Stiw Jobs iPhone OS sistemanyň täze wersiýasyny hödürledi.0

04.10.2010

Aprel aýynyň 8-ne Apple kompaniýanyň başlygy Stiw Jobs iPhone OS mobil operasion sistemanyň täze, dördünji wersiýasyny hödürledi.

Ulanyjylar üçin iPhone OS sistemanyň bu wersiýasynda täze funksiýalaryň ýüzüsi girizilen.

Olaryň arasynda – aýdymlary diňlemek üçin aýdym spisogy döretmek, programmalary sowgata ibermek, “öý” ekranyň fon suratyny üýtgetmek we bäş esse sifrowoý taýdan ulaltmak. Şeýle hem Ulgamda ses arkaly gepleşmek we Bluetooth-klawiaturany birikdirmek mümkinçiligi dörär.

iPhone OS 4.0 sistemada bir ýarym müňden gowrak täze programma interfeýslary dörär. Şonuň ýaly hem matematiki hasaplamalaryň apparat tizleşdirilmesi ýüze çykar.

Bulardan başga-da, operasion sistemanyň täze wersiýasynda köp funksionallyk amala aşyrylar. Şeýlelik bilen, “Home” knopkany iki gezek basyp, programmalaryň arasynda geçip bileris. Apple kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, onuň şu köp funksionallyk mehanizmi, öz ýedi sany aýratyn programma interfeýsy bilen, mobil enjamynyň öndürijiligini we batareýkanyň zarýadyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem, iPhone OS-da poçta bilen işlemek kämilleşdirildi, we esasy interfeýsa programmalary toparlara bölüp bilýän papkalar goşuldy.

iPhone OS 4.0 2010-njy ýylyň tomsunda çykar. Onuň mümkinçiliklerini iPhone 3GS we iPod touch(3-nji görnüşi) doly göterer. iPhone 3G we iPod touch(2-nji görnüşi) käbir funksiýalary bilen işläp bilmez, hususanda, köp funksionallyk bilen. iPad üçin täze wersiýa diňe güýzde mümkin bolar.

Ýazan: Nury Meläýew

Şeýlelik bilen, “Home” knopkany iki gezek basyp, programmalaryň arasynda geçip bileris. Apple kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, onuň şu köp funksionallyk mehanizmi, öz ýedi sany aýratyn programma interfeýsy bilen, mobil enjamynyň öndürijiligini we batareýkanyň zarýadyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Jogap ýaz