Sürüjilere ýolda SMS ýazmak üçin enjam döredildi0

03.23.2010

  Amerikanyň Clemson uniwersitetiniň alymlary sürüjilere ýolda güýmenmän SMS ýazmak enjam döretdiler.

VoiceTEXT adyny alan bu enjam, adamyň sesini tanap we alan habary ýazmaça görnüşinde beýan edýar. Sürüji  awtoulagyň akustiki ulgamyň kömegi bilen ýa-da symsyz Bluetooth enjamy bilen teksti aýdyp ýazdyryp bilýär. Ondan soň Bluetooth ýoly arkaly alnan habar öýjükli telefona baryp, şondan soň hem gerekli adama ses arkaly ugardylýar.

Şeýlelikde her kim telefona buýruk berip, habary dilden aýdyp islendik adama ugradyp bolar. Bu ugradylan habary kabul ediji SMS hökmünde okap biler” diýip Clemson uniwersitetiniň hasaplaýyş mekdebiniň professory Huan Gilbert belläp geçýär. VoiceTE

Mundan öň Forbes makalasy sürüjileriň iň howply ýalňyşlyklaryny çap etdi. Elbetde 1-nji ýerde içgili ýagdaý-da ulagy sürmek eýeleýär. 2-nji ýerde bolsa ýolda SMS ýazyşmak eýeleýär. ABŞ-da bu tema hasam ýörgünli. Barak Obama edara işgärleriň hemmesine ýolda SMS ýazyşmagy gadagan edýän kanuna gol çekdi.XT enjamyň anyk haçan köpçülikleýin satuwa çykjakdygy belli däl.

Jogap ýaz