Dünýäniň iň berk telefony nä derejede çydamly?0
02.01.2011“JCB” şereketi özleriniň“Toughphone Sitemaster” jübi telefonlaryny öz saýtlarynda “dünýäniň iň berk telefony” diýip yglan etdi. Dürli brendleriň (markalaryň) arasynda iň ýokary derejeli telefony öndürmek bäsdeşligi dowam edýär. Angliýanyň “Daily Mail” gazetinde çykan habarda bu telefon suwuň astynda 8 sagat bökdençsiz işlemäge ukyply, 75 gradus gyzgynlyga hem-de 30 gradus sowuklyga döz gelip bilýär. Aşa titreme hem-de basyş görse-de, işlemegini dowam etdirýär.
Şereketiň wekilleri “JCB Toughphone” telofonuny gurluşyk işgärleri hem-de daýhanlar, kyn işlerde işleýänler üçin çykarandyklaryny aýdýarlar. Ýöne telefonyň aýratynlyklaryna seredilende, başga kärde işleýänleriň hem ünsüni çekip biljek derejede. Onda plaýer, wideo görkeziji, “FM” radio hem-de “Bluetooth” tehnologiýasy bar.
“Dünýäniň iň berk telefony” diýilýän telefonyň üstünde geçirlen synaglar bolsa şeýleräk:
1. Suw howdanynyň düýbündekä hem işlemegini dowam etdirýär.Aslynda, ses azajyk haýalrak çykýar, ýöne gepleşmezçe bolmaýar.
2. 10 minutlap dowam eden bug “terapiýasyndan” soňra işlemegini dowam etdirýär.
3. Saunada sesi azajyk haýalrak çyksa-da, içine suw geçirmeýär.
4. Üstünden 1,6 tonnalyk ulag eýläk-beýläk 4-5 gezek geçse-de, işlemegini dowam etdirýär. Bar bolýan zat, azajyk arkasy çyzylýar.
5. 8 metr beýiklikden topraga zyňlan telefona hiç zat bolmaýar.
6. Sowadyjynyň doňduryjy gutusynda iki sagatlap saklanan telefon işlemegini dowam etdirýär.
7. Ýokardaky alty synagdan doly geçmegi başaran telefony kir ýuwujy maşyna salynsa welin, çydamaýar. Gyzgynlyk, suw, bug, titreme, basyş ýaly birnäçe faktor birwagtda täsir etse, telefon “ezijleýär”.