“And­ro­id­ler” maş­ga­la­sy kö­pel­ýär0

09.29.2010

Bir­nä­çe ýyl mun­dan öň “App­le” şe­re­ke­ti “iP­ho­ne” smart­fon­la­ry­ny sa­tu­wa çy­ka­ryp, duý­gur ek­ran­lar eý­ýa­my­ny açyp­dy. 2010-njy ýy­lyň ba­şyn­da bol­sa şe­re­ket 9,7 dýuým duý­gur ek­ran­ly tab­let ky­sym­ly “iPad” komp­ýu­te­ri sa­typ baş­la­mak ar­ka­ly, net­buk­la­ryň or­nu­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy. El­bet­de, baş­ga şe­re­ket­ler hem komp­ýu­ter­ler ba­za­ry­nyň bu bö­le­gi­ni ýe­ke “App­le” şe­re­ke­ti­ne gal­dy­rar­lyk­ly däl. Yn­ha, şeý­le şe­re­ket­le­riň bi­ri bo­lan “View­So­nic” özü­niň saý­tyn­da tä­ze tab­le­ti-“View­Pad 7-ni” ön­dü­rip baş­lan­dy­gy­ny yg­lan et­di.

“View­Pad 7” tab­le­ti da­şyn­dan se­re­däý­mä­ge “iPad-yň” ki­çel­di­len gör­nü­şi­ne meň­ze­ýär. On­da “And­ro­id 2.2” ope­ra­si­on ul­ga­my, 7 dýuým­lyk duý­gur ek­ran (800 x 480 no­kat­ly), “3G” In­ter­ne­tin­den peý­da­lan­mak üçin “SIM” kar­ta ýe­ri, “Wi-Fi” sim­siz net­work teh­no­lo­gi­ýa­sy, “Blue­tooth” hem-de “A-GPS” bar. Üs­te­si­ne-de, “ha­ky­ky” “3G” et­mek mak­sa­dy bi­len öňün­de we ar­ka­syn­da ýer­leş­di­ri­len iki ka­me­ra­sy bar. Öňün­dä­ki ka­me­ra­sy­nyň du­ru­ly­gy “VGA” bol­sa, ar­ka­syn­da­ky ka­me­ra­nyň du­ru­ly­gy 3 me­ga­pik­sel­dir.

Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­la­ry­nyň bi­ri bo­lan De­rek Raýt öz be­ýa­na­tyn­da tä­ze en­jam ba­ra­da şeý­le­ diý­di: “Biz tä­ze tab­le­ti­mi­ze buý­san­ýa­rys. Se­bä­bi, “3G” teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len do­ly iş­le­mä­ge ukyp­ly en­ja­my­myz bäs­deş­le­ri­mi­ziň­ki­den has güýç­li­di­gi­ne ynan­ýa­rys.”

Tä­ze “View­Pad 7” ba­ra­da aý­dyp bol­jak ýe­ke­je oňaý­syz ýag­daý bol­sa on­da­ky pro­ses­so­ryň 1 Ghz däl-de “ba­ry-ýo­gy” 600 Mhz bol­ma­gy­dyr.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz