Telefonyňyzyň hemme funksiýasyny bilýäňizmi?15

10.16.2010

IMEI (seriýa nomerleri) görkezmek

Bu nomerleriň saýasynda ogurlyk ýada yitiren wagtyňyzda telefonyňyzy IMEI nomerler arkaly tapyp bolyýar. Telefonyňyzyň IMEI nomerini şu kod arkaly bilip bolýar:

KOD:
*#06#

Maslahat:IMEI nomerlenizi bir yerik bellap alyn!

Sony Ericsson: Gizlin serwis-menýularny açyga çykarmak

Telefonuňyzda şu kody barlap görüň:

> *<< * < *

Şu kody yazsaňyz gizlin serwisleri gorersiňiz. Bu ýerdäki uludyr kiçidir belgileri bolsa joystickdäki ugurlary gorkezyär. (> =  →   :::::  <  = ←)

Samsung:

Samsung ulanýan ildeşlerimize şu aşakdaky kodlary barlap gormegini maslahat berýärin.

*#9999*, *#9999#, *1234#, *#1234# yada *#1234*

Nokia: Garantiýa wakasyny açyklamak

Kod: *#92702689#

Maslahat: bu kody ulananyňyzdan soň telefonuňyzy öçürip ýakyň!

Ýokardaky kod arkaly teliňiziň haçan ýasalandygny we satylandygny öwrenip bilersiňiz.

Nokia: Öz seriýa nomerni görmek

Nokialar IMEI seriýa nomerinden başgada öz artykmaç belläp alýan seriýa nomerleri bardyr.  Görmek üçin aşakdaky kody barlaň!

Kod: *#7760#

Nokia: WLAN MAC-adresini öwrenmek

Nokiada MAC-adresi öwrenmek üçin kod:

Kod: *#62209526#


Nokia: Noldan başlatmak (Restart)

Eger hiçbir hereket telefonuňyzy düzeltmese käwagtlar noldan (restart) başlatmak peýdaly bolup biler. Bu kody ulansaňyz hemme zat başdakysy ýaly bolar.

Kod: *#7370#

Dowamy Bar…

Ýazan: Pudak Nurberdiýew

  1. Turkmenka

    10.18.2010

    > *<< * < *,Kod: *#62209526# yene de kabirlerini barlap bolanoga? o name un?

    Jogap ber
  2. Maral

    10.19.2010

    Nokiankylara işleya, barlap gördün. Sagja bol Pudak ;)

    Jogap ber
  3. Negro

    10.19.2010

    Gül ýaly işleýär Turkmenka. Menem başda başarmadym. Täzeden synan.

    Jogap ber
  4. Pudak

    10.19.2010

    Turkmenka eger telin original bolsa isleyarmika diyyan. olam dal bolsa onda kabir telefonlarda ishlaman biler. @ Maral sanada sag bol. @ negro sen Negrodayy my ya baskasymy?

    Jogap ber
  5. Turkmenka

    10.19.2010

    aha sagja bolun Maral, Negro, Pudak, yene yene barlap gorerin ozumin tel bolmasa bashga tel-da ;)

    Jogap ber
  6. Admin

    10.19.2010

    Pudak ilki aytmaly barde men bu makalany yazan oglan diyip:)

    Jogap ber
  7. Merdan

    10.21.2010

    Pudaaaaakkkkk dowamyna garaşyas. haçan goyjak??? Gowja eken. ;)

    Jogap ber
  8. Nurana

    10.30.2010

    sagjabol :)

    Jogap ber
  9. Negro

    11.26.2010

    @Pudak, hawa men şol Negro_daýyň :D

    Jogap ber
  10. se7en

    12.17.2010

    free template.

    Jogap ber
  11. Okyjy

    12.29.2010

    Siziň ýazan zatlaryňyz halkymyza uly kömek bolar sebäbi tel oňarýan diýýän moşennikleriň syryny açýaňyz. Goý olaram işlesin bahalary elýeter bolsun. Haýyr işleriňiz rowaç bolsun! Berekella hemmäňize!

    Jogap ber
  12. Okyjy

    01.31.2011

    Nokiany prosiwkasyna phoeniks (jaf) programma gerek. Samsungy prosiwkasy nahili. Prosiwkan exe faylynyn ikonkasynyn suratynam goysanyz.

    Jogap ber
  13. Serdar

    03.11.2011

    Salam seret sen iň gowysy как прошить nokia modelyny ýaz(meselem N96 we ş.m.) i saňa gerek bolan maglumatlary çykaryp berer ine şu saňtdan gözläp gör hany kömegi deger belki
    http://allnokia.ru/firmware/
    kömegi deger diýip umyt edýän

    Jogap ber
  14. arslan

    10.29.2012

    Samsung *#1111# , yada *#2222# we *#1234#

    Jogap ber

Jogap ýaz