Samsung Galaxy S7 nahili aýratynlyklar bilen gelýär?0

02.02.2016

Samsung Galaxy S7 
Samsungyň iň meşhur akylly telefonlaryndan Galaxy seriýasynyň täze modeli Galaxy 7 ýakynda satuwa çykmaly. GS7 hakynda gybatlar gürrüňler gowy ýaýrady. Soňky maglumatlar şeýleräk…

 
GS7 iki üýtgeşik wersiýa we iki tapawutly prosessor bilen çykar diýip gürrüň bar. Bular Qualcomm Snapdragon 820 we Samsung önümi Exynos çip.

12 MP arka tarap kamerasy

Galaxy S6 we Galaxy S6 Edge-däki 16 MP kameranyň ýerine has pes pikselli kamera bilen çykjagy çaklanýar. 

Öň tarap kamerasy üýtgemez.

AnTuTu saýtynyň raportyna görä GS7 5 MP öň tarap kamerasy we 4GB RAM bilen geler. Galaxy S6 3GB RAM bilen çykypdy. 

Uly ekran

Öz ýadyny 64 GB etmegi planlaýan Samsunyň bu modeliniň ekrany hakynda birnäçe gürrüň bar. 5.1″, 5.2″ ýada 5.5″

GS7-niň batareýi 3,000 mAH bolar diýip garaşylýar. GS7 Edge üçin bolsa 3.600 mAH.

 
Suw geçirmeýän microSD kart girişi we 3D touch ekran bolsa iPhone 6S/6S plus bilen ýaryşmak üçin gerekli bolup durýar.

@Tilsimat.NET

Jogap ýaz