2011-nji ýyla çenli iPhone ulanyjylyaryň sany 100 milliona çenli ýetip biler0

06.20.2010

Apple kärhanasynyň derňewçileri Morgan Stanley we Katy Huberty hasaplamalaryna göra, iPhone ulanyjylaryň eýeleriniň sany artyp biler. Geçen ýylyň aýagynda iPhone ulanyjylaryň sany 30 milliondy, emma 2011-nji ýyla bu san 3 essä çenli yagny 100 milliona çenli ýetip biler.

iPhone 4 beýlekilerden tapawudy, onuň güýçliligini 2 esse artdyrdylar. Ýagny onuň operatiw ýadyny 512 mb etdiler. Mundan başga-da 5 megapiksel LED şöhleli kamera, HD-hilde wideo düşürmäge (720p sekuntda 30 kadr), wideo-jaňlar üçin öň kamera, Wi-Fi, GPS we beýleki zatlar bilen enjamlaşdyrylan. Ýene-dem belläp geçmeli zatlaryň biri, iPhone OS 4 güýçli akkumulýator bilen üpjün edildi. Şonuň esasynda bu smartfon 3G gepleşiginde – sagada, dynçlykda – 300 sagada, aýdym diňläňde – 40 sagada, wideo göreňde – 10 sagada çenli güýji ýeter.

Ýazan: Muhammet Batyrow

Jogap ýaz