär.Doly we rahat klawiaturasy bolmadyk mobil(el) kompýuterleriň, netbuklaryň we planşet enjamlaryň meşhurlygynyň ösmegine görä bu enjam işde gerekli enjam bolup biler. Thanko klawiaturasynyň ýazylan ýagdaýyndaky ölçegleri – 350 x 129 x 10 mm, ýygnalan ýagdaýyndaky ölçegleri – 91 x 129 x 20 mm.

Bulardan başga-da, klawiatura örän ýeňil – agramy 200 gr töweregi. Enjam Windows OS we Mac sistemalarda işleýär. Bahasy entäk belli däl, emma Thanko kompaniýasynyň syýasaty hemişe-de alyja görä edilýärdi, şonuň üçinem bahasy juda gymmat bolasy ýok.

Çeşme: softget.net

 

Ýazan: Nury Meläýew

Gyzykly makalalar

2 teswir

Nury 28.05.2010 - 16:37

Adamlar her hili zat tapyalaray…

jogap
Azat R 28.05.2010 - 20:29

Togalanýan görnüşi bardy welin, bu has gowja eken.

jogap

Teswir ýaz

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.