E-Pub näme? Elektroniki kitap okamada täze döwür başlaýar3

05.26.2013

mh_e_kitapE-PUB iňlis dilinde “E-Book Publish” – Elekronik Kitap Neşiri manysynda ulanylýar. Bilişimiz ýaly köpümizde akylly telefonlar ýada planşetler bar. Gynansakda käbirlerimiz bu enjamlary diňe oýun oýnamak üçin ulanýar, nähili peýdaly işler edýänligi hakynda köp zat bilmizok. Bu tehnologiýalaryň saýasynda ýanymyzda kitap göterip okamak döwri gutardy, Epub tehnologiýasy bize akylly telefonlarymyzda, planşetlerimizde hatda kompýuterlerimizdede kitap okama mümkinçiligi berýär.

E-kitabyň formaty .epub, esasan hem Android, iOS, Blackberry ýaly mobil operasiýon sistemalarynda programmalar arkaly aňsatlyk bilen okap bolýan kitap formaty. PDF formatyna meňzeş diýseň hem boljak. Bu kitaplary nädip alyp okap bolýar? Android telefon ulanýanlar üçin Graphilos Studionyň döreden “ePub Reader for Android” programmasy örän ykjam çözgüt. iOS ulanýanlar NeoSoar kompanýasynyň döreden “NeoSoar eBooks, PDF & ePub reader” programmasyny ulanyp biler. BlackBerry ulanyjylary hakda köp ýerde maglumat berilenok, men ýalylaram ýetim çaga ýaly seredip galýar. Olaram ýatdan çykaramyzok, iň gowusy BlackBerry janköýerlerinde bar :) Zoebali Maknojia  kompaniýasynyň Aidiko Book Reader programmasy size iň gowy çözgüdi ýetirýär. Bu programma şol bir sanda Androitdede bar. Iňlis we Türk dilini bilýänler üçin aşakdaky sepden Stewe Jobsyň kitabyny alyp okap bilersiňiz, bu kitabam menden bolsun :)

E-kitap Stewe Jobs

Türk Dilinde: http://goo.gl/4V3yp

Iňlis Dilinde: http://goo.gl/gEu88

Bellik: Bu makalany kitap okamagy durmuşynda endik edinen, hormatly dostum Wepa Begmanow-a bagyşlaýaryn.

Azat Rahmanow

Tilsimat.NET Administrator

  1. Wepa

    05.26.2013

    :) sag ja bol Azat aga! Minettar. Ahli işinde üstünlik arzuw edyan.

    Jogap ber
  2. batyr

    05.27.2013

    Inlis dilinde diyip goyan kitabyn inlis dilinde dal yaly (nabelli dil).

    Jogap ber
  3. Azat Rahmanow

    06.06.2013

    @batyr düzedildi. köp sagbol :)

    Jogap ber

Jogap ýaz