Öýjükli telefonyň hakyky zyýanyny 30 ýylyň dowamynda öwrenerler1

05.02.2010

Geçen hepde COSMOS (Cohort Study on Mobile Communications) atly, öýjükli telefonlaryň adamyň saglygyna täsirini öwrenmek maksady bilen derňeme işi başlandy. Bu derňeme, Mobile Telecommunications and Health Research (MTHR) programmasyna laýyklykda geçirilýän, 10-30 ýylyň dowamynda amala aşyrylar we bäş ýewropa ýurdyň 250 müň ýaşaýjysyny (ýaşy 18-den 69 aralyk) öz içine alar.

Derňewiň maksady – öýjükli telefony ulanmagyň we birnäçe keselleriň, şol sanda rak keseli we Altsgeýmeriň keseli, mümkin bolan arabaglanşygyny anyklamak.

“Häzirki wagtda, öýjükli telefony ulanmak rak keseline getirmegi mümkin däl diýip, biz entäk aýdyp bilemzok – diýip, MTHR komitetiň professory Louri Çolis (Lawrie Challis) nygtaýar. -Bu çaklamanyň subutlary entäk ýok bolsa-da, şu soragda berk ynamyň bolmagyny isleýäris. Şu meseläniň ýerine ýetirmegiň iň gowy ýoly bolsa COSMOS ýaly uly toparlaýyn derňew işleri bolup durýar”.

Çeşme: softget.net

Ýazan: Nury Meläýew

  1. Nury

    05.02.2010

    Şu telefonlaryň zyýanlary barada her kim bilýär, ýöne name üçindir bir sebäbe görä hiç zat edenok… iň bolmanda, adamlar, ýataňyzda, telefonlaryňyzy özüňizden daşrakda saklaň, min. 70 sm; men mesellem günüň dowamynda hem telefony ýanymda kän göteremok, ony sumkamda saklaýan…

    Jogap ber

Jogap ýaz