Ýaponlar mobil rewolýusiýasyny golaýladýarlar0

04.16.2010

Sharp dünýä belli oýlap tapyjy kompaniýadyr. Onuň hünärmenleri, mysal üçin, gelejegiň gaty bir üýtgeşik boljak gadžetleri(enjamlary) taýýarlaýarlar. Mundan başga-da, olaryň oýlap tapan zatlaryň arasynda örän dürs görkezýän telewizor hem bar.

Indi bu öňde baryjy ýapon kompaniýasy mobil(ykjam) enjamlaryň bazarynda rewolýusiýany golaýlatdy, ýagny olar üçin ýörite äýnek geýmezden ulanyp bolýan 3D-ekranlary döretdi.

Bu täze displeýleriň diagonaly 3,4 dýuýma deň. Olaryň aýratynlygy – iki ölçegli we üç ölçegli şekilleriniň ikisini hem görkezmäge ukyplylygy. Esasy zat bolsa, şekilleri görmek üçin ýörite äýnek geýmek gerek däl.

Sharp kompaniýasy bu mobil enjamlar üçin niýetlenen ajaýyp displeýleri şu ýylyň ahyryna çenli öndürijilige goýberer. Olaryň bahasy we olary özünde ulanjak gadžetleriň bahasy belli däl.

Ýazan: Nury Meläýew

Jogap ýaz