Baş sahypa E-SAPAK Telefon, Planşet we Noutbuk ekrany gowumy, erbetmi, nädip bilmeli?

Telefon, Planşet we Noutbuk ekrany gowumy, erbetmi, nädip bilmeli?

ýazan Admin

sensor-ekranlaryBir telefon alanyňyzda ekrany gowy ýada erbetdigini nadip bilip bolar? Bu makalamyzda size bu tema degişli tilsimler bereýin.

Tehnologiýanyň iň täsirli we çalt ösýän bazary telefonlar. Telefonlar prosessorlaryndan dizaynyna çenli her häsiýeti müşderiler üçin möhüm. Elbetde agzalýan zatlar, planşet, noutbuk ýaly enjamlar üçin hem gerekli. Hasam PES oýnaýanlar ýada meniň ýaly Call of Duty oýnaýanlar üçin ekran ýady, prosessor we ram göwrümleriniň ululygy gerekli.

Ýöne bulardan başga bir mçhüm mesele bar. Belki kän üns edemizok, ýöne meniň pikirimçe ilki bilen ekran ýagdaýyny bilmek gerek. Bir sensor ekranly telefon aldyň we ekrany 1 ýyl içinde zaýalandy diýeli. Islese 2 ýadrly prosessory bolsun,  1. Abraý gitdi J 2.Täze ekran üçin üçin çykdaýjy.

Iň gowusy abraýam gitmesin pulam gitmesin. Aşakda ýazylan 6 sany ekran hasiýetlerini öwreniň we sensor ekranly enjam alanyňyzda “Rejep agaň ogly kopýuter okady, şol bilenokmyka haýsy gowudygyny” diýip sensor ekranly enjam alanyňyzda Rejep aganyň ogluna garaşyp oturmaň J

  1. Pes rezolusiýa: 7’’-lik planşetlerde täze standart, Nexus 7 saýasynda 1280×800’e galdy. 10’’-lik planşetlerde bolsa iPadyň Retina ekrany (2048×1536) ýokary hilli standart getirdi. Android planşetlerde Asus Transformer Pad Infinity we Acer Iconia Tab a700, HD rezolusiýa berýär. El telefonlarynda bolsa iň az 960×450 rezolusiýasyny almagyňyzy maslahat berýän. Ýöne elbetde 1280×720’lik ekran has “betje” bolar. 480×320 piksel resolusiýa berýän telefonlardan uzagrak duruň, sebäbi beýle telefonlarda ýazgy we suratlary dowamly ýakynlaşyp görmeli bolarsyňyz.
  2. Güne çykaňda görünmeýän ekran: Satyn aljak bolýan enjamyňyzyň güniň aşagynda nähili görünýandigine hem seretmegi maslahat berýän. Meselem Super AMOLED ekrany bilen öwünýän Galaxy S III günüň aşagynda gowy hyzmat edip bilenok.
  3. Dik görüş derejesi: Eger bir noutbukyň ekranyny görmek üçin 30 gradus egýän bolsaňyz, ol enjamdan uzak duruň. Planşet we el telefonlarynda görüş derejesi möhüm däl diýip pikirlenmäň, telefonyňyzy maşynyňyzda GPS edip ulanjak bolsaňyz sizi kyn ýagdaýda goýup biler. Planşetlerde bolsa ýanyňyzdaka birzat görkezjek wagtyňyz sizi masgara edip biler.
  4. Ak reňkler Ak däl: AMOLED ekranlardan uzak durmagyňyzy maslahat beremok, ýöne ekranyňyzyň ak reňkleri gögümtik bir reňk ýaly görünmesi işdäňizi ýapyp biler. Muny barlamak üçin web brouzeriňizden “about:blank” adresine girip barlap bilersiňiz.
  5. Parlaýan ekranlar: Satyn almak isleýän enjamyňyzyň ekranyna seredeniňizde, ekrandakylarda beter arkaňyzdaky “owadan arassaja otagyňyzy” görýän bolsaňyz, diýmek ekranyň hili pesdir.
  6. Sensor ekranlarda görülýän “setka” ýaly çyzyklar: Ekranyňyzda şeýle çyzyklar görýän bolsaňyz, şonça pul töläp alanyňyzdan soň keýpiňizi gaçyryp biler.

Taýýarlan: Azat Rahmanow

Tilsimat Topar – Administrator

 

Gyzykly makalalar

2 teswir

Gara 14.09.2012 - 07:38

Gowy maglumat. Minnetdar.

jogap
Atajan Gurbanow 29.03.2013 - 07:49

iPad mini nadip kampyyuterden aydym geçirmeli bilyan bolsan aydayda

jogap

Teswir ýaz

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.