Görmäge howlugyň: iPhone 4G alýumin Unibody korpusda0

04.13.2010

MacPredictions çeşmesi täze döwrüň iPhone kommunikatoryň maket-şeklini görkezdi. Ol barada myş-myşlar eýýam köpden bäri dünýä ulgamynda aýlanýar. Täzeligiň anonsy tomusda garaşylýar: iýunyň soňunda-iýulyň başynda, WWDC-de. Şeýle hem iPhone’yň CDMA wersiýasynyň çykarylmagy garaşylýar. Myş-myşlara görä, täze kommunikator iPhone 4G ýa-da iPhone HD adyny alar. Garaşylşyna görä, onuň öň tarapynda kamerasy, uly ölçegli ekrany we başga özgerişleri bolar. Bulardan başga-da, ol täze iPhone 4.0 OS sistema arkaly işlemegi mümkin. Bu sistema barada biz geçen makalamyzda yazdyk…

MacPredictions-däki suratda iPhone 4G örän gowy görünýär we iPad-y ýatladýar. Ol alýumin Unibody korpusy bilen gaplanan (metalyň bir bitewi böleginden edilen, soňky MacBook-lar ýaly) we yzyndaky gapagy biraz egik. Burçlary öňküsi ýaly biraz tegelenen, displeýiň aşagynda diňe bir apparat knopkasy bar. Bu enjam özünden öňki enjamlardan has berk, ýöne biraz agyrrak bolsa gerek. Elbetde, iPhone 4G edil bular ýaly boljagy belli däl, emma welin bular ýaly dizaýn örän özüne çekijidir.

Çeşme: MacPredictions

Ýazan:  Nury Meläýew

Jogap ýaz