“No­kia N8” 19 me­ga­pik­sel bol­dy0

05.05.2010

“No­kia-nyň” soň­ky smart­fo­ny “N8-iň” il­kin­ji nus­ga­la­ry Rus­si­ýa­da peý­da bol­dy.

Hä­zir­lik­çe “be­ta” (ýag­ny, şu wagt­ky gör­nü­şi en­ja­myň sa­tyl­jak gör­nü­şi bol­man, di­ňe müş­de­ri­le­riň pi­kir­le­ri­ni aň­mak üçin ýa­sa­lan gör­nü­şi) bo­lan bu te­le­fon­da­ky teh­no­lo­gi­ýa­lar bäs­deş­le­ri­niň­ki­de ýok teh­no­lo­gi­ýa­lar bol­ma­sa-da, bu teh­no­lo­gi­ýa­lar bir te­le­fon­da jem­le­nip, “şu zat hem bo­laý­sa­dy” diý­dir­me­ýär. Smart­fo­nyň 12 me­ga­pik­sel­lik ka­me­ra­sy (op­ti­ka­sy “Carl Zeiss”), 3,5 dýuým­lyk (tak­my­nan 8,75 sm.) “duý­gur” ek­ra­ny, “HDMI” wi­deo “OUT” (te­le­wi­zo­ra sig­nal ber­mek), 16 GB-lik ýa­dy hem-de goş­ma­ça ýat dak­mak üçin “microSD” ýe­ri, “HD” hil­li wi­deo dü­şür­mek uky­by, “Ovi Sto­re” prog­ram­ma­la­ryn­dan hem-de “Ovi Maps” prog­ram­ma­syn­dan peý­da­lan­mak müm­kin­çi­li­gi we “Sym­bi­an ^3” ope­ra­si­on ul­ga­my bar.

“N8-de” ek­ra­ny bir­nä­çe ki­çeň­räk ek­ra­na “böl­mek” müm­kin­çi­li­gi bo­lup, bu ek­ran­lar­da is­län prog­ram­ma­la­ry­ňy­zy açyk sak­lap bi­ler­si­ňiz. Smart­fon bir­nä­çe prog­ram­ma­ny bi­le­lik­de iş­let­mä­ge ukyp­ly hem-de “duý­gur” ek­ra­ny bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, şu ky­sym­ly ek­ran­la­ryň naý­ba­şy­sy ha­sap­lan­ýan “iP­ho­ne-niň­ki­den” yza ga­lar­lyk­ly däl­dir. Üs­te­si­ne-de, bu te­le­fon üçin prog­ram­ma ýaz­mak is­le­ýän­le­re köp­den bä­ri ga­ra­şyl­ýan “Qt” prog­ram­ma ýaz­mak “gur­şa­wy” mug­tu­na be­ril­ýär.

Te­le­fon şu ýy­lyň 3-nji çär­ýe­gin­de 494 dol­lar­dan 5 gör­nüş­de sa­ty­lyp baş­la­nar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz