Paýlaşmagyň iň aňsat usuly: “BitTorrent”1

05.17.2010

Internetde aýdym, film, surat ýa-da başga faýllar paýlaşylanda, adaty ýagdaýda şeýleräk shema ulanylýar: paýlaşylýan faýl serwera goýulýar hem-de şol faýldan peýdalanmak isleýänler Internet arkaly şol faýly öz kompýuterlerine alýarlar. Ýagny, faýl serwerde durýar we ony almak isleýänler faýly diňe bu serwerden alýarlar. Serweri 24 sagatlap Internete çatyp saklamak hem-de onuň üsti bilen faýl paýlaşmak gymmat bolanlygy sebäpli, soňky döwürler paýlaşmagyň täze usuly tapyldy.  Bu usulyň ady “BitTorrent”. Bu usulyň gowy tarapy – serwere mätäç bolmanlygyňyzdyr. Eger kompýuteriňiz Internete çatylan bolsa, hem-de kompýuteriňizde “BitTorrent” protokoly bilen işleýän programma bar bolsa, islän faýlyňyzy paýlaşyp bilýärsiňiz.

Internet belkem, dünýäniň iň tiz özgerýän tehnologiýa ugrudyr. Bu makalamyzda Internetde faýllary paýlaşmagyň täze usulyna syn berýäris…

Bu usulyň ýene bir tarapy, ol hem, “Laçyn. mp3” diýen faýly paýlaşdyňyz, bu faýly ilkinji alan adam faýly durşuna siziň kompýuteriňizden alýar, 2-nji alýan adam bolsa faýly siziň kompýuteriňizden hem-de 1-nji alanyň kompýuterinden alýar, ýagny, bu faýly paýlaşmagyň ýüküni 2 bolup bölüşýärsiňiz. Faýly alýan her adam şol bir  ada faýlyň alan bölejigini paýlaşyp başlaýar. Internetde “BitTorrent” saýtlaryna girseňiz, almak isleýän faýlyňyzyň ýanynda “S” hem-de “L” harplaryny görersiňiz. “S”  (Seeder) harpy almak isleýän faýlyňyz dolulygyna näçe adamda bardygyny, “L” (Leecher) harpy bolsa almak isleýän faýlyňyzy şu wagt näçe adamynyň alýandygyny görkezýär. Ýagny, S=20, L=15 bolsa, bu faýly 20 adam öň alyp, paýlaşyp başlandyklaryny, 15 adam bolsa bu faýly şu wagt alýar diýen many çykýar.

Zaman – Türkmenistan

BitTorrent programmasyny bu  ýerden alyp bilersiňiz.

  1. Merdan

    05.18.2010

    Gowy sistema, ulanyp gördüm. Türkmenlerinem torrent sistemasyny doredp bilsek. :))

    Jogap ber

Jogap ýaz