Mo­bil te­le­fo­ny­ kim oý­lap tap­dy?0

03.19.2013

Mo­bil te­le­fo­ny­ kim oý­lap tap­dy?In­di 40 ýyl ýyl bä­ri her bir adam ýa­nyn­da mo­bil te­le­fo­ny gö­te­r­ýär. Onuň il­kin­jisi hä­zir­ki ki­çi we amat­ly te­le­fon­lar­dan di­ňe bir özü­niň 40 kg ag­ra­my bi­len däl­-de, eý­sem 3900 dol­lar ba­ha­sy bi­len hem ta­pa­wut­la­nyp­dyr.

Köp adam mo­bil te­le­fo­ny ki­miň il­ki oý­lap ta­pan­ly­gy ha­kyn­da je­del­leş­ýär­. Ýö­ne, onuň il­kin­jisi ikin­ji ja­han ur­şun­dan soň­ra peý­da bol­updyr. Mo­bil te­le­fo­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ky tag­ly­my ATT şe­re­ke­ti­niň “Bell La­bo­ra­to­ri­es” tej­ri­be­ha­na­sy bar­lag ge­çir­mek üçin hö­dür­läp­dir. Ola­ryň mak­sat­na­ma­sy­na aw­tou­lag­lar üçin te­le­fon­lar gi­rip, iý­mit­len­di­riş çeş­me­si hök­mün­de hem hut ak­ku­mul­ýa­tor göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.

Ýö­ne 70-nji ýyl­lar­da şeýle te­le­fon­la­ryň ag­ra­my 12-15 ki­lo aşak düş­di we oňa di­ňe aw­tou­lag­lar­da zar­ýad ber­mek müm­kin­di. Soň­ra, mo­bil te­le­fon­la­ry dö­ret­mek bi­len meş­hur “Mo­to­ro­la” şe­re­ke­ti meş­gullandy. Onuň esas­la­ry bol­sa, teh­no­lo­gi­ýa bo­ýun­ça ýaş hü­när­men Mar­tin Ku­per 1954-nji ýyl­da tä­ze por­ta­tiw ara­gat­na­şyk ab­zal­la­ry­ny dö­ret­mek bi­len iş sa­lyş­ýan ýö­ri­te bö­lü­me ýol­baş­çy bel­le­ne­n­den soň baş­lap­dyr. Onuň baştytanly­gyn­da 1967-nji ýyl­da ýaş­lar­dan yba­rat bo­lan uly bol­ma­dyk in­že­ner­ler to­pa­ry yk­jam po­li­si­ýa ra­si­ýa­sy­ny dö­re­dip­dir. Oňa mo­bil te­le­fo­ny dö­ret­mek ha­kyn­da pi­kir gel­ýär. Il­ki ony iş­deş­le­ri­niň hiç bi­ri gol­da­man­dyr. Ýaş oý­lap ta­py­jy Mar­tin Ku­pe­riň şu­nuň ýa­ly jü­bä sa­lyp boljak kiçijik te­le­fo­nyň bo­lup bil­jek­di­gi baradaky tag­ly­my­na hiç kim ynan­mandyr. Bu­la­ryň üs­te­si­ne hem şeý­le te­le­fon sim­siz bol­ma­ly. Şeý­le en­jam ula­ny­lan­da te­le­fon bud­ka­sy­nyň ze­rur däl­di­gi­ne hiç kim dü­şün­män­dir.

Di­ňe bir Ame­ri­ka­nyň ýa­şaý­jy­la­ry üçin däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­niň ýa­şaý­jy­la­ry üçin mö­hüm ta­ry­hy wa­ka bo­lan 1973-nji ýy­lyň ap­re­li ýe­tip ge­lip­dir. Nyu-Ýork­da bäş gat­ly bi­na­nyň üçe­gin­de il­kin­ji ara­gat­na­şyk be­ke­ti­niň esa­sy gur­lup­dyr. Aýyň üçün­ji gü­ni oý­lap ta­py­jy­nyň özi Joe­ly En­gel kö­çe­sin­den sim­siz mo­bil te­le­fo­ny ula­nyp, bäs­deş şe­re­ke­ti  ATT-iň yl­my – bar­lag bö­lüminiň mü­di­ri­ne jaň edip­dir. Se­bä­bi bu şe­re­ket bi­raz öň­räk mo­bil ara­gat­na­şy­gy­ny ýo­la go­ýup, haýyrlanmaga baş­lap­dy. Em­ma şu­nuň ýa­ly te­le­fo­ny ulan­mak­da iş­jeň­li­gi we amat­ly­ly­gy jä­het­den “Mo­to­ro­la” şe­re­ke­ti­niň iş­gä­ri Mar­tin Ku­pe­riň te­le­fo­ny has ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lup çyk­ýar. Onuň Nýu-Ýor­kuň kö­çe­sin­de, elin­de sak­lap du­ran il­kin­ji mo­bil te­le­fo­nyn­dan aý­dan söz­le­ri be­lent buý­sanç duý­gu­sy bi­len ýaň­la­nyp­dyr. Tä­ze en­jam “Mo­to­ro­la Dy­na – Tac” at­lan­dy­ry­lyp, agramy 1,15 ki­log­ram bo­lup­dyr.  Şeý­le­likde, bu adam şu gün­ki gün bi­ziň her bi­ri­miz­de bar bo­lan ki­çi­jik we owa­dan te­le­fon en­jam­la­ry bi­len be­gen­dir­ýän kom­mu­ni­ka­si­on ara­gat­na­şy­gy­ny bü­tin­leý öz­ger­dip­dir.

Aman­my­rat Hu­daý­ber­di­ýew

HTTU-nyň ta­ly­by

Zaman Türkmenistan

Jogap ýaz