Zarýadsyz işleýän telefon0

02.14.2010

Dünýäde öýjükli telefonlary öndürmekde iň uly kompaniýasy bolan Nokia, batareýa şeýle hem zarýad bermegiň derdini ýok etmek üçin deregine täsin bir telefon döretdiler.

Daizi Zheng tarapyndan oýlanyp tapylan telefon, litiý-ion batareýanyň deregine uglewod batareýi bilen işlär. Metbugat habarlaryň berýän maglumatyna görä kola we şoňa meňzeş süýji tagamly suwlar telefon üçin suwuk ýangyç bolup hyzmat eder. Turba şeklindäki telefonyň ätiýaçlyk çelegine kola guýlandan soňra, onuň içinde himiki reaksiýa geçip elektrik energiýasyna öwürýän mehanizm işläp başlaýar. Suwuklyk mehanizmiň esasynda ýangyç serişdesine öwrülip, öýjükli telefona zarýad berer. Suwuk ýangyjy ulandygyça reňki üýtgäp başlaýar. Suwuň içinde şekeriň mukdary azaldygynda suwa meňzeş dury suwuklyga öwrülýär. Güýji gutaran telefonyň ätiýaçlyk çelegini boşadyp, täzeden kola we şoňa meňzeş suwuklygy guýmak bilen siz kynçylyksyz telefonda gürleşmegi dowam etdirip bilersiňiz.

Jogap ýaz