Tehnologiýa, maşgala we ýaşlar0

05.13.2017

Köne döwür bilen täze döwüriň arasynda nähili tapawut bar? Soňky 30 ýylyň dowamynda nämeler üýtgedi. Esasanam tehnologiýanyň özgermegi we ösmeginiň netijesinde, adamlaryñ we olaryň durmuşynda nähili üýtgeşikler bolup geçdi. Köp adamyň agzyndan köplenç: ‘’ öňki döwür ýok indi, ýaşlaryň uly adama sylag hormaty galmady’’ diýilen sözü hemmämiz köp eşidendiris.

Edil beýle könelere gitmegem gerek däl, şuwagtky döwür bilen mundan 10 ýyl öñki döwüriñ arasynda hem uly tapawutlar bardyr.Öňler edil şuwagtky ýaly ösen tehnologiýa ýokdy. Hat-da telewizorlar hem ak-garady. Emma ol wagtlar maşgala bolup nahar iýilen wagty gürrüň edilerdi, degişmeler aýdylyp gülünerdi. Emma şuwagtlar bolsa, bir maşgalada nahar iýiljek wagty herkimiň ünsi başga ýerde, biri telefony bilen garabaşagaýdyr kim sms ugratdyka diýip ýa-da internettedir. Hat-da çaga ejesine sorag sorajak bolsa, ejesi gözüni telewizorda görkezilip duran serialdan ýa-da kinodan aýyryp bilenok. Bu bolsa maşgala içindäki aragatnaşykda meselelere sebäp bolýar. Öňler daşarda oýnalardy, gumda oýnalardy her dürli oýunlar oýnalardy. Aşyk bolsun, 5 daş bolsun we ş.m. bir topar oýunlar oýnalardy. Indi bolsa birinji synpa başlan çaganyñ elinde hem telefon bar. Täze döwrün çagalary bolsa kampýuterden aýrylyp bilenoklar. Munça wagtlap kompýuteriň başynda näme bilen meşgul bolýarlar. Oýun oýnaýarlar. Hat-da internette oturýarlar. Hemmämiziň bilişimiz ýaly internet gaty peýdalydyr ýöne gowy peýdalanyp ulanylsa. Ýöne internetiň çagalar üçin, ýaşlar üçin duzagy hem az däldir. Bu sebäpli gaty ünsli bolmaly.

Bu döwürde tehnologiýasyz ýaşamak mümkin däl diýilse hem bolar. Sebäbi tehnologiýa biziň işlerimizi añsatlaşdyrýar, ýöne şol bir wagtyñ özünde adamlary adamlardan daşlaşdyrýar. Öñküsi ýaly kän bir üýşüp oturup gürrüñ edip oturýan adamlar ýok. Herkim gürleşjek zadyny internet arkaly, telefon arkaly gürleşýär ya-da mail ýazýar we boldugy. Emma birek-biregi köp wagtlap görmeýän adamlar bar . Bir-biriniň arasynda uzak ýol bolsa bolýar welin ýöne ýakynda ýaşap hem bir-birini görmeýän adamlar gaty köp.

Çagalaryň, ýaşlaryñ elinden telefon, planşet ýaly tehnologiki enjamlary alsaňyz durmuşlary nähili bolar? Meniň pikirimçe has gowy bolar. Dosty köp bolar, sebäbi soňky döwür dostlyk diýilen zat hem azalyp başlady. Ýöne bu zatlar olarda duran wagty gaty gaharly bolýarlar. Esasanam soňky döwür internet arkaly oýnalýan oýunlar. Beýle oýunlar arkaly her dürli ýagdaýlar ýüze çykyp bilýär. Hat-da habarlardan hem okaýarys. Bu oýunlar üçin jaýlaryny satyp, ulagyny satyp ýören adamlar hem bar. Esasanam çagalar üçin howply muňa meňzeş oýunlar. İrdenden-agşama çenli kompýuteriň başyndan aýrylman oýun oýnaýarlar. Bu sebäpli bolsa olarda ýaltalyk ýüze çykyp başlaýar. Habarlara hem çykypdy, ýaş biri näçe günläp kompýuter oýunyna gyzygyp hiç nahar iýmändir, dynç almandyr we soňunda bolsa oturan ýerinde ýogalypdyr.

Bu aýdylan zatlar tehnologiýanyň gaty erbet diyildigi däldir. İndi tehnologiýadan daşda durup ýaşamak kän bir mümkin däl. Hat-da tehnologiýadan daşda bolan adamlar kösenýärler diýilse hem bolar. Sebäbi indi durmuş şeýle. Tehnologiýa diýilen zadyň gowy taraplary hem az däl. Mysal üçin, maşgalasyndan daşda ýaşaýan adamlar öñler bir hat ýazyp ugradanlarynda bir näçe hepde soñ barar eken. Ýa-da daşary ýurda jaň etjek bolsa poçta gidip jaň ederdiler. Emma indi bolsa islän wagtymyz jübimizdäki telefon arkaly oturan ýerimizden gürleşip bilýäris, sms ugradyp habarlaşyp bilýäris, hat-da käbir programmalar arkaly kamerada hem gürleşmek hem görmek mümkin. Öñler bir ýerden başga bir ýere gidilende 1-2 aýda barylýan bolsa indi uçarlar bilen, tizli gidýän poýuzdlar arkaly 1 günde hatda ondan hem az wagtda barmak mümkin. Tehnologiyanyň biziň durmuşa getiren aňsatlyklary az däl.

Ỳöne esasy zat, tehnologiýa biziñ durmuşymyzy nähili derejede üýtgetdi. Bizi biz-birimizden nähili derejede daşlaşdyrdy. Ýaşlarymyzyň ahlagyny nähili derjede üýtgetdi. Köpimiz bilýändiris. Soňky wagtlar internette köp sahypalar açyldy we gynansagam ýaş gyzlarymyz özleriniň gelişmejek suratlaryny paýlaşyp başlady. Hat-da ahlak çyzygyny doly geçip erbet wideolary hem çorny hodlardan geçýän ýerleri bar.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz